Jo­zue Kar­duç­çi

Ital­ýan şa­hy­ry we tan­kyt­çy­sy Jo­zue Kar­duç­çi 1835-nji ýy­lyň 27-nji iýu­lyn­da Pi­zan we­la­ýa­tyn­da Wal­di – Kas­tel­lo­da luk­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär.

Onuň maş­ga­la­sy 1849-njy ýyl­da Flo­ren­si­ýa gö­çüp ba­ran­dan soň­ra, ýet­gin­jek og­lan mek­dep­de oka­ýar, goş­gy ýaz­ma­ga we ga­dy­my grek di­lin­den ter­ji­me et­mä­ge baş­la­ýar. Kar­duç­çi ýo­ka­ry bi­li­mi Pi­zan uni­wer­si­te­tin­de alyp­dyr we ony 1856-njy ýyl­da ta­mam­lap, San-Min­ýa­to şä­her­çe­sin­de mu­gal­lym­çy­lyk işi­ne baş­lap­dyr. “Rif­ma” at­ly il­kin­ji ki­ta­byndaky eserleri (1857) met­bu­gat­da yzygiderli çap edi­lip­dir. J. Kar­duç­çi Bo­lon uni­wer­si­te­tin­de ital­ýan ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça pro­fes­sor bo­lup­dyr. Ýö­ne onuň “Jyn­lar” at­ly poe­ma­sy oňa on­çak­ly uly ab­raý ge­tir­män­dir.

Kar­duç­çi 1878-nji ýyl­da “Wag­şy­lar” (1877–1889) at­ly üç jilt­li­gi­niň bi­rin­ji jil­di­ni çap et­di­rip­dir. Ol öz eser­le­ri­ni ga­la­pyn an­tik me­de­ni­ýe­ti­niň ru­hun­da ýa­zyp­dyr, hat­da kä­ýa­rym grek we la­tyn şyg­ry­ýe­ti­niň äheň­le­ri­ne hem ça­lym ed­ýär. Bu ki­tap­lar, şeý­le hem “Tä­ze goş­gu­lar” (1873) ýy­gyn­dy­sy J. Kar­duç­çi­niň dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­dir. Onuň “Ýe­ňil we çyn­la­kaý” (1861-1867), “Ýamb­lar we epod­lar” (1879), “Rif­ma­lar we ritm­ler”(1901) ýa­ly eser­le­ri mä­käm nus­ga­wy usul­da dö­re­di­lip­dir. Kar­duç­çi­niň esa­sy wa­tan­çy­lyk mow­zu­gyn­da­ky goş­gu­la­ry ita­li­ýa­nyň gal­kyn­ma­gy­na we bir­leş­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp­dyr.

Ol Ita­li­ýa­nyň bel­li däp-des­sur­la­ry we wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy ba­ra­da eser­le­ri ýa­zyp­dyr. Şa­hyr ýur­duň iň go­wy sa­ti­ra ýa­zy­jy­sy bo­lup, onuň eser­le­ri kö­püň söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lup­dyr. Onuň Ita­li­ýa­da ne­şir edi­len 30 jilt­lik ede­bi mi­ra­sy­nyň di­ňe 4 to­my goş­gu­lar­dan yba­rat­dyr. J. Kar­duç­çi dür­li-dür­li mow­zuk­lar­dan mo­nog­ra­fi­ýa­la­ry we es­se­le­ri ýa­zyp­dyr.

Ita­li­ýa­nyň mil­li şa­hy­ry 1906-njy ýyl­da di­ňe bir çuň­ňur bi­li­mi we tan­ky­dy na­za­ry üçin däl-de, oza­ly bi­len, onuň şa­hy­ra­na eser­le­ri­ne mah­sus bo­lan dö­re­di­ji­lik ener­gi­ýa­sy, usu­ly­nyň tä­miz­li­gi we onuň aja­ýyp şa­hy­ra­na li­rik güý­ji üçin Nobel baýragyna my­na­syp bol­ýar. Nä­hoş J. Kar­duç­çi baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­na gat­na­şyp bil­män­dir we ba­sym ol 1907-nji ýy­lyň 16-njy few­ra­lyn­da ara­dan çy­kyp­dyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Dünýäniň 7 täsinligiRussiýa XIX asyrdaNurmyrat SaryhanowBalkan DaglarySues kanalyAbaý KunanbaýewMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Gijilewük sakyrtgasySaady ŞirazyArap diliSöz toparlaryIsgender ZülkarneýnÇarlz DikkensFilosofiýaAşgabatAta SalyhMemluklar döwletiTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarFinlandiýanyň bilim ulgamyMurgap derýasyGadymy Gresiýa taryhyBiotehnologik maglumatlar milli merkeziGaýgysyz AtabaýewOňurga ýiligiSünt-Hasardag goraghanasyDaşoguz welaýatynyň taryhyTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiGörogly etrabyGruziýaTürkmen diliKosta-RikaKoreýa RespublikasyGündogar ÝewropaŞeýdaýyKolumbiýaTürkmenlerBlogSahaba guburhanalaryAraplar VI-XI asyrlardaAfrikaKubaGowşut hanNury HalmämmedowIşanHoja Ahmed ÝasawyBelgiýaNaryman JumaýewHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyHalyl KulyýewGuşKöneürgenç türkmen döwletiABŞ prezidentiWirusly gepatitlerFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarGadymy ÜrgençHäzirki zaman nanotehnologiýalaryIswiç2020Türkmenistanyň ''Senagat'' paýdarlar täjirçilik bankyTebigy gurşawyň hapalanmagyÖwlatHlamidiozAngliýaGeografiýaAbu Reýhan Al-BiruniTizlikYsly çomuçDaniel DefoMinecraftAdamyň iýmit siňdiriş ulgamyGyzyljaHimiki reaksiýaAlžir🡆 More