Türkmenistanda Bank Ulgamy.
2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň çäginde eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli 11 sany banklar öz işjeňligini alyp barýarlar, olaryň 6-sy döwlet täjirçilik banklary(DTB), 3-si paýdarlar täjirçilik banklary(PTB), 2-si daşary ýurt maýasy 100% bolan daşary ýurt banklarynyň(Germaniÿanyñ Doýçebankyň(Deutsche Bank) we Kommersbankyň(Commerzbank) bölümi.
Bank edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlar esasanam şahamçalaryň we wekillikleriň giň gerimi arkaly amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň dowamynda olaryň sany artmagyny dowam edip, şu günki günde Türkmenistanyň çäginde täjirçilik banklarynyň 128 sany şahamçasy we 408 sany gulluklary hereket edýär. Şahamçalaryň has giň gerimi "Daýhanbank" we "Türkmenistan" DTB-na degişlidir. Bank edaralaryň işgärleriniň sany 5.908 adamdan ybarat bolup, olar 1.353.554 müşderlerä hyzmat edýärler.
2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi banky bank ulgamynyň maýasynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli syýasatyny dowam etdi. Netijede, banklaryň umumy hususy maýasy 11,6% köpelip, 520,6 mln.manada deň boldy.
Bank ady | Bank görünişi | web saÿty |
---|---|---|
«Türkmenistan» | DTB | http://www.tnbk.tm/ |
«Senagat» | PTB | http://www.senagatbank.gov.tm Archived 2020-09-28 at the Wayback Machine |
Türkmen-Türk | PTB | http://www.turkmenturkbank.com/ Archived 2014-12-31 at the Wayback Machine |
«Prezidentbank» | DTB | http://www.presidentbank.gov.tm/ Archived 2016-10-22 at the Wayback Machine |
Türkmenistanyň döwlet ösuş banky | http://www.tdob.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine | |
«Daýhanbank» | DTB | http://www.dayhanbank.gov.tm/ |
«Garagum» | HPB | http://www.garagumbank.gov.tm/ Archived 2013-02-14 at the Wayback Machine |
Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky | http://www.tfeb.gov.tm/ Archived 2011-08-24 at the Wayback Machine | |
«Türkmenbaşy» | DTB | http://www.tbbank.gov.tm/ Archived 2021-09-09 at the Wayback Machine |
«Halkbank» | DTB | http://www.halkbank.gov.tm/ Archived 2016-01-09 at the Wayback Machine |
«Rysgal» | PTB | http://www.rysgalbank.tm/ru/ Archived 2015-05-03 at the Wayback Machine |
-PTB-paýdarlar täjirçilik banky -DTB-döwlet täjirçilik banky
2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank ulgamynyň gelejekgi ösüşini, şeýle hem netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaklygy üpjün edýan baş ýorelgesiniň ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:
2009-njy ýylda Türkmenistanyň banklarynyň işjeňligi oňaýly görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän banklaryň 2009-njy ýylyň dowamynda edilen hyzmatlardan alan girdejileriniň möçberi 399,7 mln.manada deň boldy. Netijede, hasabat ýylynda bank ulgamy tarapyndan 145 mln.manat möçberinde peýda gazanyldy. Şonlukda, bank ulgamynyň girdejileriniň esasy çeşmesi karzlaşdyrma we ýygymlar bilen baglanyşykly amallar bolup galýar.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Türkmenistanda Bank Ulgamy, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.