Köneürgenç Türkmen Döwleti

Köneürgenç türkmen döwleti ýa-da Horezmşalar Oguz hanyň Begdili atly agtygynyň neberelerinden gaỳdỳar.

“Mälik şa Annuşy Köneürgenjiň hökümdary edip belleỳär. onuň mirasdüşeri Atsyz “Horezmşa” derejesini alypdyr. Atsyz bu nesilşalykda ilkinji hökümdar bolỳar. ol Garaşyzlyk almak üçin 1138-nji ỳylda gozgalaň edỳär. Muňa Soltan Sanjaryň gahary gelip oňa temmi berỳär we Köneürgençden kowỳar. Emma Atsyz orän erjel hereket edip birnäçe wagtdan soň yzyna dolanỳar. Şondan soň Köneürgenç şalygy Garaşsyz hökümdarlyk bolyar. Beỳik Serdarymyzyň aỳdyşy ỳaly Atsyz öz hökümdarlygyny Seỳhun derỳasynyň (Syrderỳa) boỳunda ỳerleşen Jende çenli giňeldỳär.” (Ruhnama 130). Köneürgenç türkmeniň döwleti dünỳä taryhyna, medeniỳetine uly goşant goşupdyr. Köneürgenç türkmeniň döwletiniň dolandyryşy Beỳik Seljuk türkmen döwletine mahsus dolandyryşdyr. Sebäbi Köneürgenç türkmen döwleti Beỳik Seljuk döwletiniň gönüden-göni dowamy hasaplanylỳar. köneürgenç döwletiniň hökümdarlyk alamatlary baỳdak we çadyr bolupdyr. Soltan edil seljuklaryň soltanlary ỳaly garalybaslary geỳipdir.

Köneürgenç Türkmen döwletiniñ baýdagy
Köneürgenç Türkmen döwletiniñ baýdagy

Köneürgenç Türkmen Döwleti

Bu döwletiň taryhy barada ylmy barlaglar geçiren türk professory Aỳdyň Taneri hökümdarlaryň häkimiỳet alamatlarynyň (simwollarynyň) maddy we ruhy toparlara bölunỳändigini belleỳär. Hökümdarlaryň göteryän unwanlary (harby derejesi) we onuň adyna okalỳan hutba alamatlara; teňňe, tagt, täç, baỳdak, tug, kemer, guşak, köşk, çadyr, nobat, hökümdar lybasy maddy alamatlara degişli bolupdyr. Unwanlar: Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlary ilkibada “Horezmşa” , “Mälik” (eỳe, hökümdar) “Şahanşa (şalar şasy)” ỳaly unwanlary göteripdirler. Taryhy maglumatlarda Atsyzyň “Gazy” (yslam dini) ugrunda göreşiji (unwanyny, onuň ogly) Arslanyň (Mälik) unwanyny göterendigi aỳdylỳar. Tekeşe çenli bolan hökümdarlaryň “Soltan” unwanyny almandygyny bellemek gerek. Alaỳeddin Muhammet şa Garahytaỳlary ỳeňensoň oňa, Isgender Säni (ikinji Iskender) lakamy berlipdir. Emma ol Beỳik Seljuk Soltany Sanjaryň 40 ỳyllyk soltanlygyny hatyralap, özüne “Sanjar” lakamyny alypdyr. Onuň “Ulug Alp (batyr)” diỳen türkmen unwanynyň bolandygy hem mälim. Muhammet şanyň tugrasyna “Zillikllah-i fi:l-arz” (Allanyň ỳerdäki kölgesi) diỳen sözler ỳazylypdyr. Döwletiniň çäkleriniň giňelmegi bilen soltanlar özlerini Şahan şa Soltan, Soltan ul-A:Zam (beỳik Soltan) unwanlary bilen atlandyryp başlapdyrlar. Şazadalara esasan Alaỳeddin lakamy berilipdir. Jelaletdin Hindistanda mahaly bagdat halyfy oňa “hakan” (beỳik han) unwanyny beripdir. Jelaletdin Azerbeỳjana gelende halyf oňa “Şahanşa” unwanyny beripdir.

Köneürgenç Türkmen Döwleti

Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň dolandyryş tejribesi şeỳleräk bolupdyr: Döwlet işlerinde dolandyryjy neberä degişli bolan agzalarynyň ähmiỳeti uly bolupdyr. Köşkde hökümdarlaryň aỳaly, çagalary (şazadalar) nebere agzalaryny düzüpdirler. Eger soltany kiçi dogany, doganynyň ogullary daỳysy hem ỳaşap ỳören bolsa olar hem nebere agzalary hasaplanypdyr.

  Hökümdarlaryň töwereginde wezipeli adamlar, hajyplar, hawaslar hem bolupdyr. 

Hajyplar – köşkde düzgün nyzamy ỳöreden, aỳratynda hökümdar bilen döwletiň beỳleki esasy adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary dogry ỳola goỳan adamlardyr. Bu adamlar soltanyň kabulhanasynda perdeçi, gapyçy, gapydan wezipesini ỳerine ỳetiripdirler. Olar soltanyň huzuryna kimi goỳbermeli, kimi goỳbermeli däldigini kesgitläpdirler. Hajyplara ilçiniň wezipelerini, haỳsydyr bir etraby, şäheristany dolandyrmak hem ynanypdyrlar. Alaỳeddin Muhammetşa daỳysy Emir Mäligi Hyrada häkim belläpdir. Ol bu wezipäni Muhammet şa aradan çykỳança ỳerine ỳetiripdir.

Hawaslar – Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde Diwany – Hass-da (hökümdarlara degişli emläklere we mülklere seredỳän) gulluk edỳän saỳlantgy gullukçylar. Olara “Hadiman-I Hass” hem diỳlipdir we olar “Mälik-ul Hass” unwanyny göteripdirler.

Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde merkezi häkimiỳete wezir baştutanlyk edipdir. Ol hökümdarlaryň wekili hökmünde döwlet işlerini edara edipdir. Eger wezir (Nyzam al-mülk) mülkleriň nyzamçysy unwanyny göterỳän bolsa, Soltan bile naharlanmaga hukugy bolupdyr. Olar ỳanynda wezirlik möhürini göteripdirler.

Merkezi häkimiỳetde wezirden soňra diwan reỳsi (diwanyň başlygy) uly wezipe bolupdyr.

Bulardan başga-da Köneürgenç türkmenleriniň köşgünde hajyp, çawuş (jansyzlaryň baştutany), çomakdar (soltanyň eline suw akdyrỳan), sylahdar (ỳaragçy), jamedar (baỳrançy), döwletdar (galamçy), çaşnigir (aşhana emiri) ỳaly wezipeli adamlar bolupdyr.

Köneürgenç Türkmen Döwleti

Sarpaly Serdarymyz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeỳle ỳazỳar: “Türkmen Soltanlyklarynda, şalyklarynda şalaryň ejesi ỳa aỳaly uly hormata mynasyp bolupdyr. Olara Tarhan (taryhy çeşmelerde Terken-Turkan) hatyn diỳip ỳüzlenipdirler. Soltanyň ejesi, aỳaly, tutuş soltanlygyň ejesi hökmünde sylanypdyr, emma näçe hormata mynasyp edilse-de türkmen soltanlary ejesini ỳa aỳalyny döwlet işine aňsat-aňsat gatyşdyrmandyrlar.

Türkmenler “Aỳalyň tagtam bagtam ojagyň başynda” diỳen pikire gulluk edipdirler. Köneürgenç soltanlygynda Soltan Muhammet döwründe dul ejesi Turkan hatyna şol berk kada kanuny ỳykmak başardypdyr, Türkan hatyn ogly bilen deň hatarda ỳurt sorap başlapdyr. Soltanyň Türkan hatyny beỳle derejä götermegi serkerdelerem, beglerem, kethudalaram, din ulamalaram oňlamandyr. Netijede, Türkan hatyn Jelaletdiniň tagta gecmegini halamandyr. Emma Jelalletdin tagta giç gelse-de ỳurda soltanlyk edipdir!…”

Jelalletdin Meňburuny Alaỳeddin Muhammediň türkmen aỳaly Aỳçeçekden bolan uly ogludyr. Muhammet şa şazada Jelalletdiniň ỳurdy dolandyrmagyny wesỳet edipdir. Emma Muhammet şanyň ejesi Turkan hatyn onuň tagt mirasdüşeri bolmazlygyny isläpdir, elinden gelen pyssy-pyjurlyklary edipdir. Ol kaňly, gypjak boỳundan bolan nökerleri daşyna, öz garyndaşlaryndan serkerde goỳupdyr. Türkan hatyn goşunda özüniň goldanjagyny bilip, mirasdarlyk meselesinde öz sesiniň agyr geljekdigini aňypdyr. Türkan hatyn ozalky şany tagtyna mirasdar hökmünde taỳynlapdyr. Emma Hazaryň Abesgun adasyna özüni atan Muhammetşa ölüm ỳassygynda ỳatan pursady ogullary Jelalletdini, Ozlagy we Akşany ỳanyna çagyrdypdyr. Şonda hem Jelalletdiniň biline kanuny ỳagdaỳda tagt mirasdarlygyny aňladỳan öz gylyjyny dakypdyr. Emma Jelalletdin tagt mirasdary hukugyna eỳe bolanyna dört ỳyl geçensoň tagtda oturypdyr. Ol mongollara garşy göreşde edermenlik görkezen beỳik çaknyşyklar ylalaşmazlyklar, döwletiň bitewiligini saklapdyr. Bu hem daşky duşmana mongollaryň ỳeňiş gazanmak üçin şert döredipdir.

Köneürgenç Türkmen Döwleti

Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Ruhnamasynda şeýle belleýär: “Anuş hökümdar başda Gaznanyň hökümdary Bilge hökümdaryň guly bolupdyr. Seljuk türkmenleriniň soltany Mälik şanyň döwründe ol köşk wezipeleriniň birini eýeläpdir. Mälik şa ony Köneürgenç hökümdary edip belleýär. Oňa “Horezimşa” derejesini alan ogly mirasdüşerlik edýär”. Ỳöne Anuş hökümdara öz döwletiniň garaşsyzlygyny gazanmak başartmandyr. Anuş hökümdardan soň Köneürgenç tagtyna onuň ogly Kutbeddin Muhammet geçipdir. Kutbeddin Muhammet 1097-1128-nji ýyllar aralygynda hökümdarlyk edipdir. Şu döwürde Köneürgenç döwletiniň düýbi tutulypdyr. Ýöne entek hem seljuklar döwletine tabynlyk ýagdaýyndady. 1128-nji ýylda Kutbeddin Muhammet ölenden soňra tagta onuň ogly Atsyz geçýär. Bu döwürde Köneürgenç türkmen döwleti özbaşdaklygyny gazanýar. Bu barada Ruhnamaň 130-131 sahypalarynda Beýik Serdarymyz şeýle belläp geçýär: “Atsyz bu nesilşalygynda ilkinji hökümdar bolýar, ol garaşsyzlyga ymtylypdyr. Ýöne 1138-nji ýyldaky gozgalaň üçin Soltan Sanjar oňa temmi berýär. Köneürgençden kowýar. Emma Atsyz birnäçe wagtdan yzyna dolanýar, şondan soň Köneürgenç şalary garaşsyz hökümdarlyk bolýar”. Atsyz öz döwletiniň serhedini giňeldip başlaýar. Ol öz döwletiniň düzümine Syrderýaň boýundaky Seljuklaň paýtagt şäheri bolan Jendi birleşdirýär. 1158-nji ýylda Atsyz ölenden soň Köneürgenç türkmen döwletiniň tagtyna Atsyzyň ogly Il-Arslan geçýär. Ol hem kakasynyň basyp alyşlyk syýasatyny alyp barýar. Ol 16 ýyl hökümdarlyk eden döwründe öz hökümdarlygynyň düzümine Mawerannahyry, Maryny, Nusaýy we beýleki şäherleri birleşdirmegi başarýar. Ol Köneürgenç döwletiniň ösmegine uly goşant goşýar. Il-Arslan ölenden soňra tagta onuň kiçi ogly Soltan şa Mahmyt geçýär. Ýöne ol birnäçe aý soltan bolupdyr. Sebäbi dogany Tekeş hem tagt mirasdüşerligi üçin uruş edipdir. Şeýlelikde 1172-nji ýylda Tekeşe tagta çykmak başartýar. Bu döwürde Köneürgenç türkmen döwletiniň has gülläp ösen ýeridir. Bu döwürde aktiw daşary syýasat alynyp barlyp, Horasany, Reýi, Yspyhany öz hökümdarlygyna birleşdirýär. Ýurduň içinde birnäçe struktura gurluşyklar alnyp barylýar. Şol döwrüň iň ajaýyp ymaraty ol hem Tekeşiň mazarüsti Mawzeleýidir. Mundan hem başga ýurda suwaryş desgalary ösdürilýär.

1200-nji ýylda Tekeşiň aradan çykmagy bilen tagta onuň ogly Alaeddin Muhammet II çykýar. Onuň döwründe hem ilki badalar aktiw daşary syýasat alynyp barlyp, Bagdat halyfy Nasyryň goşunlary derbi-dagyn edilýär. Ol öz döwletiniň düzümine Hindistanyň demirgazygyny birleşdirýär. Ol özüne ikinji “Aleksandr Makedonskiý”, ikinji “Soltan Sanjar” ýaly atlary alypdyr. Şol wagtlar hem uzak gündogarda Mongoliýa çarwa taýpalary birleşip bir bitewi Mongol döwletini esaslandyrypdyr. Onuň başynda 1205-nji ýylda bolan gurlutaýda Çingiz han adyny alan Temuçin durupdyr. Çingiz hanyň berk düzgün-nyzamly 100 müňe golaý goşuny bolupdyr. Ol şol goşunlary bilen 1211 ýylda Beýik Hytaý diwaryndan geçip, demirgazyk Hytaý döwletiniň üstüne çozup giripdir. Onuň paýtagty bolan Pekin şäherini 1215-nji ýylda basyp alyp, ony talapdyr. Şondan soň ol öz basyp alyjylykly syýasatyny günbatara gönükdiripdir. 1215-nji ýylda öz ilçisini Köneürgenç türkmen döwletine iberipdir. Bu ilçileň ýolbaşçysy edip birmahalky Ürgenç täjiri Mahmyt Ỳalawajy iberipdir. Bu ilçiler Muhammet şanyň göwnüne degýän hat äkelipdir. Ol Mahmyt Ỳalawajy gije ýanyna çagyryp Çingiz han hakynda we onuň goşuny, baýlygy hakynda sorapdyr. Eger-de içoly bolup işlese köp sylajagyny hem aýdypdyr. Mahmyt Ỳalawaj Mongoliýa baryp, ähli eden gürrüňini Çingiz hana aýdyp beripdir. Çingiz han 1218-nji ýylda 450 düýeli kerwene Hytaýdan talap alan zatlaryny ýükläp äkitmegi buýrupdyr. Şeýlelikde, 1218-nji ýylda Mongol kerwenleri Köneürgenç döwletiniň paýtagty Ürgenje barmalydy. Kerwene bu gezek hem musulman täjirleri baştutanlyk edipdirler. Emma kerwen Ürgenje ýetmändir. Ony Syrderýa boýundaky Otrar şäherinde Muhammet şanyň garyndaşy we Otrar şäheriniň häkiminiň goşunlary tarapyndan talanyp ähli adamlary öldürilýär hem-de Köneürgenç döwletiniň beýleki şäherlerinde satylýar. Ýöne şol adamlaryň içinden biri gaçyp baryp bolan wakany Çingiz hana habar berýär. Bu bolsa öňem ysarap ýören Çingiz hana günbatara çozmaga bahana bolýar. Şeýlelikde 1219-njy ýylda Çingiz han agyr goşun bilen Köneürgenç döwletiniň üstüne çozýar. Ol göni çozup barman, ilki ýene öz ilçilerini iberip Otrar häkiminiň özlerine berilmegini ýa-da bolsa jezalandyrylmagyny talap edipdirler. Muhammet şa muňa gahar edip baş ilçini öldürmegi, beýlekileriň bolsa sakgalyny ýakyp yzlaryna kowmagy buýurýar. Şeýlelikde, sakgaly kesilen ilçiler Çingiz hanyň huzuryna gaýdyp gelipdirler we ýagdaýy habar beripdirler. Indi bu iki döwletiň arasynda gutarnykly suratda uruş bolaýmalydy. Çingiz han hüjüme geçmek strategiýasyna laýyklykda ilki bilen Ỳedisuw we Gündogar Türkistany basyp almagy tanymal serkerdesi Jebe-naýona tabşyrýar. Ol bu işi emgenmän ýerine ýetirýär. Indi Mawerannahyra we Köneürgenje ýol açykdy. Bu ýagdaýdan oňat habarly Muhammet şa-da harby taýýarlyk görüp başlaýar. Ol goşun toplaýar. Muhammet şa Ürgençde harby geňeş çagyrýar. Bu geňeş duşmany nähili garşylamaly diýen meseläni çözmelidi. Ýöne ol geňeşe gatnaşýan han-begleriň arasynda agzalalyk bolupdyr. Olaryň bary goşunlary galalara bölüp, galalary hem berkitmeli diýipdirler. Diňe köşk wekili bolup işleýän Şyhabuddin Hywaky dogry maslahat berip, duşmany açyk meýdanda garşylamagy nygtapdyr. Hywaky ähli goşuny Syrderýaň boýunda bir ýerde jemläp, mongollar gelen badyna olaryň üstüne çozmagy maslahat beripdir. Emma Muhammet şa onuň maslahatyny kabul etmändir. Ol goşunlary bölek-bölek edip, şäherleri paýlap, her şäheriň özüni-özi goramagy teklip edipdir. Onuň bu düýbünden ýalňyş ölümli plany öň sürmeginiň sebäbi gypjaklardan bolan öz serkerdelerine ynanmandyr, baş söweşde olar dönüklik ederler ýa-da dildüwüşik arkaly özüni tagtdan agdararlar diýip ätiýaç edipdir. Şeýlelikde 1219-njy ýylda Çingiz han ägirt uly goşun bilen Orta Aziýa tarap ýola düşýär. Ol ilki bilen şol ýylyň garaşsyzlyk aýynda Otrar şäherini basyp alýar. Çingiz han öz goşunynyň ýany bilen gaýdan Orta Aziýaly täjirleň kömegi bilen haýsy ýoluň haýsy şähere eltýänini bilipdir. Alty aý gabawdan soň halys ysgyndan gaçan şäherliler Çingiz hanyň öňünde dyza çökenden soňra Çingiz han öz goşunlaryny birnäçe bölege bölüp, bir bölegini Otrar şäherinde galdyrýar, bir bölegini uly ogly Juçy hanyň baştutanlygynda Syrderýaň aşak akymyna, üçünji topary ýokary akymyna ugradýar. Juçy, Çagataý we Ugadeý bilen bile Sygnak, Uzgen, Barçylykkent, Jent, Ỳaňykent şäherlerini alyp, Ürgenje çykmalydy. Syrderýa boýunça ýokaryk giden otrýad Hojant şäherini eýelemelidi. Çingiz han bolsa esasy goşun bilen Buhara tarap ugraýar. Çingiz han ýol ugruna türkmenleriň oturan Nurata galasyny eýeleýär. Türkmenler berk garşylyk görkezipdirler. Çingiz han ilata 1500 dinar kantribusiýa salýar. 1220-nji ýylyň Baýdak aýynda Çingiz hanyň goşunlary Buharaň alkymynda peýda bolupdyrlar. 10-12 müň şäher ilaty garşylyk görkezse-de boş ruhanylaň dönüklik etmegi bilen şäher dyza çöküpdir. Şol wagt çeşmeleriň maglumatyna görä şäherde 110 müň goşun bar ekeni. Mongollar şäher ilatyna şäherden çyksalar olara degiljek däldigini aýdypdyrlar. Şäheriň ilaty daşa çykanda bolsa, olaň içinden senetçileri, ýaş ýigitleri, alymlary, ýaş gyz-gelinleri saýlap alyp, galan ilaty gyrypdyrlar. Buharaň elden gidenligini eşiden Muhammet II gorkup, halky başyna taşlap gaçmaga taýýarlyk görüp başlapdyr. Buharada köp ýesir alnan mongollar Samarkanda ugrapdyrlar. Mongollar ýesir alan adamlaryny ilki goşundan öňürti gala diwaryna dyrmaşdyrýan ekenler. Eger-de ýesirler dyrmyşyp bilmese, gala ýumuryjy maşynlary işledipdirler. Samarkand mongollara garşylyk görkezip biljek şäherdi. Bu şäheri 60 müň goşun we şäher ilatyndan ýygnalan 50 müň çemesi meýletinler hem-de 20 sany harby pil goraýardy. Şäherde goşuna Muhammet şanyň ejesi Turkan Hatynyň erkek dogany serkerdelik edýärdi. Ol hem mongollardan gorkup näderini bilmändir. Çingiz han şäheriň etegindäki Gök-saraý köşgünde düşläpdir. Ol öz atly goşunlaryna Samarkandyň töweregindäki kiçeňräk galalara we obalara iberip, her haýsysynyň ondan az bolmadyk ýesir getirmegini talap edipdir. Buharadan getirilen ýesirler, Samarkandyň töwereginden ýygnalan ýesirler we Syrderýa boýundan ýetişen Ugedeýiň we Çagataýyň äkelen ýesirleri bilen Samarkandyň daşyndaky händegi gömüpdirler. Şäherlileriň özleri galadan çykyp söweşmäge gorkupdyr. Eger-de söweşmekçi bolan goşunlary bolsa bukuda ýatan goşun bilen daşyny gabap, olary gyrypdyrlar. Şäherdäki goşun serkerdesi, şeýh-yl-yslam, ulamalar garaşyp, amatly pursatda mongollaryň üstüne deputasiýa iberipdirler. Şeýlelikde, olar şäher ilatynyň gyrylandan we özleriniň janlaryndan gorkularyna şäher derwezelerini açyp beripdirler. Mongollar şähere girip, şäheri talap, ilatyny bolsa gyrypdyrlar. Samarkantdan 30 müň işe ýaramly adamlary we senetçileri Mongoliýa äkidipdirler. 1220-nji ýylyň ýaz aýlaryna çenli Mawerannahr doly eýelenipdir.

Köneürgenjiň üstüne şeýle howp abananda-da Muhammet şa hiç hili aýgytly herekede geçmändir. Ol öz şäherleriniň yzly-yzyna basylyp alynmagyndan gorkup goşun ýygnajak bahanasy bilen allajähenneme gidýär. Ol baryp demirgazyk Owganystana gidýär. Ol ýerde Andihaý türkmenlerinden goşun toplap Çingiz han Amyderýadan geçse söweşerin diýip garaşyp durupdyr. Emma bahana tapsa, bu ýerden gitjekdi. Ol ýene goşun ýygnajak bahanasy bilen Eýrana, Horasana gidýär. Şol ýerde Muhammet şa bilen onuň uly ogly soltan Jelaletdin arasynda mert gürrüň bolup, kakasyny ýazgarypdyr. Emma Muhammet şa öz batyr oglunyň aýdanyna gulak gabartmandyr. Onuň züwwetdin gorkak bolandygyny öz gol astyndaky şäherlere iberen permanlaryndan hem görmek bolýar. Bu barada orta asyr taryhçysy Jünleýni şeýle belleýär: “Mara gorkaklyk we nalajedeýinlik duýgusyna ýuwrulan yzy möhürli soltanyň goly bilen perman geldi. Onuň mazmuny boýunça harby serkerdeler, söweşijiler, hünärmentler Mary galasyna ýygnanyp gizlenmeli, galanyň daşynda ýaşaýan daýhanlar oturan ýerlerinde galmaly, haçan-da tatarlaryň leşgerleri peýda bolanda, galadakylar öz janlaryny we emläklerini saklamak maksady bilen we mongollary gutlamak, mübäreklemek üçin öňünden çyksynlar, bellän häkimini kabul etsinler we olaryň buýrugyny berjaý etsinler”. Şeýle mazmunly hatlary Muhammet şa beýleki şäherlere-de ugradýar. Nusaý häkimine ýazan hatyna-da: “Bu öňki gören duşmanlarymyz däl” diýip garşylyk görkezmezligi tabşyrýar. Muhammet şanyň şeýdip ýörenden habarly Çingiz han 1220-nji ýylyň tomusyny Kaşkaderýa boýunda geçiripdir. Ol şol ýerden hem öz söweşlerde at alan iki sany serkerdesini Jebe we Subudaýy Muhammet şa gözlegine 30000 goşun bilen ugradýar. Muhammet şa gaçyp-gaçyp Hazar deňziniň günbatar kenarynda adam ýaşamaýan bir ada özüni atýar. Taryhçy W.W.Bartold ol adanyň kenar ýakasynda ýerleşen Abulkes şäheriniň golaýyndadygyny belläp, şol adanyň Aşyr ada bolmagy mümkindir diýip belleýär. Özüni ikinji Soltan Sanjar, Aleksandr Makedonskiý hasaplap ýören Muhammet şa II 1220-nji ýylda şol adada öýkeni sowuklap aradan çykýar. Ol ölen wagty ýanynda ogullary Jelaleddin, Ozlag şa, Ak şa bolupdyr. Şol ýerde Muhammet şa öz tagt mirasdüşeri edip Jelaleddini belläpdir. Jelaleddin Muhammet şanyň Aýjäjek atly türkmen aýalyndan bolupdyr. Muhammet şanyň yzyndan iberilen atly otrýad ony kowalap Mazanderana barýarlar. Şol ýerde hem Muhammet şanyň ölendigini eşidip Hazar deňziniň günortasy bilen Kawkaza girýärler. Kawkazyň üsti bilen günorta rus topragyna çykýarlar. Ol ýerde hem 1223-nji ýylda Halka derýaň boýunça rus goşunlary bilen söweş edip, Hazar deňziniň demirgazygy bilen ýene-de dolanyp gelýärler. 1220-nji ýylda Çingiz han Köneürgenç döwletiniň merkezi şäheri Ürgenje ugraýar. Bu ýere 1221-nji ýylda Jelaleddin hem öz doganlary bilen gelýär. Emma olar gelmänkä Muhammet şanyň ejesi Türkan Hatyn hazynasyny we öz garyndaşlaryny alyp Ürgençden gaçypdyr. Türkan Hatyn Garagum çölüniň üsti bilen ilki Ỳazyrhan türkmenleriniň arasyna, ondanam Mazenderan welaýatynyň haryjan we ylal galalaryna gaçýar we şol ýerde gezip ýören wagty mongol goşunlaryna ýesir düşüpdir. Türkan Hatyn Mongoliýada 1232-1233-nji ýyllarda aradan çykypdyr Ürgenje gelen Muhammet şanyň üç ogly atalarynyň ölmezinden öňünçä, oň wesýetini üýtgedip, Ozlag şanyň deregine öz tagtyny harby ukyplary üçin Jelaleddine berendigini jar edýär. Emma muňa Türkan hatynyň Ürgenji tabşyran gypjak serkerdeleri razy bolmandyrlar we basym öz taraplaryna Ozlag şany hem geçiripdirler. Sebäbi olar Jelaleddini ýigrenipdirler. Olar täze yglan edilen jar garşysyna her hili pitne turuzypdyrlar, ony öldürjek bolup dildüwüşik edipdirler. Bu ýagdaýda şäheri gorap bilmejegini bilen Jelaleddin kiçiräk otrýad bilen gizlinlikde şäherden çykyp gidýär. Ol göni Horasana barýar. Biraz wagtdan soň Ozlag şa hem Ürgençden gaçýar. Netijede Ürgenç şäheri gypjak serkerdeleriniň elinde galýar. Mongollar 1222-nji ýylyň gyş aýynda Ürgenjiň alkymynda peýda bolýarlar. Gaýradan gelen Juçyň we Buhara tarapdan gelen Ugedeýiň we Çagataýyň goşunlary kömege ýetişýär. Ürgenç Orta Aziýada mongollara garşy iň tutanýerli garşylyk görkezen şäher bolupdyr. Şäheri goraýjylar mongollaň ot zyňýan , daş zyňýan maşynlaryndan heder etmän şäheri gorapdyrlar. Ýöne gypjak serkerdeleriniň dönüklik edip, gala derwezesini açmagy bilen mongollar şähere kürsäp girip, ony basyp alypdyrlar. Olar şäheriň içine girenlerinden soňra her kwartaly hem köp ýitgiler çekip almaly bolupdyrlar. Bu ýerde köp ýitgiler çekilipdir. Ondan soň mongollar şäheri suwlandyrýan bendi ýykyp, şäheri suwa gark edipdirler. Şeýlelikde mongollar Köneürgenç döwletiniň paýtagtyny ýumrupdyrlar, ýakypdyrlar.

Çingiz han 1221-nji ýylda Tili hana Mara ýöriş etmegi tabşyrýar. Mary şol wagt Köneürgenç döwletiniň düzüminde-di. 1221-nji ýylda Tili han köp goşun we Horasandan ýygnalan 70 müň ýesir bilen Mara ýöriş edýär. Şol wagt Mary Köneürgenç döwletiniň düzümindäki şäherlerden özüniň baýlygy we kitaphanalary bilen tapawutlanýardy. Ony Muhammet şanyň gaýan dikmesi dolandyrýardy. Ol mongollaryň gelýändigini eşidip, ýazyrlaň ýurdyna gaçýar. Şäherde Şeýh-ul-yslam Şemsetdin wagtlaýynça häkimýet başyna geçýär. Şol wagt şähere Buga ýolbelet atly türkmen gelýär. Buga öz töweregine mongollara garşy göreşjekleri ýygnap başlaýar. Edil mongollaň gelmezinden öňisyrasy Mara Muhammet şa tarapyndan ozal wezipesinden boşadylan öňki Marynyň häkimi Müjir-al-Mülk gelýär. Ol özüni ýene-de Mary häkimi diýip yglan edýär. Ol mongollara garşy göreşjegini aýdanda, Buga we onuň tarapdarlary oňa tabyn bolýarlar. Beýle ýagdaý Şeýh-ul-yslam Şemsetdine ýaramaýar we ol Marynyň boş metjidinde mongollara garşy göreşýänlere ölüm diläpdir. Müjir-al-Mülk ony tutdyryp öldürdipdir. Emma Müjir-al-Mülkden halkyň tamasy çykmandyr. Ol günde serhoş bolup, haram keýp çekip geçiripdir. Şeýlelikde, Bugaň ýolbaşçylygyndaky gozgalaň ýeňilýär we Maryny Tulyhan basyp alýar.

Mongollar Ürgenç bilen Maryny bir döwürde eýelänlerinden soňra Orta Aziýany basyp almak işi tamamlanýar. Nusaýda Buharadan gaçyp gelip Ynanç han mongollardan üstün çykýar we öz goşunyna Köneürgenç türkmen döwletiniň derbi-dagyn edilen goşun üýşüp başlaýar. Ol Nişapurdaky Jelaleddiniň goşunyna goşulmak üçin gidipdir. Jelaleddin bolsa Nusaýyň eteginde mongol goşunlaryny derbi-dagyn edýär. Bu bolsa mongol goşunlarynyň ýeňilmez adyny puja çykarýar. Jelaleddin ondan soň Gazna şäherine gidyär. Ol 30 müň goşun toplapdyr. Emma onuň goşuny köp taýpalardan düzülipdir. Jelaleddiniň goşunlary bilen mongollaryň arasynda söweş Owganystanyň Penjşir jülgesinde bolýar. Bu söweş iki gije-gündiz dowam edipdir. Bu söweşde mongollar ýeňlipdir. Bu söweşde Jelaleddin köp olja galypdyr. Bu goşundan Çingiz hanyň ýanyna ujypsyz bölegi gaçyp barypdyr. Emma Jelaleddiniň goşunlarynyň içinde agzalalyk bolupdyr. Söweş gutaran badyna goşunlaryň arasynda olja üstünde dawa bolup, serkerdeler öz goşunyny alyp gidipdir. Diňe türkmenler onuň ýanynda galypdyr. Mongollaryň özüne garşy uallakan goşun toplap gelýändigini Jelaleddine ýetirýärler. Jelaleddin Gaznadan Hind derýasynyň boýuna çekilýär. Bu gezek mongol goşunyna Çingiz hanyň özi baştutanlyk edipdir. Çingiz han Gaznany garşylyksyz basyp basyp alyp ony talapdyr, ilatyny gyrypdyr. Jelaleddin bilen Çingiz hanyň arasyndaky aýgytly söweş 1221-nji ýylda Hind derýasynyň boýunda Nilýap geçelgesinde bolýar. Bu söweşe Jelaleddiniň özi hem gatnaşypdyr. Emma söweşiň iň gyzgalaňly, aldym-berdimli pursaty mongollaryň bukudaky 10 müň atlysy gelip, söweş tamamlanýar. Jelaleddin söweşde ýeňilýär. Onuň maşgalalaryny derýa oklaýarlar. Emma 7 ýaşly ogly ýesir düşýär. Çingiz han onuň oglunyň ýüregini alyp, tazy itine berýär. Jelaleddiniň özi bolsa at bilen derýa özüni urup, onuň aňyrsyna geçýär. Muny görüp Çingiz han haýran galýar. Ol Jelaleddini yzarlajagam bolmandyr. Jelaleddin özüni derýadan alyp çykan atyny ölýänçä ýanyndan aýyrmandyr. Ýöne ol atyny şol söweşden soň münmän, bakyp-bejeripdir. Jelaleddin 1224-nji ýyla çenli Hindistanda galýar. Soňra bolsa onuň ömrüniň ahyryna çenli Zakawkazýede geçýär. Ol bu ýerde hem mongollara garşy uruş alyp bardy. Emma Jelaleddiniň Zakawkazýede alyp baran soňky syýasaty ilatda ýigrenç döredipdir. Ol Tibilisi gabap, ony basyp alanda mongollardan hem erbet zalymlyk görkezipdir. 1227-nji ýylda Çingiz han ölenden soň Jelaleddin uruşmagyny goýupdyr. Ol 1231-nji ýylda bir Kürtiň öýünde dynç alyp ýatyrka ony biri öldüripdir. Şeýlelikde 1231-nji ýylda Köneürgenç türkmen döwleti synýar.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

FutbolGadymy MüsürGünorta AmerikaAleksandr Sergeýewiç PuşkinÇekimli harplarÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerGermaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygyndaFutbol taryhynda köp kömek edýärGurbannazar EzizowTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyÄrsary taýpasyGaraşsyzlyk binasyTürkmen TaýpalaryGuslHazar deňziGalaktikaTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiBrusellýozBabasylSylapow Muhammetseýit BabaýewiçÄnew metjidiniň ansamblyÝandakly çaýBathyz goraghanasyBelgiýaTürkmenistanyň gerbiGarajaoglanAba serdarTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeKiçi Balkan dagyMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyOrhan IAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarAzatlyk heýkeliHazar goraghanasyLionel MessiFilosofiýaMurgap derýasyGadymy Gresiýa taryhyTürkmenistan ýol belgileriAlek­sandr Graýam BellÖwlatIstihäzeGaragumTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriMerkezi Aziýa XVI-XVII asyrlardaTeke taýpasyGadymy Merw - müňýyllygyň şaýadyMalazgirt söweşiNikähTürkmenistan XV – XVI asyrlardaGajarlar döwletiGalikarnasdaky mawzoleySeljuklar döwründe ylym we medeniýetAbadan HalmedowaUly Balkan dagyAýratyn goralýan tebigy ýerler (AGTÝ) barada düşünjeRussiýanyň Ukraina basgynyJyns gatnaşyklaryNigeriýaDogramaIlkidurmuş jemgyýetiniň taryhyTürkmenistanAman KekilowBronhitWarikozTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaIswiçBerdinazar HudaýnazarowHydyr DerýaýewMerkezi AziýaAkmaýanyň ýolyTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarTürkmenistanyň geografiýasyGüljemal hanDümew🡆 More