Abdysalamow Mätkerim (1898-1954) - Horezm rewolýussiýasynda aktiw gatnaşykçy, partiýa we sowet işgäri.
1920-nji ýyldan SSKP çleni. Ol Garagalpagystan ASSR-nyň Goňrat şäherinde daýhan maşgalasynda dogulýar. 1919-njy ýylda Gyzyl Goşun hataryna girip, Hywa rewolýussiýasyna aktiw gatnaşýar, basmaçylara garşy göreşýär. Ol Horezm Halk Sowet Respublikasy MIK-niň başlygynyň orunbasary (1923), İçeri işler halk komissary (1923-24), ÖzKP-niň Şabat we Koson raýkomlarynyň sekretary we beýleki jogapkär wezipelerde işleýär. RK(b)P-niň 13-nji gurultaýynyň we III Kommunistik Internasýonalyň V kongresiniň delegaty. Ol HHSR-niň "Zähmet Gyzyl Baýdak" ordeni we birnäçe medl bilen sylaglanýar.
Abdysalamow Mätkerim |
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Abdysalamow Mätkerim, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.