Türkmenistan Birinji Jahan Urşy Ýylarynda

Tema: Türkmenistan birinji jahan urşy ýylarynda (1914-1918).

Meýilnama:

1.Türkmen halkynyň sosial-ykdysady ýagdaýy uruş ýylarynda.

2.türkmenleriň uruşa çekilmegi.

3. 1916 ýylyň milli-azat edijilik hereketi.

Peýdalanylan edebiýatlar:

1.Türkmenistan XIX-XX ürkmenistan XIX-XX zýyllyklaryň sepgidinde Aşgabat “Ylham”-1998.

2.Азиатская Россия С.П.Б.,1914, t.1.

3.Советский Союз M., 1971

4.M. Annanepesow Türkmenistanyň taryhyndanmateriallar. (XVIIIasyr-Xxasyryň başlary)

5.Muhammetberdiýew K., Oraz Gylyjow Türkmenistanyň taryhyndan materiallar. 1917-1994 Aşgabat 1997ý.

6. Ковалев П.А. Тыловые рабочие Туркменистана в годы I-ой мировой войны (1916май 1917г.) .Ташкент 1957,с-8

7. Востание 1916 года в Туркменистане. Документы и материалы Ашхабад 1938

8. Türkmenistanyň SSr-ň taryhy Aşhabat 1960ý.

9.Patyşa Orsýetiň Türkmenistany basyp almagy Aşhabat 1992ý.

Türkmen halky özüniň garaşsyzlygy, azat ýaşamaklygy üçin ençeme asyrlyk taryhy gahrymançylykly göreşleri başdan geçirip, olar özleriniň erkinligi söýüjiligi, batyrlygy we harbylygy bilen tanabytlanypdyrlar.

Saparmyrat Türkmenbaşy hakykatdanam Türkmenistanyň şeýle halk bolanlygy barada “Aziatskaýa Rossiýa” diýen kitapdan hem “bu parahat, zähmetsöýer, özüniň gowy hem-de söýjüligi, dostuna wepalylygy, mylakatly gürleşmäni başarýan halkdyr” diýip ýazylypdyr.

Türkmen halky birnäçe asyrlaryň dowamynda özleriniň bir merkezleşen döwletiniň bolmanlygy sebäpli, goňşe feodal döwletleriň, han-beglikleriň gol asryna düşüp, durmuşyň agyr kulpetlerini öz eginlerinde çeklili bolupdyrlar.

XIX-asyryň 70-80-nji ýylarynda häzirni garaşsyz we bitarap Türkmenistanyň ähli territoriýasynyň Rus umperiýasy tarapyndan basylyp alynmagy bilen türkmen ilimiz iki taraplaýyn: patyşa çinownikleri we şa çinownikleri we erli barly elementler tarapyndan ezilişe sözewar edilýär. Rus sarizminiň Türkmenistanda alyp baran kolonial syýasaty ýyl-ýyldan güýçlenýär. Ol özüniň administratiw dolandyrşyny kolonialaryny ykdysady we syýasy taýdan “özleşdirmek” esasynda amala aşyrýardy. Onuň esasy öňde goýan maksady kolonial ýukelerini ykdysadyýetini rasional “özleşdirmek” hem-de zähmet wematerial resurslaryny netijeli peýdalanmakdy. Şol sebäpden hem patyşa Russiýasy bütün Orta Aziýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da oba hojalygyny ösdürmek üçin her hili çärelere durmuşa geçirmän, ony diňe Rus senagatynyň çig mal öndürýän arassa koloniýasy edip saklamak niýeti bardy.

Rus kolonizatorlary şol niýetlerine etmek üçin türkmen halkyny açyp sütemlere sezewar edip, onuň sosialykdysady ýagdaýyna otrisatel täsirini ýetirip, ösüşden yza goldyrýardy.

Türkmen halkynyň sosial-ykdysady taýdan tolanmaklygy 1914-ýylyň iýulynda birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen has-da güýçlenýär. Munuň esasy sebäbi bolsa, rusiýanyň bu talaňçylykly, adalatsyz urşa taýarlyksyz gelenligidir.

„z döwrüniň iň begtbagtçylykly aýyl ganç uruşlarynyň biri bolan birinji jahan urşy dünýäni ykdysady we syýasy taýdan paýlaşmak üçin iki sany iri kapitalistik birleşmäleriň imperialistik döwletler tarapyndan döredilip, dünýä döwletleriniň 1,5 mlrd adamly 38 döwletini özüne çekipdir. Uruş iki tarapdan hem görülip eşidilmedik mukdardaky ýa-da 74 mln adamy ýaryga ýapyşmaga mejbur edipdir. Diňe rusiyanyn özünden 15 mln adam urşa mobillizlenip, bütin urşuň dowamynda patyşa Rusiýasy 8,7 mln adam ýitgisini çekipdir we şonça adam maýyp-müjürip bolupdyr hem-de saglygyny ýutiripdir.

Patyşa rusiýanyň beýle uly ýitgiler çekmeginiň sebäbi bolsa, urşa harby, ykdysady, oba hojalyktaýdan taşa harby, ykdysady, oba hojalyktaýdan taşa harby, ykdysady, oba hojalyktaýdan taarlyksyz gelenligi bilen düşündirmek bolar. Rus goşunlary özleriniň ýaraglanyşy we tyl üpjünçililigi bilen-de uruşýan döwletleriniň arasynda has gowşak bolup, harby ätiýaçlyk üçin üçin basylyp goýlan zatlaryň bary-ýogy uruşuň ilkinji dört aýyna zordan ýetipdir. ýarag bilen üpjünçiligi has erbet bolup, her üç esgere 1 tüpeňden ýetipdir. Uruşuň başlanan wagtynda harby skladlarda bary-ýogy 4 mln tüpeň bolup, harby zawodlar ýylyň dowamynda 525 müň tüpeň öňdürmäge ukyply bolupdur.

Ýurtda ykdysady tozgunçylygyň möwc urmagy netijesinde ykdysady ösüş örän pese gaçypdyk. Diňe urşuň ilkinji ýylynda çig mallaryň ýangyjyň ýetmezçiligi sebäpli bütin Russiýa boýunça 356 sany kärhana öz işini dowam etdirendigini aňladýar.

Demir ýollar bilen alyp gidilmeli ýükler wagonlaryň ýetmezçilik etmegi we poezdleriň raspisaniýesiniň bozulmagy bilen alnyp gidilmän, senagatda, oba hojalygynda köp kynçylyklary döredipdir. Uruş döwründe has agyr günleri başdan geçirýän. Rus ykdysadyýeti senagaty, oba hojalygy bilen bilelikde onuň kolonial ülkeleriniň ýagdaýy-da agyrdy.

Rus bur¢uaziýasy, Angliýanyň, Fransiýanyň syýasatyna eýerip, uruşuň agramly bölegini özüniň kolonial ulkeleriniň ilatynyň gerdenine bermek isleýärdi. Bur¢uazlaryň we pomeşikleriň guramasy bolan Döwlet dumasynda kolonial ülkeleriň zähmetkeş halkyny ösen imperialistik döwletler tarapyndan alnyp barylýan adalatsyz, talaň çylykly urşa çekmek ýa-da ezilýän halklary uruş maksatlary üçin peýdalanmak barada “beýlekiler halklar (kolonial halk) rus döwletleriň beýleki gra;danlary bilen deň derejede agyr hem hormatlylan borjuny çekmelidir” diýip aýdylýardy. Uruş ýurduň bar býuwdyp, resurslaryny ykdysadyýetde ulyolanuly zyýan ýetirýärdi. Harby çykdajylar milli girdejiniň ep-esli bölegini ýuwdyp, ýa-da 4,3 mlrd manatdan, 7,1 mlrda çenli artypdyr.

Patyşa Russiýasy urşuň ilkinji günlerindäki ýitiren ummasyz ýitgileriniň öwezini dolmak üçin kolonial ülkeleriň, şol sanda Zakaspi oblastynyň bar bolan senagat, oba hojalyk maddy-material, adam güýç¢eriniň ulanmak üçin özüniň kolonial ezişini öňküden-de güýçlendirär.

Imperialistik urşuň dowamynda Türkmenistanyň beýleki ýlkelerindebolşy ýaly, Zakaspi oblastynda-da kolonizatorlar, tarapyndan Rus senagatyny, goşunyny çig mal, azyk önümleri, ýangyç, geýim-gejim bilen üpjun etmek bilen meşgullanýan Nikolaý-II-iň ynamdar adamlary özleriniň talaňçylykly işlerini amala aşyryp başlaýarlar. Olar ilatdan alynýan ähli görnüşdäki zatlary ujypsyzja bahasyna satyn alyp ýa-da salgyt görnüşinde urşa kömek diýip alyp, merkeze ugratmak bilen bolýardylar. Bu talaňçylykly işi şi erine ýetirmekde esasan, hem urşuň ilkinji günlerinde döredilen harby-senagat kommiteti özüniň basarjaňlygyny görkezärdi.

Şeýlelikde, türkmen halky kolonial ezis bilen birlelikde urşuň belasyna-da sezewar edilipdir.

Urşuň ähli kynçylyklarynyň agramly bölegi şol döwürde Trkmenistanyn ilatynyň 85-90%-ni daýhan hojalyklaryň gerdenine diýär.

Urşuň ilkinji ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň ilatyndan şu aakdaky zatlar: düýeleriň, 12 müň 805 sanysy, atlaryň dürli tohumlarynyň 6 müň 872 sanysy, arabalaryň 299 sanysy, telpekleriň 32528 sanysy, dolaklaryň 1 müň 450 jübüti, gora öýleriň 1 müň 650 sanysy, eşekleriň 200 sanysy, kereleriniň 919 sanysy donlaryň 350 sanysy, we beýleki görnüşli zatlaryň 223 müň 189 manatlygy, puluň bolsa 1mln 187 müň 627 manadyny uruş üçin halkdan mejbur ýagdaýda alnypdyr. Şu zatlaryň ilatdan hakykatdan-da zorluk bilenalnandygy şu asakdaky mysalda-da göz ýetirmek mümkin. Uru maksatlary üçin alnyp gidilen düýeleriň 12 müň 805 sanysynyň 2 müň 269 sanysy Mary, Tejen, Krasnowodsk uýezdleriniň ilaty tarapyndan harby maksatlar üçin borç hökmünde tabşyrylypdyr. 9 müň 428 sanysy bolsa Kawkaz goşuny üçin iberilen komissiýa tarapyndan satyp alyp, 1 mün 108 sanysy hem maňgyşlak ilaty tarapyndan urşa mugt berlipdir.

Ilatdan urşa kömek diýlip dürli görnüşdäki ýygymlar ýyl-ýyldan artyp daýhanlar özleriniň gn-güzeranlarlaryny zordan dolandyrypdyrlar.

Imperialistik jahan urşy ýyllarynda diňe bir Tejen uýezdiniň ilatyndan şu aşakdaky zatlar uruş üçin alnypdyr: “Ýerli halkdan 903 sany at, 1067 sany öý satyn alynypdyr. Gelmişek halkdan halkdan bolsa bir sany at satyn alynypdyr. Ilat tarapyndan urşa kömek diýlip 8 müň 662 sany telpek, 22 sany adamy bolsa aty, ýarag-esbaby bilen üpjün edip, teke atly polkyna ýollapdyrlar. 1 müň 450 jübüt ýýly ýüň dolmak, 7 müň 936 pud 25 funt bugdaý, 66 müň 891 manat pul kömegini beripdirler.”

Şeýle köp mukdardaky pul, haryt we beýleki zatlaryň uruş hajatlary üçin ilatdan alynmagy türkmen halky üçin görlü-eşidilmedik kyňçylyklary döredipdir. Uzaga çeken uruş ummasyz derejede pul talap edýärdi, “bary ýogy 91/2 aýynda Russiýa üçin uruş 5 mlrda köp pula durýardy ýa-da her günde uruş 18 mlrd manada barabar bolýardy.”

Uruş ýyllarynda halkyň maddy hal-ýagdaýy gaty agyrlaşypdyr. “Hojalyk üçin gündelik gerek bolan harytlaryň bahasy 1916 ýylda oblastda 300-400% ýokarlanyp, pagtanyň bahasy 1913 ýyl bilen deňeşdirilende bary-ýogy 50% ýokarlanypdyr.”

Oba hojalygyň esasy pudagy bolan pagtaçylyk uruş ýyllarynda daýhan hojalygy üçin örän amatsyz ýa-da düşewüntad bolupdyr.b patya hökümeti pagtanyň satyn alnyşynyň belli bir bahasyny kesgitlenmek üçin 1915 ýylda pagta üpjünçilik komutetini döredýär. Pagtanyň belli bir bahasynyň bellenilmegi hem-de bazar bahasynda arzan bolmagy daýhan hojalyklarynyň umumy girdejisine uly zyýan ýetiripdir.

Uruş sebäpli daşary ýurtlardan pagtanyň getirilmezligi Orta Aziýada pagtaçylygyň ösmegine täsir edipdir. Pagtaçylyga ünsüň güýçlendirilmegi bilen köp ekerançylyk ýerleriniň gowara ekmeklige alynmagy netijesinde “1916 ýylda bütün Orta Aziýa boýunça 748 müň ga ýere pagta ekilipdir”. Biziň Zakaspi oblastynda bolsa, pagtaçylyk erleriniň gektary uruş ýyllarynda 56 müň 409 desýatin (1914 ýylda) bolanlygyndan 1915 ýylda 58000 desýatin bolup, ähli ekilän ekinleriň 32%-ni tutypdyr. “1916 ýylda bolsa pagta ekilýän meýdan 60 müň 362 desýatine ýetirilipdir”.

Şeýle mukdarda gowara ekilýän-de, bolsa, daýhan hojalyklary üçin pagta ösdürup ýetişdirmek amatly bolmandyr, Sebäbi ýokarda belläp geçişimiz ýaly, birinjiden, pagtanyň belli bir satyn alnyş bahasynyň bolmagy, ikinjiden daýhan hojalyklarynyň iş gurallarynyň bolmazlygy, üçünjiden hem daýhanlar alyp-satarlaryň täsirinden entek çykyp bilmeýändikleri sebäplidi.

Uruş ýyllarynda Tükmenistanyň zähmetkeş halky oba hojalygynda diňe bir pagtaçylykda däl, eýsem ol maldarçykylda-da agyr ýagdaýlary başyndan geçiripdir. Birinji jahan urşunda öň oba hojalygynyň (özüniň gymmaty bilen) 30%-ni berýän maldarçylygyň ýagdaýy örän pesdir.

Zakaspi oblastynyň esasy maldarçylyk uýezdi bolan Krasnowodski uýezdinde 1917 ýyla çenli maldarçylyk hojalyklarynyň 34,4-iň, hiç hili maly bolman, ilatyň, deň ýarysynyň hem işçy maly bolmandyr.

Uruş ýyllarynda maldarçylykdan alynýan önümleriň mukdary azalyp daşary ýurtlara önüm çykarmaklyk örän azalypdyr ýa-da hiç hili çykarylmandyr, esasan hem garakäli baganalaryň ýüňleriň daşary ýurtda çykarylmagy bes edipdir. „ň garakäli baganalaryň köp bölegi Germaniýa satuwa çykarylýardy, uruş zerarly bu-da bes edipdir. „ň dünýä belli garakäli baganalaryň içerki bazarda satyn alyş nyrhy-da pese gaçýar. “Uruşdan öň her bir garakäli bagana 12 manatdan satylyan bolsa, soňra uruş ýyllarynda onuň bahasy 4 manada barabar bolupdyr”.

Patyşa çinownikleri Zakaspide maldarçylygy ösdürmek barada aýgytly çäreleri geçirmändirler, gaýtam olary azaltmaklyk bilen bolupdyrlar. Esasan, maýda mallaryň sany ýyl geçdigiçe azalypdyr. Onuň esasy sebäbide, uruşmak satlary üçin oblastyň territoriýasyndan alnyp gidilipdir ýa-da garakäli bagana köp almak maksady guzularyň öldürilmegi bilen düşündirmek bolar. Mysal üçin, “uruş ýyllarynda diňe Zakaspi oblastynyň özünde ýarym milliona golaý guzy öldürilip, 200 müňdende köp gowy sortly bagana alnypdyr.”

Imperialistik uruş maldarçylygyň atçylyk we düýedarçylyk görnüşlerinde-de uly zyýan edipdir. “Bütin oblastyndan 12 mln 805 sany dunýäniň 6 müň 872 sany atyň alnyp gidilmegi” maldarçylykda görülüp-emidilmedik talaňçylykdy.

Dünýä belli ahal-teke atlarynyň urşa alynmagy oblastda şol tohumyň has-da azalmagyna getiripdir. 1916 ýylda Zakaspi oblastynyň däle goýulýan atlaryň ýolbaşçysy Mazan oblastda bar bolan ahal-teke atlaryň ýazuwyny geçiripdir. “Mazanyň düzen spisogy netijesinde şol ýylda (1916 ýylda) arassa ganly ahalteke atlarynyň 2 ýaşly we ondan uly ýaşdakylarynyň Asgabat uýezdinde 446 sanysy, Tejen uýezdinde 126 sany, Merw uýezdinde 55 sany, jemi hem 627 atyň bardygy anyklanylypduyr.”

Ine, şu maglumatlardan çen tutanymyzda, oblastda maldarçylyga uly zyýan ýetirilendigine göz ýetirýäris.

Imperialistik jahan urşy ýyllarynda oba hojalygy bilen bir hatarda oblastyň halk hojalygyna-da uly zyýan ýetirilipdir.

Oblastyň territoriýasynda 210 sany ululy-kiçili zawod-fabrikler we beýleki kärhanalar bolup, olarda jemi 2 müň 719 sany işçi zähmet çekipdir. Bürtin Russiýada bolşy ýaly, uruş ýyllarynda Zakaspi oblastynyň ykdysadyýeti erbet ýagdaýda bolup, nebitiň, duzuň, ozekiritiň, gazylyp alynyşy, balykçylyk hojalyklarynyň we hünärmentçiligi pese gaçyrypdyr.

Oblasty ykdysady, taýdan tanamakda, birinji jahan ursunyň, ilkinji ýylarynda, ýagny 1915 ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda döredilen harby-senagat komiteti özüniň “başarjaňlygyny” görkezipdir.

Uruşuň ilkinji ýyllarynda “dürli aksioner jemgyýetler we hususy firmalar tarapyndan 29 müň 618 puda golaý ozekerit alnyp, şonuň ählijesinde Russiýanyň zawod-fabriklerine alnyp gidilipdir. Nebitiň 5 müň 115 müň 093 pudy gazylyp alnyp, 2 mln 394 müň 556 pudy alnyp gidilipdir, şonuň 148 müň 561 tonnasy satuwa goýberilipdir. Duzuň gazylyp alnyşy-da 2 mln 524 müň 815 pud bolup, şonuň 2 mln 323 pudy alnyp gidilipdir.” Krasnawodsk uýezdinde jemi 65 sany balykçylyk bilen meşgullanýan hojalyk bolup, 1914 ý-da gyzyl balygyň we ondan alynň we ondan alynan işbiliň 56 müň 394 pudu alnyp gidilip, ählijesi hem satylypdyr, hem-de dürli beýleki görnüşdäki baýlyklaryň 250 müň 835 pudu alnyp, ählisi hem satuwa goýberilipdir. Dürli daşary ýurt firmalary we rus kapitalistleri tarapyndan eýeçilik edilýän Zakaspi oblastynyň tebigy baýlyklary ýylyň-ýylyna özüniň, pes netijelerini berip başlapdyr “nahar duzunyň gazylyp alnyşy 1916 ý-da 1 mln 467 müň 400 pud bolup, 1915 ý-da kysyndan 1 mln 291 müň 802 pud az alnypdyr.”

Nebit zapaslarynyň kapitalistler tarapyndan talanmagy netijesinde nebitiň çykarylyşy kem-kemden pese gaçypdyr. “1914 ý-da 5 mln pud nebit gazylyn alnan bolsa, 1915 ý-ň 9 aýynyň içinde eleken nebit känlerinden 3 mln pud nebit alnyp, ýylyň ahyryna çenli 4 mln pud nebit alnyp bolar” diýip çak edilipdir.

Ýokardaky maglumatlardan görnüşi ýaly, oblastda gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň uruş ýllarynda örän pese gaçandygyny gormek bolyar. Zakaspi oblastynyň senagatynyň pese gaçmagy bilen türkmen obalarynda hünärmentçiligiň ýagdaýy-da uruş zerarly kynçylykly bolupdyr. Esasan hem, halyçylyk ýüňleriň, reňkleriň yetmezçilik etmegi bilen pese gaçypdyr. Beýleki ýyllar (1914-1915 ý-da) bilen deňeşdirilende, halynyň öndürilişi 1916 ý-da belli bir derejede azalyp, bahalary 80-90%-den ýokarlanypdyr. Uruşdan öň 50 manada durýan halylar 1916 ý-da 80 manatdan 100 manat aralygynda bolupdyr.

Oblastda dörän ykdysady, oba hojalyk tozgunçylygy halkyň gerdenine düşüp, halkyň kol;onial syýasata we birinji jahan urşunda bolan ýigrenji barha güýçlenipdir.

Urşa we patyşa samoder¢awiýesine bolan närazylygyň artmagyň aňrybaş derejesine yetmegine patyşanyň1916 ý-ň 25 iýunyndaky ukazy bolyar. Şonda rus däl halklardan 19-43 yaş aralygyndaky erkekleri harby-tyl işlerine (pälä) almak göz öňünde tututlypdyr. Şol dokumentiň talaby Zakaspi oblasty 15 müň töweregi, soňraky Türkistan gineral gubernatorlygynyň 1916 ý-ň 23 awgustynda çykaran 220-nji buýrugy bilen bolsa 13 müň 830 sany (Mary uýezdi 5000, Tejen uýezdi 2 müň 300, Ashabat uýezdi 2 müň 200, Krasnowodsk uýezdi 1 müň 600, Maňgyşlak uýezdi 2 müň 730) adamy pälä mobilizlemeli eken. Uruş ýyllarynyň agyr zulumyny başdan geçirýän türkmen daýhanlary bu karara: “öz tünegimizde öleris, ýöne pälä adam ýollamarys” diýen jogaby berýär. barly adamlaryň, emeldarlaryň özlerine derek garyp-gasarlary pälä ugratmaga synaşyklary geçirilýän çärelere garşy göreşi has hem ýitileşdirýär.

1916 ý-ň awgustynyň ikinji ýarymynda daýhanlaryň gowşakly çykyşlary aýgytly häsiýete eýe bolup başlaýar. erli administrasiýa hem öz gezeginde ilata garşy güýç ulanmagataýýarlyk göryär. Ilatyň aýgytlyrak hereket etjek ýerlerine goşun, ýarag eltilýär, ýöne gorkuzmak syýasaty ýerli ilatyň gahar-gazabynyň öňüni alyp bilmeýär. saragtda, Tejende daýhanlar mobilizasiýa işini başa bardyrmaýarlar.

1916-ýylda we päleçilige kolonial syýasatyna garşy Tejende we Etrek- Gürgende bolan daýhan gozgalaňlary öz akyşlaýyn ýüze çykanlygy sebäpli ýeňilýär. Ýöne gozgalaňýeňilse-de, halk köpçüligiň esasy güçleri birleşse, köp zada ukyplydygyny görkezýär. Zähmetkeş halk köpçüliginiň garşysyna patyşa hökümetiniň harby güýjni ulanmagay netijesinde bütin Türküstanda bolşy ýaly, Zakaspide-de tyl işlerine zorluk bilen almaklygy amala aşyrýar.

1916ýylyň daýhanlar gozgalaňy patyşa Russiýasyny özüniň koloniallarynda kolonial syýasatyny barmakda indi belli bir derejede asyrynlyk bilen hereket etmäge mejbur bolýar.

Daýhanlar gozgalaňy ýeňişe sezebar bolanda bolsa oblastda patyş kolonizatorlaryna we ýerli ekspluatatorsynplaryna garşy bolan hereketler köşeşmeýärdi. Ol hereketler ezilýän rus işçileriniň goldaw bermegi netijesinde patyşa somoderawiýesine we urşa garşy barha güçlenýädi.

Hojalyk tozgunçylygynýň barha güçlenmegi, urşda şowsuzlyklaryň köp bolmagy ýurtda rewolýusion göreşiň güçlenmegine getirdi. Halk köpçüliginiň patyşa someoder¢awiýesine rewolýusion zorluk görkezmegi netijesinde 1917-ýylyň 27 fewralynda 3 asyrlap dowam eden Ramanowlaryň dinastiýasyöz patyşalygyny ýitirdi. Merkezde bolan fewral halkdan gizläp saklamak üçin ýerli çinownikler elinde baryny edýärdiler. Ýöne “Temeni haltada gizläp bolýarmy näme? Rewolýusiýa baradaky habarlar uzakda baradaky habarlar uzakda erleşen Zakaspä-de gelip ýetýär.Oblastyň köp yerlerinde manifestosiýalar we mitingler bolup, şol mitinglerde “Ýok bolsun adalatsyz- uruş!”, “Ýaşasyn Uçbeditel ýygnagy” diýip çykyşlar ýaňlady.

Obalarda daýhanlar çykyşlary bolup, olar özlerine ýer-suw paýlaryny bermekligi talap edýardiler. Mysal üçin, 1917 ýylyň 14 martynda Mary uýezdiniň 19 obasynda daýhan ýygnaklary bolup geçip, olar özlerine ýeriň-suwuň berilmegini talap edipdirler.

Şeýle mazmunly çykyşlar oblastyň beýleki uýezdlerinde bolup geçýär.

Oblastda, esasan hem rewolýusion ykyşlar rus işçileri we päleden dolanyp gelen türkmen işçileriniň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Olar ilat arasynda bolmak bilen wagtlaýyn hökümetiň haklyň bähbidine tesir gelýän ýa-da öňki syýasaty ýöredýändigini halk aýan edýärdiler. Ilat arasynda geçirilän rewolýusion işler halky doly häkimiýeti ele almak üçin geljeki sosialistik rewolýusiýalara çagyrýardylar. Ilat we goşun arasynda rewolýusion isleriň gowy alnyp barylmagy hetijesinde, 1917-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda rewolýusion situasiýa bitişýär. Netijede rewolýusiýa ýeňil, işçi daýhan hökümetiniň berkarar bolanlygy hakynda sowetleriň II bötin rusiya gurlutaýy sowet hökümetini döretmek bilen patyşa samoder¢awiýesi tarapyndan alnyp barylan imperialistik jahan urşundan çykmak üçin ýaraşyk hakynda Dekret kabul edär. Halys uruşdan ýadan rus halky öň ezlişen sezewar edilen kolonial halk bu taryhy dekreti guwanç bilen garşy aldylar we kontrakt ýaraşyk şertnamasynyň, baglaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Ýaňy dörän sowet hökümeti imperialistik urşdan çykmak üçin elinden baryny edip, 1918 ýylyň 3 martynda Brest-Litowskide Germaniýa döwleti bilen ýaraşyk şertnamasynyň gol çekýär. Sowet hökümeti üçin bu şertnamanyň şerti gaty agyrda bolsa, halkyň ýaňy dörän ýaş sowet hökümetiniň we oktýabr rewolýusiýasynyň gazananlaryny garşy saklamak üçinşertnama gol çekmäge sowet döwleti öz razylygyny berär.

Şeýlelikde uzaga çeken, halkyň açlyga, horluga, kemsitmelere salan imperialistik jahan urşuna nokat goýulýar. Patyşa rusiýanyň öňki kolonial ülkesi bolan Türkmenistanda-da, şol sanda Zakaspide-de kontrrewolýusion ojaklaryň ýok edilmegi we Brest ýaraşygynyň talaňçylykly häsiýetine garamazdan, onuň baglanyşylmagy parahatçylykly gurluşygynyň iň gaýra goýulmasyz meseleleri bilen megullanmaga halk köpçüligine mümkinçilik berdi.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

BelgiýaBeýik geografik açyşlarSeljuklarSöz toparlaryGalaktikaÇehiýaGazawat gyrgynçylygyFerdöwsiAtamyrat AtabaýewEser WestRepetek goraghanasyAutizmEýranWi-fi tehnologiýasyHoja Ahmed ÝasawyKüştdepdiMaşynHaýzFutbol taryhynda iň köp oýun uran oýunçylarMeksikaMerwBagyrNury MeredowMahmyt KaşgarlyDüzmeli goşma sözlemKiçi Balkan dagyGyzyljaTürkmenistanyň baýdagyReal Madrid CFKerim GurbannepesowGüljemal hanChic (aýdym-saz topary)Kanada 1945-2000-nji ýyllar aralygyndaAltymyrat OrazdurdyýewTelegramAjy galaMihail Ýurýewiç LermontowHalkara türkmen-türk uniwersitetiMarketingÄnew medeniýetiDöwletlerAzatlyk heýkeliÝunus EmreSoltan SanjarMerkezi AziýaAmyderýa goraghanasyHimiki reaksiýaIlkidurmuş jemgyýetiniň taryhyMalaziýaNilInwersiýaAk SaraýDubaýWilýam ŞekspirÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçBalkan welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerLälelerZekatHaramDerwezePeruUly Balkan dagyAdam göziRussiýa-Türkmenistan gatnaşyklaryPuluň gelip çykyşynyň taryhyBaş SahypaÄrtogrul GazyOtitFutbol taryhynda köp kömek edýärDümewBöwürslenGalamOrazmämmet hanGaragumTürkmen halkynyň kemala gelmegiLitwaJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)Çingiz han🡆 More