Byzaw

Byzawyň bedeni uzynja, gelşikli, öňki bir jübüt aýaklary gazyjy tipli, yzky aýaklarynyň içki taraplarynyň üstünde iki ýa-da üç sany ösüntgiler (şipler) bolýarlar.

Byzawyň bu görnüşi Türkmenistanyň hemme ýerlerinde diýen ýaly, şor bolmadyk toprakda ýaýrandyr. Ol ekin meýdanlarynda, mal dersleriniň köp ulanylýan ýerlerinde, parniklerde we teplisalarda has-da köp duş gelýär. Byzawyň imagosy we uly ösüş stadiýasynda bolan liçinkalary topragyň içinde, 20-90 sm çuňlukda gyşlaýarlar. Byzawlar aktiw ýaşaýşa esasan martda başlaýarlar. Byzawlaryň gyşlan uly liçinkalary aprel-maý aýlarynda ganatlanýarlar we olar uly osoblar bilen bilelikde maýyň ortalarynda ýeriň üstünde, gijelerine jübütleşýärler. Tohumlanan urkaçy byzawlar ýumurtgalary topragyň 10-20 sm çuňlugynda ýörite kameralara taşlaýarlar. Her bir kamera taşlanylan 200-e çenli ýumurtgalardan 15-20 günden soňra liçinkalar çykýarlar. Şu liçinkalar ganatlanýarlar we gyşlaýarlar. Gijiräk çykan liçinkalar ganatlanyp ýetişmän, uly ösüş stadiýasynda bolan liçinka görnüşinde gyşlaýarlar. Byzawlar Türkmenistanda gök, bakja däne ekinleriniň köklerini iýýärler we olaryň guramaklaryna sebäp bolýarlar. Byzawlar teplisalarda ösdürilip ýetişdirilýän hyýaryň, pomidoryň, açyk toprakda ekilýän kartofeliň hem ganym duşmanydyrlar. Türkmenistanyň göniganatlylaryny 1957-nji ýyldan bäri T.B.Tokgaýew öwrenýär. Bu mör-möjekler barada doly maglumatlary onuň işlerinde tapmak bolar.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Ahal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerKerim GurbannepesowGadymy HytaýArap diliSüýjülik (kesel)Balkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerNaryman JumaýewBürgütTekstMarketingTürkmenistanyň garaşsyzlyk baýramyÝatkeşligi ösdürmegiň usullary1929Dünýäniň 7 täsinligiGökbogmaZehin synagyKazanKöriçegeFaustTürkmenistan birinji jahan urşy ýylaryndaEne süýdiDaşoguz welaýatyTürkmensähraBiologik görnüşÄdäbFutbolKöneürgenç türkmen döwletiÖýjükHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyBeýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllardaIII. Jahan urşyÝabany we medeni ösümliklerTürkiýeDeňiz ýyldyzyPeruOsman türkmenleriniň döwletiJyns gatnaşyklaryItaliýaHaramTirkiş JumageldiýevOtuz iki tohum kyssasyGyzyljaSoltan SanjarDemirgazyk AfrikaŞirkÄnew medeniýeti - ak bugdaýyň WatanyGaýgysyz AtabaýewAhal-teke bedewleriMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDESeýitjemaleddin metjidiAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryMerkezi AfrikaKöpetdagZynaKüştTürkmenistanda Bank UlgamyTizlikÝarym adaKontinentGoşa ýyldyzlarBitcoinReformasiýaMatematikaBeki SeýtäkowTürkmen TaýpalaryBalkan DaglaryEkologiýa ylmyGökdepe urşyGünorta ÝewropaBrusellýozMukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyrWenesuelaGorkut Ata🡆 More