Taryhy Tapyndyly Jeýtun

Taryhy tapyndyly Jeýtun Türkmen topragy dünýade iň gadymy ekarançylyk medeniýetiniň dörän we ösen ýerleriniň biri hasaplanylýar.

Munuň özi Türkmenistanyň taryh babatynda has gadymy köklere daýanandygyny görkezýär. Taryhçy alymlaryň gelen ylmy netijelerine görä, Jeýtunda ýaşan gadymy ata-babalarymyz hem yuwaş-yuwaşdan ekerançylyk medeniýetini özgeşdiripdirler. Türkmenistanyň günorta etraplarynda neolit zamanynyň medeniýeti “Jeýtun medeniýeti” diýen at bilen taryha girdi. Ol diňe Orta Aziýada däl, eýsem bütin gadymy gündogarda ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Jeýtun şol zamanyň ýadygärligi bolan Jeýtun obasynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Arheologlar şu ýerdäki gadymy kakyň ady bolan “Jeýtun” sözüni depäniň ady hökmünde kabul edipdirler. Ol Aşgabadyň 30 km demirgazygynda, häzirki Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Jeýtun medeniýeti, takmynan, Baharly etrabyndan başlap, Mäne-Çäçä çenli Köpetdagyň etegini hem-de Demirgazyk Eýranyň çäklerini öz içine alypdyr. Bu ýadygärlik arheolog W.M.Masson tarapyndan uzak ýyllaryň dowamynda öwrenildi. Jeýtunyň diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem ozalky SSSR-iň çäginde hem iň gadymy ekerançylyk obasydygy belli edildi. Köpetdagyň eteginde ýerleşen Jeýtun medeniýetine degişli Çagyllydepeden, Çopandepeden, Pessejikdepeden tapylan keramiki gap-gaçlar elde ýasalypdyr. Olar dürli görnüşde ýasalyp, ýönekeýje nagyşlar bilen bezelipdir. Jeýtunlylaryň öz guran jaýlarynyň diwarlaryna çekilen haýwan şekilleri tebigy reňkler bilen bezelipdir. Olar geçiniň, goýnuň we öküziň, ylaýta-da, dag keýikleriniň(geçileriniň) ösümlikleriň arasynda otlap ýören ýa-da dag arçasynyň kölegesinde dynç alýan şekilleriniň ilkinji nusgalaryny döredipdirler.

Jeýtun obasy inedördül görnüşli bir otagly jaýlardan ybarat bolupdyr. Her jaýda 5-6 adam ýaşapdyr. Jaýlaryň diwarlary kerpije kän meňzemeýän, uzynlygy 60-70 santimetr böleklerden ybarat süýnmek görnüşli laýdan biri-biriniň üstünden örülipdir. Jaýlaryň käbiriniň ýanynda hojalyk üçin goşmaça jaýlar gurlup, käbiriniň daşyna palçykdan haýat aýlanypdyr. Howlynyň içinde däne saklamak üçin çukurlar gazylypdyr. Jeýtunlylaryň ekerançylyk bilen meşgul bolandyklaryna suwaga garylan samanyň arasyndaky arpa, bugdaý däneleri hem-de ulanylan iş gurallary şaýatlyk edýär. Jeýtundan tapylan tapyndylaryň arasynda pyçaklar, oraklar, gyrgyçlar hem-de agaç ýa-da süňk sapyň ujuna berkidilýän dürli görnüşli ýukajyk daş bölekleri agdyklyk edýär. Olardan başga-da däne owradylýan daşlar, sapana salnyp atylýan göjekler, süňkden ýasalan temenler, balykgulaklardan edilen monjuklar, dokmaçylykda ulanylýan ikbaşlar tapylypdyr.

Türkmenistanyň günorta sebitinde küýzegärçiligiň döremegine itergi beren sebäpler we şertler biziň eramyzdan öňki VII-VI müňýyllyklarda ýüze çykypdyr. Ýokarda getirilen mysallar sungat derejesine ýeten küýzegärçilik senediniň öz gözbaşyny Jeýtun medeniýetininden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Jeýtunyň ilkinji küýze önümleri tekiz düýpli bolup, lenta usulynda ýasalypdyr. Küýze ýasalýan palçyga owradylan saman garylypdyr. Küýze önümleriniň köpüsi gyzyl reňkli nagyşlar bilen bezelipdir. Nagyşlar ýönekeýje bolup, dikligine ýa-da ýapgyt çekilen we egrem-bugram çyzyklardan ybarat bolupdyr. Alymlaryň pikirine görä, Jeýtunda jemi 150-160 töweregi adam ýaşapdyr diýip, çaklanylýar. Gadymy ilat ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. Ýöne hojalykda ekerançylyk esasy orny tutupdyr. Görnükli alym B.M.Massonyň pikirine görä, obadaky ilatyň däne hasylyna bolan islegini kanagatlandyrmak üçin 20 gektardan az bolmadyk ekin meýdany gerek bolupdyr. Biziň eramyzdan öňki VI müňýyllyga degişli Jeýtundan tapylan aýal şekili toýundan ýasalypdyr. Şeýle hem bu ýerden tapylan altmyşa ýakyn şekilleriň diňe altysy adam şekilli, galanlary bolsa haýwan şekilleridir. Bu tapyndylar neolit ýa-da başgaça aýdanyňda täze daş asyry döwrüniň adamlarynyň estetiki islegleriniň ösüp başlandygyny aňladýar. Jeýtun medeniýetine degişli gazylyp alnan tapyndylardan mälim bolşy ýaly, daşa, süňke çyzgy, şekil, haşam nagyş çekmegiň ilkinji nusgalarynyň bolandygyny alymlar tassyklaýarlar. Şeýle-de, şol döwürde külalçylygyň, hojalyga zerur bolan küýze önümleriniň, galla saklanýan gap-gaçlaryň ýasalmagy, jaýlaryň saman suwaglar bilen suwalmagy, eýýäm Jeýtun medeniýetiniň durmuş ýörelgeleri bolan ekerançylyk, awçylyk, maldarçylyk bilen bir hatarda binagärçiligiň hem düýbüniň tutulyp başlanylandygyna şaýatlyk edýär. Jeýtun medeniýetine degişli Pessejikdepede örän galyň we berk daşky diwarly, meýdany has uly, adaty bolmadyk bir jaýyň üsti açylýar. Jaýyň meýdany örän uly bolup, oňa obanyň ilaty ýerleşip biljek. Bu bolsa, jaýyň jemgyýetçilik, ýagny köpçülik üçin niýetlenendigine güwä geçýär. Jaýyň doiwarlarynyň ak suwagynyň ýüzüne gyzyl we gara reňkler bilen çekilen toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň, agaçlaryň, üçburçluklaryň we adamlaryň şekilleri adamzat taryhynda iň gadymy suratlaryň hataryna girýär. Gadymy mmedeniýetleriň medeni ojaklaryň üstüniň açylyp alymlar tarapyndan ylmy esasda öwrenilmegi, gadymy senetlerimizi sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyzyň ussatlygyna we öz döwrüne mahsus giň dünýägaraýyşlaryna göz ýetirmäge ýärdam edýär.

Gutlyýewa Gözel, Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty Halkara Ynsanperwer we Ösüş Uniwersiteti

Tags:

PessejikdepeÇopandepe

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekKompýuter grafikasyHytaý Halk RespublikasyGadymy HindistanHytaý diliAndlarHanefi mezhebiNanotehnologiýaGadymy HytaýIlatŞükür bagşyTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriAdaglamaTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyBekre balykÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryIňlislerFutbol boýunça dünýä çempionaty-2018KüştNýu-Ýork şäheri.moTürkmen tamdyryTebigatMyrat TalybyABŞ – Türkmenistan gatnaşyklaryXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiAman KekilowErkin gaçma tizlenmesiFutbol taryhynda iň köp oýun uran oýunçylarAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryGadymy MüsürPaleolit döwriNowruzBasketbolAfrika ýurtlary orta asyrlardaHaýzJeňnamaTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy we türkmen taryhyBiosferaBütindünyä taryhynyň esasy döwürleriISBNOrhan IMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Türkmenistanyň prezidentiBedeneSaýat etrabyGünäAmyderýa goraghanasyJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)Awstriýa-Türkmenistan gatnaşyklaryHepdeLondonGyzylarbatBoldumsaz etrabyWektor ululyklarTürkmenistandaky etraplar we şäherlerSakarçäge etrabyAlabaýLatyn AmerikasySüýtTürkmenistanyň adalat ministrligiOkeaniýaKöriçegeKöneürgenç türkmen döwletiAbaý KunanbaýewGökleňPygam AzymowMicrosoftOwganystanTürkmenistan XV – XVI asyrlardaNikähBürgütGaramyk (kesel)PagtaPetir çörek🡆 More