Bawariýa Sowet Respublikasy

Bawariýa Sowet Respublikasy — Oktýabr sossialistik rewolýussiýasynyň täsiri bilen Germaniýada ýaýbaňlanan rewolýussion ýokary göteriliş netnjesinde 1919 ýylynyň 13 aprelinde Bawarnýada dörän sowet respublikasy.

Ol 1919 ýylynyň 1-nji maýyna çenli dowam edýär. 1918 ýylynyň Noýabr rewolýussiasyndan soň häkimiet başyna geçen sagçy s-d-laryň liderleriniň dönükçilikli syýasat ýöretmegi zerarly Bawariýada synpy göreş has ýitileşipdwr. Rewolýussion hereketiň çuňlaşmagyndan we öz täsiriniň ýitirilmeginden howatyrlanan Bawariýa s-d-lary köpçüligi aldamak maksady bilen sowet adyna perdelenen hökümet döretjek bolup synanyşypdyrlar. Kommunistler olaryň bu planlaryny paş edipdir. Emma Tolleriň baştutanlygyndaky «garaşsyz s-d-lar» 1919 ý-yň 7 aprelinde Sowet respublikasyny yglan edýärler. Tolleriň hökümeti halkyň bähbitlerini goramak üçin hiç bir iş geçirmändir, iş ýüzünde ol ýöne hyýaly sowet respublikasy bolupdyr. Buržuwa diktaturasyny aç-açan dikeltmek maksady bilen kontrrewolýussionerler tarapyndan guralan pitne Mýunhen işçileri tarapyndan basylyp ýatyrylýar. 13 aprelde Mýunhende häkimiýet kommunistleriň eline geçýär. Respublikanyň ýokary häkimiýeti bolan Hereket ednji komitet we kommunistleriň (E. Lewineniň we b-yň) başda durmagynda "Ýerine ýetiriji sowet" döredilýär. Hereket ediji komitetiň we Ýerine ýetiriji sowetiň düzümüne «garaşsyz s-d-dar» hem giripdir. B.S.R-nyň hökümeti proletar diktaturasynyň programmasyny amala aşyryp başlaýar: kärhanalarda işçi kontrollygyny giriznär, buržuwany ýaragsyzlandyrmaga girişýär, banklary millileşdirýär, Gyzyl Goşun düzýär, kontrrewolýussiýa garşy göreşmek boýunça adatdan daşary komissiýa döredýär. Emma Bawariýa kommunistleri öz işlerinde birnäçe ýalňyşlyklar goýberýärler. Olar garyp we orta daýhanlaryň ýagdaýlaryny gowulandyrmak, işçi synpy bilen daýhanlaryň birleşigini dikeltmek üçin gaýra goýulmasyz çäreler görmediler, içerki kontrrewolýussiýa garşy göreşde ýaýdanjaňlyk etdiler. B.S.R-na garşy Ebertiň-Şeýdemanyň merkezi german hökumetiniň birleşen ýaragly güýçleri we beýlekiler çykyş etdiler. Respublikanyň ýeňilmegine «garaşsyz s-d-laryň» başbozarlygy sebäp bolupdyr, olar töhmet we şugulçylyk edip, kommunistleriň hökümetiň düzümünden gitmeklerini gazanypdyrlar, soňra olaryň garşysyna front açypdyrlar. 1919 ýylynyň 1 maýynda B.S.R. dargadylýar, emma Gyzyl Goşunyň esgerleri şäheriň köçelerinde 5 maýa çenli söweşler alyp barýarlar.

Bawariýa Sowet Respublikasy

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

GaýanaMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiAbaý KunanbaýewÝolbarsTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyProstatitFotoelektrik EffektKöneürgenç türkmen döwletiJyns gatnaşyklaryMarguş - MargianaKelle beýnisiSurinamPomidoryñ adam saglygyna peýdalysyTürkmen - Türk paýdarlar täjirçilik bankyTürkmenbaşyGruziýaGeografiýaAman KekilowSuw ýetmezçiligiTäze Nusaý galasyTäçmahalPuluň gelip çykyşynyň taryhyAhal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerTürkiýeGaramyk (kesel)Bitaraplyk binasyTürkmenistanyň baýdagyMätäjiAziýa oýunlaryMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyBelgiýaHlamidiozHäzirki zaman nanotehnologiýalaryGülli ösümliklerSosiologiýaBrusellýozTrihomoniazVK.comMatallarRussiýaOsman türkmenleriniň döwletiKubaBronhitTäçmämmet JürdekowMalaziýaGünorta AziýaAtamyrat AtabaýewAziýada Ikinji Jahan Urşy«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyGanazlykZehin synagyPsihologiýa düzgünleri we gurluşyBathyz goraghanasyMaşgala kanuny (Yslam)Oňurga ýiligiBitin sanlarOrazaSeýitnazar SeýdiMähri PirgulyýewaNasreddin şaBiotehnologik maglumatlar milli merkeziNurberdi hanFI­FAISBNPulMäne baba aramgähiNikaRepetek goraghanasyTäjigistanTürkmenistanyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyna we sowet döwrüne degişi çeşmelerÝunus EmreAbadan HalmedowaBürgütSSSR 1946-1950-nji ýyllarda🡆 More