Garagoýunly Döwleti

Garagoýunly döwleti — Garagoýunly türkmenler oguzlaryň iwe taýpasundan gelip çykandyr.

Garagoýunly döwletiniň baýdagynyň ýüzünde gara goýnuň şekili ýerleşdirilipdir. Döwlet Gara Ýusubyň hökümdarlyk eden döwründe (1410-1420) has güýçlenýär‚ ol Azerbaýjanyň ep-esli bölegini we tutuş Ermenistany eýeleýär. Gara Ýusup 1408-nji ýylda Temiriň ogly Mizan şany‚ soňra bolsa Bagdadyň häkimi Soltan Ahmed Jelaýyzy ýeňlişe sezewar edýär. Ol 1410-njy ýylda Garagoýunly türkmen döwletini esaslandyrýar. Döwletiň paýtagty Töwriz şäheri bolupdyr. Garagoýunlylar döwletiniň düzümine Azerbaýjanyň‚ Ermenistan‚ Kürdistan‚ Yrak girýär. 1420-nji ýylda Temiriň ogly Şahruh köp sanly goşuny bilen Hyratdan garagoýunlylaryň üstüne ugraýar. Uruş mahaly Gara Ýusup ýarawsyzlygy sebäpli aradan çykýar. Gara Ýusubyň ogly Jahan şanyň hökümdarlyk eden döwründe (1435-1467) Garagoýunlylar döwleti has berkeýär. Boýun bolmaýan çarwa begzadalarynyň merkezi döwlete boýun bolmagyny gazanýar. Jahan şa 1467-nji ýylda Muş diýen ýerde akgoýunly taýpasynyň ýolbaşçysy Uzyn Hasan bilen bolan çaknyşykda ölýär we Garagoýunly döwleti ýaşamagyny bes edýär.

Gargoýunly döwleti ýykylanyndan soň‚ onuň ýerlerinde Akgoýunly türkmen döwleti döreýär. Akgoýunly türkmen döwleti hem Töwriz şäherini öz paýtagtyna öwürýär. Akgoýunly türkmen döwleti Azerbaýjandan daşary Ermenistany‚ Kürdistany‚ Yragy we Eýranyň bir bölegini özüne birikdirýär.

Kaynag

Tags:

140814101467AzerbaýjanBagdadErmenistanMuş (il)TöwrizYrak

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Birleşen Milletler guramasynyň döredilmegiÇagry beg2020ýýTürkiýeHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriMähri PirgulyýewaTürkmen halkynyň kemala gelmegiÝerGijilewük sakyrtgasy2020Çärjew etrabyGünorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleriParižAbdylla ŞabendeTürkmenin Milli Saz Guraly DutarAziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”Beýik Ýüpek ýolyDrobGünbatar ÝewropaJelaleddin MeňburunBlogGuslWayback MachineDýatlow geçelgesiHapgyrtmaLatyn AmerikasyHepdeKöpetdagGaraşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmelerHttpGadymy MüsürHäzirki zaman nanotehnologiýalaryŞanamaMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriTäze ýyl baýramçylygy dürli senenamalardaSaparmyrat NyýazowSalvador DalíOkaraly çomuçPygam AzymowBBeýik Seljuk Türkmen döwleti Mälik şa döwründeHimiki reaksiýaDümewSurinamGün (ýyldyz)PortugaliýaOňurga ýiligiDeňiz ýyldyzyTagtabazar etrabyFI­FAJumaGuşElektronika we aragatnaşyk inženerligiDessanlarGüýzGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyWolgaOsman türkmenleriniň döwletiKerim GurbannepesowBitaraplyk binasyTebigy baýlyklarŞri-LankaGyzlar dünýäsiIordaniýaDünýäniň 7 täsinligiGumdagOrazaАк öýLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerAbu Reýhan Al-BiruniTürkmen milli oýunlaryAfrikaDaşoguz welaýatyAIW🡆 More