Wikipediýada elin agtaryşlar ýa-da edilen gözlegleriň üstünde barylan elin netijeler we beýleki materiallar üstünde barylan elin netijeler neşir edilmeli däldir.
Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri |
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr. |
Bu diýmek, editorlar neşir edilen hipotezler, maglumatlar, anketalar, beýanlar, jarnamalar, jedeller, habarlar, eserler we şuňa meňzeşleri özleriçe teswirläp özleri karara baryp o kararyny Wikipediýada neşir edip bilmezler. Şuňa meňzeşlikde, beýle materiallar üstünde amala aşyrylan emma neşir edilmedik gözlegler hem neşir edilmeli däl.
Elin agtaryşyň gadagan edilmegi diýmek Wikipediýa makalasyny emele getirýän mazmun ygtybarly we neşir edilen çeşmä aýyklanan ýagdaýda bolmalydyr. Tassyklama kadasy makala içine alynan sitatalar başda bolmak bilen ähli mazmun bir çeşmä salgylanmalydyr diýýär.
Mazmun aýyklanmaly hem bolsa plagiarizm amala aşyrylmaly däldir, çeşmeleriň göçürme haklary bozulmaly däldir. Mazmunyň asyl manysyny çalyşmazdan gaýtadan şekillendirmek elin agtaryş hasaplanmaýar.
Elin agtaryşlara ýer bermezlik Wikipediýanyň 3 esasy ýörelgesinden biridir. Beýleki ikisi Tassyklama we Bitarap nukdaýnazardyr. Bu 3 kada sazlaşykly hereket edýändigi üçin biri-birinden aýry teswirlenmeli däldir we Wikipediýa goşant goşmakçy editorlar bularyň 3-si bilen hem içgin tanyşmalydyr.
Bar bolan çeşmelerdäki maglumatlary mazmun kadalary esasynda ýygnamak, jemlemek we tertiplemek ensiklopediýa ýazmagyň binýadydyr. Iň gowy amal tema babatda iň ygtybarly çeşmeler üstünde gözleg geçirmek we bar bolan maglumatlary degişli eýelerine aýyklap öz sözleriňiz bilen jemlemekdir. Çeşme mazmuny ätiýaçly ýagdaýda manysyny we maksadyny üýtgetmezden jemlenmelidir ýa-da gaýtadan ýazylmalydyr, çeşmelerde gürrüňi edilen çäkden çykmazlyga üns berilmelidir. Çeşmeleri kontekstinden daşary ulanmaň, gysgaça aýdanda çeşmelere sadyk boluň.
Bir tema barada garaşsyz we ygtybarly çeşme ýok bolsa onda bu tema Wikipediýada orun berilmeli däldir.
Esassyz mazmun elin agtaryş netijesi hasaplanar. Amala aşyran özgerişik elin agtaryş däldigini görkezmegiň ýeke-täk ýoly o özgerişigi ygtybarly çeşme bilen goldamakdyr. Ygtybarly çeşmeler hem kontekstden daşary ulanylsa ýa-da öňe sürmedik, açyk beýan etmedik netijesine barmak üçin ulanmak hem elin agtaryşdyr. Ygtybarly çeşmeler adatça şulardyr:
Adatça neşir edilen eseriň gözegçiligi näçe köp elden geçse şonça ygtybarly hasaplanýar. Elin-neşir çeşmeler adatça ygtybarsyz hasaplanýar emma munuň daş-tutmalary bardyr. Munuň üçin serediň: Elin-neşir çeşmeler ygtybarly çeşme hökmünde ulanylmagy
Wikipediýa makalasynda orun berilen maglumatlar salgylanylan çeşmelerden tassyklanyp bilinmelidir. Adatça makala mazmunlary bitakyk we durnuksyz, wagtlaýyn çeşme mazmunlaryna esaslanmaly däldir. Dürli ýorgutlara açyk parçalar takyk sitirlenmelidir ýa-da dolulygyna gaça durulmalydyr. Çeşmede aýdyň däl netijä baryp ony Wikipediýada serpikdirilmeli däldir. Çeşmeleriň kontekstinde we öz temasynda salgylanylmagy wajypdyr.
Wikipediýada üpjün edilen maglumatlar ygtybarly, bitarap we garaşsyz çeşmelere esaslanmalydyr. 2-nji we 3-nji derejeli çeşmelere hem esaslanylyp biliner. 2-nji we 3-nji derejeli çeşmeler adatça makalanyň mynasyplygyny görkezmek we öwrenje ýorgudyndan gaça durmak üçin gereklidir. 1-nji derejeli çeşmeleriň tarapgöýlügi, ygtybarlylygy we ş.m. baradaky nägilelikler we bellikler 2-nji we 3-nji derejeli çeşmelere aýyklanmalydyr.
Salgylanylan ceşmäniň derejesini kesgitlemek hemişe diýen ýaly editorial kazyýete we akyla baglydyr. Bir çeşme bir beýanatynda 1-nji derejeli baş çeşme, beýleki bir beýanatynda 2-nji ýa-da 3-nji derejeli çeşme hasaplanyp bilner, bir çeşme bir mesele babatda 1-nji derejeli beýanaty hem öz içine alýan bolmagy mümkin 2-nji derejelini hem. Bu kadalaryň düşündirişi maksatly 1-nji, 2-nji we 3-nji dereje çeşmeler şeýle kesgitlenýär:
Wikipediýa makala ýazylýarka birnäçe çeşmäni biri-birine garyşdyryp olarda bolmadyk netijä barylmaly däldir. Wikipediýa makalasynda orun beriljek mazmun salgylanylan çeşme tarapyndan aýdyň beýan edilen ýagdaýda bolmalydyr. Çeşmeleriň biri bir waka barada A diýýän bolsa beýlekisi B diýýän bolsa bu 2-sini garyşdyryp Ç netijesine baryp ony neşir etmek gadagandyr. Beýtmek üçin Ç netijesine baran çeşmä salgylanylyp biliner.
Bir materialy Türkmençe tüýs ýürekden we dürs terjime etmek ýa-da audio faýllardaky owazy ýazga dökmek elin agtaryş hasaplanmaýar.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Wikipediýa:Elin agtaryş gadagan, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.