Sapar Öräýew

Sapar Öräýew —Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulysy.

Sapar Öräýew 1932-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda doguldy. Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini,Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky iki ýyllyk kursuny tamamlady.

Sapar Öräýew lirik şahyrdyr. Onuň onlarça liriki poemalary we goşgulary ynsan gözelligini,onuň sada zähmetini ýokary çeperçilik bilen wasp edýär. Şahyryň ussatlyk bilen ýazylan şygyrlarynyň birnäçesine kompozitorlarymyz saz düzdüler. Şahyryň "Gyzlaryň","Çopanlar","Gözlerim seni gözlär" ýaly onlarça şygyrlaryna düzülen aýdymlary ussat aýdymçylarymyz,çeper höwesjeňlerimiz halk arasynda ürç edip ýerine ýetirýärler.

Sapar Öräýew köplenç ulular üçin ýazýan bolsa-da,çagalary hem gözden salmaýan şahyr. Onuň çagalar üçin ilkinji kitaby 1964-nji ýylda "Yzlar" ady bilen çap edildi. "Gül bilen gurjak","Akdereli Akmaral","Geliň oýnalyň" ýaly kitaplary hem ýörite çagalara we ýetginjeklere niýetlenendir.

"Oba oglany" atly roman-ýatlamasy Sapar Öräýewi kyssaçy hökmünde-de tanatdy. Bu romanda çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelen oba oglanlarynyň öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin döz gelen kynçylyklary beýan edilýär. Göreşlerden doly ykbaly dartgynly wakalaryň üsti bilen teswirlenýär.

Tags:

Daşoguz welaýatyGörogly etrabyTürkmenistan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

OwganystanNikähŞäherSingapurAşgabatMährem çynarAýbaşySql injectionSöz toparlaryOsman imperiýasyGadyr gijesiNikaBirleşen Milletler GuramasyBosniýa we GersegowinaTürkmenistanyň MejlisiHüwdülerÝabany we medeni ösümliklerGeografiýaAman Kekilow28 noýabrGaýgysyz AtabaýewPars diliBelarusDemirgazyk Kipr Türk Respublikasy2 dekabrIslami NakylTürkmençe WikipediýaBerdinazar HudaýnazarowKömekçi sözlerBeýik Mogollar imperiýasyTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutyKöneürgençTürkmenistanda Bank UlgamyNurmuhammet AndalypIsaak Nýuton16Abdal türkmenleriniň Russiýanyň raýatlygyna geçmegiAhal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerRealist howpsuzlyk ebeteýiFutbolKeniýaEýran3Mahmyt KaşgarlyISosiologiýaAşgabat şäherindäki 33-nji mekdepSarymsakGaragum etrabyMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriTürkmenistanyň prezidentiÝewropaTürkmenistan gadymy zamanda.jpTürkmenistanyň taryhyKarry söweşiDurdymyradow Kerim HajyýewiçTürkmen - Türk paýdarlar täjirçilik bankyPifagoryň teoremasyKöriçegeGündogar AziýaSanawaçlarGanazlyk1946Ahal welaýatyNurmuhammed AndalypNury Halmämmedow.cxMagtymguly etrabyElektrik inženerligiTürkmenistanyň adalat ministrligiMatematika🡆 More