Işan

Işan —Nagyşbendiniýe tarykatyň sopy wekillerine “Işan” diýipdirler.

Işanlar sopyçylyk bilen meşgullanyp dini däpleri we sünnetleri berjaý edýärler. Olar Türkmensährada hormatly şahsyýetler hasaplanýar. Hepdäniň her penşembe we jumga günleri ylahyýet ylymlaryny öwrenmek üçin mesjitlere ýygnanyşýarlar.

Işanlar her gije ýassy namazy okanlaryndan soň ýygnanyşyp sopyçylyk tarykatyny berjaý edýärler. Kä halatlarda türkmenler olara tebiplik derejesine çenli ynanypdyrlar. Çagalar näköklän mahallarynda işanlaryň ýanyna alyp baryp näkök çaga dem saldyrypdyrlar. Olar keramatly adam hökmünde saýlanypdyrlar. Günorta-Günbatar türkmenleriň arasynda işanlar hakda dürli rowaýatlar hem aýdylýar. Çaga dogurup bilmeýän durmuşly maşgalalar olara ýykylmagy bilen şypa tapan az bolmandyr.

Türkmenler işan we öwlatlar aradan çykandan soň jaýlanlarynda üstüne günmez dikeldip mowzeleý gurmak däbi bilen olary hormatlapdyrlar. Türkmen zenan maşgalalary oňa zyýarata gidipdirler. Rowaýatlaryň arasynda Kümüsdepe-Esenguly etraplarynda ýaşap geçen Berdijepbar işan hakda aýdylan rowaýat has gyzyklydyr. Ol etraplaryň ýaşaýjylary deňiz gyrasynda ýaşaýandyklary üçin deňiz söwdasy bilen meşgullanypdyrlar.

Günlerde bir gün türkmen täjirleriniň nawlary deňziň ortasynda suwlap gark boljak halatynda, olar Berdijepbar işanyň adyndan nazr aýdyp sygynypdyrlar. Şeýle howuply ýagdaýda nawyň döwülen ýeri birden-ikä beslenip gidiberipdir. Nawçylar gark bolmakdan halas bolup, deňziň gyrasyna çykypdyrlar. Henizlere çenli bir adam howply ýagdaýa duçar bolanda “Ýa Berdijepbar işan!” -diýip oňa sygynýarlar.

Häzir onuň nebereleri Esenguly etrabynda ýaşaýarlar. -Şeýle işanlaryň arasynda Ketde Pir Işan (Işan kaka, asly Hywa Buharaly türkmen Hojanepes etrabynda ýaşap ýaňy ýakynda dünýäden gaýdýar.), Gara Işan, Ata Işan (Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň nebereleri), Posalak Işan (Asly Balkanly belli Gara Işanyň ogly), Ak Işan, Hakberdi Işan ... ýaly işanlar halk arasynda belli özüni tanadan keramatly adam bolupdyrlar. "Işanlara barsaň iş hem bar aş hem bar" - nakyl

Çeşme

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

TelewizorPnewmoniýaNusaý galalaryJek LondonTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryHüwdülerMerezýelGuragyry keseliOguz hanSeljuk beg911BangladeşYrakPifagoryň teoremasyPomidorDümewWikipediýaAşgabadyñ halkara howa menziliMarguş - MargianaTürkmen halkynyň kemala gelmegiJibutiTupak ŞakurOguznamaKairMongoliýaBill GeýtsAlmaniýaAtabaý ÇargulyýewJavaScriptSingapurAtmosferaKöpetdag1901Koreýa RespublikasyTwitterBasketbolAziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”InformatikaTürkmen edebiýatyTürkmen alabaýyÝomut tiresiPalawStatistikaGazagystanÝyllaryň sanawy1945Äl-Fälak2018TGyrgyzystanIswiçGünäX2 dekabr9Türkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaÄl-FätihäHazar deňziReýnGuslBelgiýaTürkmenistanyň Merkezi bankyTürkmenistanyň demokratik partiýasyAta Gowşudow2005SalawatAtajan TaganŞäherDaşoguz welaýatySin nasilşalygyMusaMerkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründeBirinji jahan urşy🡆 More