Ömer Seýfettin

Ömer Seýfettin

(1884-1920)

Meşhur ýazyjy Ömer Seýfettin 1884-nji ýylda, Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň Gönen şäherinde dünýä inipdir. Ilki ol Gönende, ýönekeý mekdepde okapdyr, emma soň harby wezipede işleýän kakasynyň iş ýeriniň üýtgedilmegi bilen maşgala Stambula gelýär. Bu ýerde Ömeri ilki Osmany mekdebine, soňra 1893-nji ýylda harby lukmançylyk rüştiýesine (ýöriteleşdirilen orta okuw mekdebine) ýerleşdirýärler. Geljekki ýazyja harby bilim berlipdir. 1903-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň Seýfettin Izmirde gulluk edipdir. Bu ýerde 1911-nji ýylda onuň «Täze dil» atly ilkinji makalasy çap edilýär. Balkan uruşlaryndan (1912-1913) soň Seýfettin harby gullugyny taşlaýar, 1914-nji ýyldan başlap Stambulyň ýöriteleşdirilen Kabataş orta okuw jaýynda edebiýat mugallymy bolup işleýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu wezipede işläpdir, üstesine-de hekaýadyr makalalaryny döredipdir. Onuň eserleri «Yeni Mecmua», «Şair», «Donanma», «Büyük Mecmua», «Yeni Dünya», «Diken», «Türk Kadini» ýaly žurnallarda, «Vakit», «Zaman» we «İfham» gazetlerinde çap edilipdir.

Ömer Seýfettiniň döredijiligi türk edebiýatynda realistik nowellanyň döremegine uly itergi berdi. Ol edebiýatda «Türkçülük» akymynyň gözbaşynda durýar. Onuň eserleri şäher we oba durmuşyndan, jemgyýetiň dürli synpynyň wekilleri, dürli kärdäki adamlar hakda söz açýar. Olaryň ählisi sada dil hem-de joşgunly, şahandaz wäşilik bilen ýazylan. Seýfettiniň gysga ömründe döreden eserleri türk edebiýaty üçin ägirt uly goşant bolandyr.

Ýazyjy aýatda diri wagty onuň diňe «Eremhana»(1918) atly hekaýalar ýygyndysy we «Efruz beý»(1919) romany kitap bolup çykdy. «Beýik ökjeliler», «Gizlin ybadathana», «Ak çigildem», «Asylzadalar», «Bahar we kebelekler» ýaly hekaýalar kitabynyň, «Ýalňyz batyr» romanynyň çap edilendigini görmek ýazyja miýesser etmedi. Ol 1920-nji ýylda agyr kesele sezewar bolup, aradan çykdy.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Ýatgynyň miomasyGarynjaTürkmenistanyň GDA ỳurtlary bilen gatnaşygyGündogar ÝewropaFutbolKöpetdagDemokratiýaPişikSportBelgiýaYkdysadyýetItburunÄnew metjidiniň ansamblyTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiHalkara atçylyk sport toplumyDöwletmämmet AzadyFaustÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerNýu-Ýork şäheriÄrsary babaKompýuter grafikasyFarap etrabyLinkin ParkÝeñil atletikaNatural sanlarSopranomanÝapon diliWayback Machineİkinji Jahan UrşyBaýramaly etrabyIswiçDümewGowşut HanGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiAnatoliýaJemi içerki önümMarguş - MargianaArgentinaAl-HorezmiOňurga ýiligiWeli MuhatowDawut pygamberAlloMutasiýaMätäjiGyrgyzystanGök hanYsly çomuçMolekulaMigel de SerwantesTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriJynaza namazyGurbanguly BerdimuhamedowOtuz iki tohum kyssasyOrganizmGaplaňAziýada Ikinji Jahan UrşyPlutonGruziýaLiwiýaGara deňizGermaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygyndaAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryOsman türkmenleriniň döwletiAta AtajanowEýranÖýjükDöwletlerImanMähramInformatikaAtçylyk sporty döwrüň batly gadamlaryndaGoşma sözlem we ýönekeý sözlemÄrtogrul Gazy🡆 More