Alek­sandr Graýam Bell

Alek­sandr Gre­ýam Bell te­le­fo­ny oý­lap ta­pyp­dyr.

Ol Şot­lan­di­ýa­nyň Edin­burg şä­he­rin­de do­gul­ýar. Soň­lu­gy bi­len Bel­liň maş­ga­la­sy Ka­na­da, soň­ra hem ABŞ gö­çüp gel­ýär. Bell bi­li­mi bo­ýun­ça in­že­ner - elekt­rik hem fi­zik hem bol­man­dyr. Ol aý­dym – saz we su­han­wer­lik sun­ga­ty mu­gal­ly­my­ bo­lup iş­läp­dir.

Alek­sandr Graýam Bell
Alek­sandr Graýam Bell
AdyAlek­sandr Graýam Bell
Doglan wagty 3,Mart, 1847
Şotlandiýa
Ölen wagty 2 Awgust, 1922
Käri In­že­ner - elekt­rik hem fi­zik, Alym
Goşantlary Te­le­fo­ny oý­lap ta­pdy

Alek­sandr Bell 1893-nji ýyl­da gep­le­ýiş sy­na­sy­nyň fi­zio­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça Bos­ton uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry bol­ýar. Ol akus­ti­ka­ny, ada­myň gür­leý­şi­niň fi­zi­ka­sy­ny dyk­gat­ly öw­ren­ýär, on­dan soň ses yr­gyl­dy­la­ry­ny ug­rad­ýan en­jam­da tej­ri­be ge­çip baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, ol kem-kem­den te­le­fo­ny dö­ret­mek tag­ly­my­na ýa­kyn­la­şyp baş­la­ýar. Ol eger-­de elekt­rik to­gu­nyň yr­gyl­dy­la­ry­ny dö­re­dip bol­sa, dür­li ses­le­ri ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­jek­di­gi­ne yna­nyp­dyr.

Ba­sym Bell öz iş ug­ru­ny üýt­ged­ýär we bir wag­tyň özün­de bir­nä­çe tekst ug­ra­dyp bol­jak te­leg­raf dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­läp baş­la­ýar. Te­leg­raf dö­ret­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­rin­de ýü­ze çy­kan tö­tän­lik ony ýe­ne-de te­le­fo­ny oý­lap tap­ma­ga alyp ba­ran ha­dy­sa­nyň üs­tü­ni aç­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Bir ge­zek Bel­liň kö­mek­çi­si ge­çi­ri­ji en­jam­dan plas­tin­ka­ny çy­ka­ryp­dyr. Şon­da ka­bul edi­ji en­jam­da Bell şy­gyr­dy eşi­dip­dir. Bel­li bol­şu­na gö­rä, plas­tin­ka elekt­rik zyn­jy­ry­na ut­ga­şyp so­ňam açy­lan eken. Bell bu ýag­da­ýa örän üns­li çe­me­le­şip­dir. Bir­nä­çe gün­den soň­ra se­si ga­talt­mak üçin sig­nal ber­ýän buý­nuz­dan, dep­rek de­ri­den we uly bol­ma­dyk memb­ra­na­dan yba­rat il­kin­ji te­le­fon en­ja­my dö­re­di­lip­dir. Bu en­jam äh­li te­le­fon en­jam­la­ry­nyň baş­lan­gy­jy bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, 1876-njy ýy­lyň 10-njy mar­tyn­da Bos­ton­da (ABŞ) il­kin­ji te­le­fon gep­le­şi­gi Alek­sandr Gre­ýam Bell we onuň kö­mek­çi­si To­mas Uot­so­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­lip­dir. Il­kin­ji öý te­le­fo­ny ine şu­nuň ýa­ly oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr.

Mu­ňa ga­ra­maz­dan A.G. Bel­le we dür­li ýurt­lar­da­ky in­že­ner­le­re, te­le­fon ara­gat­na­şy­gy hä­zir­ki gör­nü­şi­ne eýe bol­ýan­ça, onuň üs­tün­de ýe­ne-de köp iş­le­me­li bo­lup­dyr­lar.

Tags:

ABŞ

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriErnest HemigueýGök kitFutbol boýunça dünýä çempionaty-2006Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyEneolit döwriGurbannazar EzizowMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriLiwiýaWirusly gepatitlerSudanTürkmen halkynyň kemala gelmegiMatematikaGaragumTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryNýu-Ýork şäheriGaraşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmelerHimiki reaksiýaSalyrPortugaliýaGowşut HanGazagystanBaýram namazyTürkmenistan birinji jahan urşy ýylaryndaGoşa ýyldyzlarGorkut AtaTürkmenbaşyMoldowaAntiwirusAwstraliýaDon KihotAşgabatda ýer titremegi (1948ý)Gurbandurdy ZeliliTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniSues kanalyHTMLÇärjew etrabyNaryman JumaýewMämmetweli KemineBKontinentMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDEPuluň gelip çykyşynyň taryhyGowşut hanTürkmenistanyň ykdysadyýetiIslam kalendaryTebigatTürkmenlerMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyBirleşen Milletler guramasynyň döredilmegiElektronika we aragatnaşyk inženerligiGadymy Gresiýa taryhyPulÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerTürkmen halysyOtuz iki tohum kyssasyGaragum derýasyTürkmen Tagamlery, PalowGanazlykGülli ösümliklerTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarSaud ArabystanMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerBirinji jahan urşyWarikozÝewropaKazanZynaTürkmenistan ýol belgileriÝaponiýaEýranSurinam🡆 More