Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna - Türkmenistanyň öňki döwlet işgäri.
Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna | |
Doglan wagty we ýeri | 1974 Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Etrek şäherçesi |
---|---|
Milleti | Türkmen |
Bilimi | Ýokary |
1974-nji ýylda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Etrek şäherçesinde doguldy. Milleti turkmen.
Ýokary bilimli. 1999-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlady. Hünäri boýunça dilçi we edebiyatçy, iňlis dili we edebiçaty mugallymy.
Zähmet ýoluna 1991-nji ýylda «Başgaragumgurluşyk» trestiniň Abadan gurluşyk materiallary we konstruksiýalar kombinatynyň çagalar bagynda başlaýar.
1992-1994-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki «Abadan» halyçylyk kombinatynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup işleýär.
1994-1995-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Abadan etrap häkimliginiň durmuş ykdysady üpjünçilik bölüminde dürli wezipelerde işledi.
1995-1999-njy ýyllarda Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili kafedrasynyň uly laboranty.
2007-2011-nji ýyllarda bu ýokary okuw mekdebiniň iňlis dili kafedrasynyň mugallymy.
2011-2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy, institutyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň uly mugallymy wezipelerinde işledi.
07.11.2014-01.12.2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinde işledi.
01.12.2017-26.01.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri.
26.01.2018-04.07.2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.