Mihail Ýurýewiç Lermontow

Görnükli rus şahyry Mihail Ýurýewiç Lermontow 1814-nji ýylda Moskwada dünýä inýär.

Ol ene-atasyndan ir mahrum bolup, mamasynyň elinde terbiýelenýär. Şahyryň çagalygy mamasynyň mülki bolan Tarhany obasynda geçýär.

Mihail Lermontow rus edebiýatynda Puşkiniň däplerini dowam etdirýär. Halypasynyň köpsanly çeperçilik ýörelgelerini ösdürmek bilen, ol rus jemgyýetçilik aňynyň täze bir ýagdaýynyň beýan edijisine öwrülýär. Bu bolsa onuň şygryýetiniň çuňňur özboluşlylygyny üpjün edýär. Ol rus şygryýetine pikiri beýan etmek babatda öň görlüp-eşidilmedik güýje eýe bolan setirleri sowgat edýär.

Mihail Lermontow rus kyssasyna hem önjeýli goşant goşýar. Onuň “Biziň döwrümiziň gahrymany” romany (1840 ý.) realizmiň dabaralanmagy hökmünde, belli bir derejede rus edebiýatynyň geljekki ösüş ugruny kesgitledi.

Mihail Lermontow 1841-nji ýylda, 27 ýaşynda aradan çykýar.

Çeşme

  • “Dünýä edebiýaty” žurnaly (№4.2011)

Tags:

1814Moskwa

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Balkan welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiGadymy HytaýMuhammet Jelaletdin RumyDrobAlyşir NowaýyBürünç asyryMary sőweşiGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriHaýzTürkmenistanyň taryhyGaznalylar döwletiBalaryçylykÄnew metjidiniň ansamblyTaýlandOrazaRussiýa XIX asyrdaGaraşsyzlygyň gadamlary296Şamyradow Atageldi AşyrowiçMätäjiMete hanŞaja BatyrowKompýuter grafikasy2020ýýBaýram namazyAbaý KunanbaýewGyzylarbatTürkmenistanyň demokratik partiýasyKriştiano RonaldoNury BaýramowTürkmenistan XV – XVI asyrlardaGozleKubaTürkmenistanyň gerbiHorezmProstatitOwganystanTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriHoja Ahmed ÝasawyWagtGimalaýlarDubaýFutbol boýunça dünýä çempionaty-2014AbortÝasama akylGöwrelilikSüýtDünýäniň 7 täsinligiFilosofiýanyň taryhyGurbandurdy GurbansähedowÝerleriň zaýalanmagyPsihologiýa düzgünleri we gurluşyGürgenBaýram han TürkmenDag hanTehnologiýaAlp ArslanGoşa ýyldyzlarMährFaustWirusly gepatitlerPlanetaTekeşiň aramgähiNiderlandiýaTürkmenistanyň prezidentiDamdamçeşmeSöýgiÇaga dogurmaŞanama🡆 More