Gadymy Hytaý

Gadymy Hytaý.

1.Tebigy şertleri we ilaty.

2.Hytaýda ilkinji döwletleriň döremegi.

3.Hytaý Sin we Han nesilşalyklary döwründe.

4.Gadymy Hytaýyň medeniýeti.

1.Hytaý ýurduny hytaýlylar Çžun Go (Merkezi patyşalyk) we Çžun Hua (Merkezi gülleýän) diýip atlandyrýarlar. Ýakyn Gündogar we günbatar ýewropa ýurtlarynda ony “çin” diýen täjik – pars sýarlar. Bu söz gadymy Sin patyşalygynyñ (b.e. öñ III a) adyndan gelip çykýar. Ykdysady we geografiki aýratynlyklary esasynda häzirki Hytaý gündogar we günbatar böleklere bölünýär. Günbatar Hytaýda Gimalaý, Kullun , Týan – Şan dag ulgamlaryny öz içine alýan giñ tekiz daglyklar bar. Beýikligi sekiz kilometre ýetýän Gimalaý dag gerişleri Hindistan bilen Hytaýyñ arasynda tebigy päsgelçilik döredýär. Gündogar Hytaýyñ köp ýerini çöketlikler , düzlükler we olara ýanaşýan orta ululykdaky daglyklar tutýar. Gündogar Hytaýyñ tebigy şertleri has amatly. Şonuñ üçinem hytaýlylaryñ iñ gadymy ekerançylyk medeniýeti , ilkinji swilizasiýalary, döwletleri şo taýda döräpdir.

  Hytaýda  köp derýalar  bolup,  olar günbatardan  gündogara  tarap akýarlar. Esasy derýalary  Huanhe we Ýanszy. 

Gadymy döwürde Hytaýyñ köp ýeri tokaýlyk bolan. Gazma baýlyklary kän eken. Deñizleri we kölleri balyga baý bolupdyr.

Gadym wagtlarda hem Hytaýyñ ilaty häzirkisi ýaly birmeñzeş bolmandyr. Hakyky hytaý taýpalary şan, sýa, çžou dagylardan başga-da olara garyndaş sin-tibet taýpalary , mongol, türk we mançžur – tungur dil toparlaryna degişli taýpalar hem ýaşapdyrlar. Çeşmeleri. Hytaýyñ gadymy döwrüni öwrenmekligi ýeñilleşdirýän ýagdaýlar bar. Bu ýerde b.e. öñ II müñýyllykda hat – ýazuw ýüze çykyp, ol özüniñ esasy görnüşini häzir hem ýitirmändir.

Hytaý dili babatda-da şeýle. Gadymy Hytaý ýazgylarynyñ käbirleri asyl nusgasynda biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Hytaýda hatyñ süñklere , gap-gaçlara , agaç tagtalara , ýüpek matanyñ ýüzüne ýazylan görnüşleri duş gelýär. Hytaýda b.e. öñ I asyrda kagyz oýlanyp tapylypdyr.

Hytaý taryhynyñ has irki döwrüne degişli Bambuk annallary (ýyl ýazgylary) taryhy çeşme bolup durýar. Onda b.e. öñ 776 ýylda bolan güntutulmasy hakynda gürrüñ edilýär.

Konfusiniñ (b.e. öñ VI a) “Çun Sýu” (“ýaz we güýz”), Sma Sýanyñ (b.e. öñ Iia) “Şi Szi” (“Taryhy ýazgylar”) diýen işleri , b.e. I asyryna degişli ýyl ýazgyçylaryñ maşgalasy tarapyndan düzülen “Birinji (uly) Han dinastiýasynyñ taryhy” işi, dürli traktatlar, halk döredijiligi we ş.m. esasy taryhy çeşmelerdir.

Taryhnamasy. Orta asyrlarda Hytaý baradaky düşünjeler syýahatçylaryñ berýän maglumatlary bilen çäklenipdir.

XVI asyrdan ýewropa missionerleri we täjirleri Gündogar Aziýa bilen köp gyzyklanyp başlaýarlar. 1585 –nji ýylda portugaliýaly Mendozanyñ ýazan “Beýik hytaý halkynyñ taryhy” diýen işi peýda bolýar. XIX asyrda fransuz hytaýşynasy E.Şwann Syma Sýanyñ “Taryhy ýazgylaryny” terjime edýär. . Hytaýyñ taryhyny öwrenmekde rus alymy N.Ýa. Biçurin (monah Iakinf) hem köp işler edipdir.

2.B.e. öñ II müñýyllykda Huanhe derýasynyñ boýunça Şan taýpasy ýokary göterilýär. Ol özüne beýleki taýpalary hem boýun egdirýär. B.e. öñ XVIII asyrda Çen Tan tarapyndan Şan döwletiniñ düýbi tutulýar. Bu döwlet b.e. öñ XII asyra çenli dowam edýär. Şan döwletini goñşulary In diýip hem atlandyrypdyrlar.

Bularyñ esasy gurallary daşdan, süñkden, misden, bürünçden ýasalan. Ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ilkinji ýazuw belgileri bolupdyr. Ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar. Hünärmentçilik, keramika kämilleşipdir. Söwda ösüpdir. Kauri balykgulaklary pul deregine ulanylypdyr. Söwda aragatnaşyklary , esasan Gündogar Aziýa bilen alnyp barylypdyr. Şu döwürde emläk deñsizliginiñ we gulçulygyñ bolandygyny taryhy çeşmeler subut edýär. B.e. öñ XIV asyrda Şan şäheri ýurduñ paýtagtyna öwrülýär.

Işlenip bejerilýän ýerler obşinanayñ elinde bolup, onuñ 9-dan 1 bölegini obşina baştunanyna (soñra patyşalara) beripdirler.

Patyşany “asmanyñ ogly” diýip atlandyrypdyrlar. Şan (In) döwleti berk bolmandyr. Ýurtda boýun egdirilen taýpalar gozgalañ edipdirler. Çžou taýpasynyñ serdary U Wan Şan nesil şalygynyñ soñky wekili Şou Sini ýeñýär we täze Çžou (taýpanyñ we nesilşalygyñ ady) patyşalygynyñ düýbüni tutýar. Bu döwlet b.e. öñ XII asyryñ ahyryndan b.e. öñ III asyryñ ortasyna çenli dowam edýär. Bu döwür ikä bölünýär: Günbatar Çžou döwri (paýtagty Hao şäheri) we Gündogar Çžou (paýtagty Zoi şäheri) . B.e. öñ IV asyrda Çžou nesilşalygynyñ täsiri pese düşýär we “Göreşýän patyşalyklaryñ döwri” başlanýar. Bu döwürde 7 sany döwlet birleşmeleri ýokary galyp, olar merkezi häkimýete boýun egmändirler.

3.Ýurduñ täzeden birleşdirilmeginde günbatarda ýerleşýän Sin patyşalygy esasy rol oýnapdyr.

B.e. öñ Iv asyrda Sin patyşalygynda döwlet işgäri Şan ýanyñ özgerdişleri netijesinde goşuny täzeden gurnamak uçin ägirt uly serişdeler ýygnalýar. Bürünç ýaraglar demir bilen çalşyrylýar. Söweş kolesnisalary (arabalary) atly goşun bilen çalşyrylýar. Berk tertip düzgün , sowgat-sylaglar ulgamy girizilýär.

Ýart In Çženiñ patyşalyk eden wagty (b.e. öñ 246-210 ýý) doly birleşdirilýär. Ol b.e. öñ 221-nji ýylda imperator (huandi) derejesini alýar we özüni Sin Şi huandi (Siniñ ilkinji imperatory) diýip atlandyrýar. Ol demirgazykdaky çarwalardan goranmak üçin beýikligi 10 metr, uzynlygy 4000 km bolan Beýik Hytaý diwaryny gurdurýar. Içerki syýasatynda Sin Şi huandi ýurdy 36 welaýata bölýär. Köne han-begler dolandyryşdan çetleşdirilip, gözegçilik astyna alynýar.Girizilýän täzeliklere garşy çykýandygy üçin 460 konfusiançy – alym jezalandyrylýar. Imperatorlar köne düzgünler wagtyndaky filosofiki we taryhy edebiýaty ýakdyranmyş. Sin Şi huandi ölensoñ daýhanlar gozgalañy başlanyp, oña oba kethudasy Žýu Ban baştutanlyk edýär. B.e. öñ 207-nji ýylda ol Sin nesilşalygynyñ soñky wekilini tagtdan düşürip , Birinji ýa-da Uly Han nesilşalygyny esaslandyrýar. Ol ýurduñ merkezleşdirilişini dikeldýär. Sin nesilşalygy wagtynda ejir çekenlere kömek berýär.

Imperator U Diniñ döwründe basybalyjylykly daşary syýasat netijesinde günbatarda Zob – Nor, soñra 102-nji ýylda Fergana çenli, günortada Hindihytaýyñ demirgazyk böleginde , demirgazyk – günbatarda bolsa Koreýanyñ bir böleginde Han nesilşalygynyñ häkimýeti ýaýraýar.

U Di ölensoñ, ýurtda ýagdaý ýitileşýär. Ýerler iri ýer eýeleriniñ elinde jemlenýär, daýhanlar tozýar, bergidarlyk gulçulygy ýokarlanýar.

B.e. öñ I asyryñ ahyrynda ýagdaý has-da ýitileşýär. Käbir durmuş özgerdişler arkaly ýagdaýy ýumşatmak işlän imperatorlaryñ birem häkimýeti güýç bilen basyp alan Wan Mandyr (9-25 ýý). Ýöne onuñ özgerdişleri şowly bolmaýar. Şonuñ üçinem oña garşy gozgalañ turýar.

B.e. öñ 18-nji ýylynda has iri hereket Şandunda başlanýar. Gozgalañçylara Han nesilşalygynyñ tarapdarlary hem goşulýarlar. Gozgalañyñ baştutany Fan Çun gozgalaña gatnaşyanlara goşlaryny gyzyl reñke boýamagy buýurýar. “Gyzyl gaşlylar” ady şondan döreýär. Gozgalañçylar Han patyşalygynyñ merkezi Çanany eýeläp. Wan Many öldürýärler. (B.e. 23 ý)

Han nesilşalygynyñ wekilleri Lýu Sýu diýen wekilini imperator edýärler. Şeýdip häkimýet başyna Kiçi Han nesilşalygy (25-220 ýý) gelýär. Zýu Sýu gullary köpçülikleýin azatlyga goýberýär, salgytlary peseldýär. Gullary öldürmek, tagmalamak gadagan edilýär.

Wagtlaýýnça asudalykdan soñ , Han imperiýasy ýene-de basybalyjylykly syýasat ýöredip başlaýar. Hytaý serkerdesi Ban Çao ilki gunnlary ýeñip, 90-njy ýylda Kuşan döwletine güýçli zarba urýar.

Han nesilşalygy wagtynda günbatar ýüpek ýoly bilen Orta Aziýa we Parfiýanyñ üstünden geçip, hytaý harytlary Rime barypdyr. Hytaýa bolsa ýewropa we günbatar aziýa harytlary getirilipdir. II asyrda ilkinji gezek rim ilçihanasy barada agzalýar. Günortada hytaýlylar Hindistanyñ üsti bilen Hindistana aralaşypdyrlar. Gündogarda hytaýlylar Ýaponiýa bilen deñiz aragatnaşyklaryny ýola goýyarlar.

II asyryñ ahyrynda Hytaýda täze gozgalañ bolýar. Ol “Sary dañylylaryñ” gozgalañy diýip at alýar. Gozgalaña Çžan Çžýoa we onuñ iki dogany baştutanlyk edýär we 20 ýyldan gowrak dowam edipdir. Gozgalañ basylyp ýatyrylan hem bolsa, Han nesilşalygy 220-nji ýylda üç patyşalyga dargaýar.

4.Hytaýda iýeroglifleriñ sany gitdigiçe artypdyr. Hytaý edebiýatynda dini däpler güýçli duýulýar. Ata-babalaryñ ruhlaryny hormatlamak uly ähmiýete eýe bolan.

  Adatdan daşary güýji bolan gahrymanlar hakynda köp hekaýatlar düzülýär. 

B.e. öñ I müñýyllygyñ ortalaryna Hytaýda dürli filosofiki mekdepler ýüze çykýar. Şolaryñ birem Filosof Kun – szy (b.e. öñ 551-479ýý) tarapyndan esaslandyrylan konfusiançylykdyr. Ýene bir mekdebem Zao-szynyñ esaslandyran daosizm mekdebidir. II asyrda Hytaýa Hindistandan buddizm aralaşyar. Rowaýata görä ilkinji buddizm sutralary Hytaýa ak atyñ üstünde getirilipdir. Şoña baglylykda Zoýanda häzirki wagta çenli saklanyp galan “Ak atyñ ybadathanasy” bina edilipdir. IV-VI asyrlarda sutralar hytay diline terjime edilip, buddizm Hytaýda giñden ýaýrapdyr.

Gadymy hytaýlylar saz sungatyna uly üns beripdirler. Hytaýda “Sözler aldap biler adamlar bolşuny gizläp biler diñe saz ýalan sözlemäge ukypsyzdyr” diýen pähim bolupdyr. Hytaýyñ saz gurallary üç topara bölünipdirler: kirişli, üflenýän, urlup çalynýan saz gurallary. Gadymy Hytaýyñ şäher gurluşygynyñ nusgasy paýtagt (Han imperiýasynyñ) – Çanýan şäheri bolupdyr. Onuñ töweregi on iki derwezeli diwar bilen gurşalypdyr. Iñ beýik jaýlar imperatoryñ köşgi bolan Han döwründe şekillendiriş sungatynda portret suratlary çekmek has meşhur bolupdyr.

Hytaýda tebigat bilimleri hem ösüpdir. B.e. öñ II asyrda “Matematika dokuz kitapda” diýen iş çap edilipdir. Astronomiýa degişli işler Syma Sýanyñ Ban Gunyñ işlerinde bolupdyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

AlloKoreýa RespublikasyŞeýdaýyMagtymguly Pyragynyň guburyTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiLondonBiologik görnüşTürkmengala etrabyAngliýaDessanlarMatallarVK.comDöwletlerProstatitHindistanGeografiýaKöýtendag goraghanasyAgsak sereGadymy HindistanAnnaberdi AtdanowTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriGarynjaEllinçilik döwletlerGazagystanEýran Yslam rewolỳusiỳasyBirleşen Milletler GuramasyTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarÇiliBathyz goraghanasyOrazaXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiSanlar teoriýasyBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerRotawiruslarNamazSaady ŞirazyNilMurgap etrabyKinoWektor ululyklarTürkmen Tagamlery, PalowGawunGurbannazar EzizowMuhammet Jelaletdin RumyWatikanDüýedarçylykDifferensial deňlemelerNurmuhammet AndalypHimiki elementleriň periodik ulgamyGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyBaskin-RobbinsFutbol boýunça klub dünýä çempionaty-2025GarajaoglanTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiTürkmenistanyň gözel tebigatyÖsümliklerBiosferaMongoliýaAltyn Asyr GSMDegişmelerMustafa Kemal AtatürkWenesuelaTürkmenistanyň gerbiJelaleddin MeňburunBaýram namazyGünbatar AziýaDurdy GylyçWi-fi tehnologiýasyŞweýsariýaSüýjülik (kesel)Mary welaýatyndaky etraplar we şäherlerPi­ra­mi­da­ (binagärlik)KädiTürkmen filmMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Türkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamy🡆 More