Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasportyny 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.
Türkmenistanyň raýatlarynyň häzirki wagtda ulanylýan pasportlary 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklaýar.
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.
Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.
Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.
Pasport Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär. Pasport Türkmenistanyň her bir raýatyna, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara resmileşdirilýär.
Pasport raýatyň şahsy arzasy boýunça berilýär. Ýaşy 18-e çenli bolan çagalara we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasport olaryň ata-enelerinden ýa-da kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy esasynda resmileşdirilýär. Pasport kämillik ýaşyna ýetmedik çaga resmileşdirilende onuň bolmagy hökmandyr.
Pasport on ýyla çenli, 16 ýaşa ýetmedik çagalara – bäş ýyla çenli möhletde berilýär. Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.
Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.
Zerur halatlarda pasportlar raýatlaryň arzasy boýunça çalşylyp bilner. Pasportlar şu halatlarda çalşylýar: hereket edýän möhleti tamamlananda; familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgände; ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda; ulanmaga ýaramsyz bolanda; ygtyýarnamalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.
Pasportlar olary resmileşdirmek üçin bellenilen tertipde çalşylýar. Pasportyň eýesi: pasporty aýawly saklamaga; ygtyýarly wezipeli adamlaryň talaby boýunça ony görkezmäge; onuň ýitirilmegi ýa-da tapylmagy barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge; täze pasport alanda könesini tabşyrmaga; pasport ulgamynyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyr. Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.
Almak boýunça gerekli resminamalaryň sanawy
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 512 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy:
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat;
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy;
Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy;
Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda delilhaty;
Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy;
Harby bilet we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden kepilnama;
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy (30 manat) ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama; 16 ýaşy dolmadyk çagalar; uruş weteranlary; zähmet weteranlary; ähli derejedäki maýyplar;
Ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň pasportlary we olaryň nusgalary (16 ýaşy dolmadyk çagalar üçin);
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin ata-enelerinden ýa-da beýleki kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy (18 ýaşy dolmadyk ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar üçin);
Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekildiginiň hukugyny (kanunylygyny) tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda: Türkmenistanyň çäklerinde ýitirilen ýa-da ogurlanan bolsa, pasportyň yitirilendigi ya-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama; Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýitirilen ýa-da ogurlanan bolsa, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen ýurduna dolanmak hakynda şahadatnama;
Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) bar bolan raýatlaryň daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy.
Administrators: Use the button if the bot is not working properly.
This user account is a bot operated by Harej (talk). It is not a sock puppet, but rather an automated or semi-automated account for making repetitive edits that would be extremely tedious to do manually. Administrators: if this bot is malfunctioning or causing harm, please block it.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Türkmen pasporty, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses. ®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.