Altyn Asyr Gsm

Altyn Asyr Öýjükli Aragatnaşyk Kärhanasy - Türkmenistanda mobil aragatnaşygy TM Cell brendinde hyzmat edýän öýjükli aragatnaşyk kärhanasy.

2011-2012-nji ýyl aralykda we 2017-nji ýyldan şu güne çenli MTS Türkmenistan ýapylandan soň, Türkmenistanda mobil aragatnaşygy üpjün edýän ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.

Altyn Asyr Gsm
Tipi Ýapyk Paýdarlar jemgyýeti
Dörän ýyly 2004
Ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheri, Türkmenistan
Önümi Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary
Arassa girdeýji Belli däl
Müşderi sany 5 million 500 müň müşderi..
Saýty www.tmcell.tm
Altyn Asyr Gsm
SIM-kart

Umumy maglumatlar

Kärhananyň esasy funksiýalary şulardan ybarat:

  • Müşderileri mobil öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmek;
  • Öýjükli aragatnaşyk kanallary ulanmak we olaryň işjeňligini üpjün etmek.

Operatoryň müşderilere ses aragatnaşykdan daşary SMS, MMS we GPRS hyzmatlary hem elýeterli.

Taryhy

2004

«Аltyn Asyr» kompaniýasy - Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň kärhanasy döredildi. Kompaniýa GSM standartynyň öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň agzasy boldy, ol ýerde 438 02 indeksli «ТМ CELL» öýjükli aragatnaşyk ulgamy hasaba alyndy. 2005, aprel

Aşgabatda öýjükli aragatnaşygyň milli ulgamyna ilkinji ýarym müň müşderiler birikdirildi. Sygymlylygy 50000 belgili enjamy «Siemens AG» nemes kompaniýasy getirdi. 2010

«Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory ilkinji bolup Türkmenistanda UMTS standartyň 3G üçünji görnüşini ulanyşa girizdi. 2010, aprel

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşygy ulanýan müşderileriň sany ýarym milliona ýetdi. 2012

«Аltyn Asyr» Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda halkara roumingiň hyzmatlaryny edýär. Rouming ylalaşyklary iri daşary ýurt operatorlary, şol sanda Wympelkom («Beeline» söwda nyşany: Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ermenistan, Gazagystan), МTS (Russiýa, Belarussiýa, Ukraina, Ermenistan), T-Mobile (Germaniýa), Vodafone (Katar), MegaCom (Gyrgyzystan) we beýlekiler. 2012, oktýabr

«Altyn Asyr» 3 milliondan gowrak adama hyzmat edýär. 2012-nji ýylyň 18-nji oktýabry

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 217-nji jaýy salgysy boýunça “Altyn Asyr” kompaniýasynyň täze binasy açyldy. Täze binanyň umumy meýdany 10 müň inedördül metre golaý. Ol ýerde aşakdakylar ýerleşdirildi: poçta; telegraf; öýjükli, şäher we halkara aragatnaşyk, hyzmatlary şeýle hem internet üçin töleg kassalary; internet-kafe; gije-gündiz sorag-jogap gullugy; müşderilere hyzmat ediş merkezi.

2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekmek bilen, “Altyn Asyr” döwlet kompaniýasyna Huawei, NokiaSiemensNetworks kompaniýalary bilen telekommunikasiýa enjamlaryny satyn almak we gurnamak hakyndaky şertnamalary baglaşmaga rugsat etdi. Ondan başga-da, “Wostoçnyý weter” kompaniýasy bilen hem ACP Easwind hasaplaşyklar ulgamynyň müşderi ygtyýarnamasynyň göwrümini artdyrmak, öýjükli aragatnaşygyň goşmaça hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin tehniki kömegi etmek hakynda şertnamalar baglaşyldy. Bu çäreler TMCELL öýjükli aragatnaşyk ulgamyny giňeltmäge we ilata aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. 2012-nji ýylyň 19-njy noýabry

Türkmenistanyň Prezidenti öýjükli aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrligine “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgetmegi we kesgitlenilen tertipde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegi tabşyryk berip, Karara gol çekdi. 2013-nji ýylyň 3-njy ýanwary

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýeti döredildi. Aragatnaşyk Ministrliginde Ykdysadyýet we ösüş Ministrliginiň, maliýe Ministrligiň, Ýokary gözegçilik palatasynyň, Merkezi bankyň, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijileriň Maslahatynda, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň «Аltyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek we «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli Paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda karar kabul edildi. Maslahatyň dowamynda dörediş şertnamasyna gol çekmek, täze kärhananyň tertipnamasyny we maýalyk goruny tassyklamak, şeýle hem baş direktory, direktorlar maslahatyny we derňew toparyny saýlamak bilen bagly birnäçe meselelere seredildi.

3G

2010-njy ýyldan başlap "Altyn Asyr" ÝPJ-nyň müşderileri UMTS standartda işleýän ulgamy ulanmaklyga mümkinçilik aldylar..

4G

2013-nji ýylyň 18-nji sentýabrdan başlap, "Altyn Asyr" ÝPJ-nyň müşderileri LTE standartda işleýän ulgamy ulanmaklyga mümkinçilik aldylar. .

Bellikler

Sepler

Tags:

Altyn Asyr Gsm Umumy maglumatlarAltyn Asyr Gsm TaryhyAltyn Asyr Gsm BelliklerAltyn Asyr Gsm SeplerAltyn Asyr GsmMTS TürkmenistanTürkmenistan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeNýu-Ýork şäheriTäçmämmet JürdekowBronhitÝunus EmreAfrikaMährijemal Mekandurdyýewna MämmedowaMozahizmAlek­sandr Graýam BellXX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşiGurbannazar EzizowDaýahatyn kerwensaraýyTäze ýyl baýramçylygy dürli senenamalardaÇagry begTürkmensähraHanefi mezhebiGoşma sözlem we ýönekeý sözlemGünorta Afrika RespublikasyTürkmenistanyň gerbiRuhyýet köşgiTürkmenistanyň Merkezi bankyMete hanÇekimsiz harplarDemirgazyk AfrikaBilbil OrazowaAIWGutlug Timuryň minarasyÄrsary taýpasySarahs söweşiMilli medeniýetimiz galkynýar!Türkmenistanyň ykdysadyýetiTürkmenbaşyPars aýlagyFäjrErmenistanSuwBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda türkmen halkynyň medeni mirasynyň we sungatynyň täzeden dikeldilmegiMemluklar döwletiJo BaýdenSalvador DalíGyzamykGörogly etrabyMary sőweşiÝatgynyň miomasyBeýik Mogollar imperiýasyTürkmen halysyMerwTalakGuduzlamaKelle beýnisiItaliýaTürkmenlerParižSakarçäge etrabyNilGýote Iogann WolfgangÄnew metjidiniň ansamblyMüň bir gijeMigel de SerwantesGünorta AmerikaBeýni ýarym şarlaryEne süýdiMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyGijilewük sakyrtgasyPerdeganatlylar otrýadyTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasySosiologiýaJüneýit hanArap elipbiýi«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyTürkmenistan ýol belgileriGün (ýyldyz)Real Madrid CF🡆 More