Magtymguly Han

Ahal tekeleriniň belli hanlarynyň biri Nurberdi hanyň ogly hem oruntutary.

1880-nji ýylda Nurberdi han aradan çykandan dört gün soň Magtymguly han bütin Ahalyň hany diýlip yglan edilipdir. Han bellenen wagtynda Magtymguly han örän ýaş eken. Şoňa deňiç ol ylymdan, bilimden geregini edinen-de bolsa, heniz urşa, alamana gatnaşyp görmän eken. Şonuň üçin hem tejribeli Orazmämmet han onuň wezirligine, Gurbanmyrat işan bolsa tutuş Ahalyň kazylygyna bellenipdir. Şol wagt patyşa hökümeti Ahaly basyp almak üçin ikinji gezek harby ýörişe taýýarlyk görýärdi. Müňlerçe adamy öz içinde toplan Gökdepe galasynyň bu gezekki goranyşyna meşhur Gurbanmyrat işandyr Dykma serdar bilen birlikde Magtymguly han hem ýolbaşçylyk edipdir. Mälim bolşy ýaly, Gökdepe galasy 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ýarag güýji bilen syndyrylýar. Şondan soň Magtymguly han takdyra ten berip, patyşa häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk etmeli bolýar. Aýratyn hem Tejeniň we Mary etraplarynyň Russiýanyň raýatlygyna uruşsyz geçmekleri ugrunda tagalla baryny edýär. Bu hyzmatlary üçin Zakaspidäki rus komandowaniýesi Magtymguly hanyň sylagyny ýetiripdir. 1884-1890-njy ýyllarda oňa ilki maýor, soňra podpolkownik çini berilýär, şeýle hem Tejen okrugynyň naçalnigi wezipesine bellenilýär. Magtymguly han birnäçe gezek Peterburga baryp gelipdir, ikinji döwlet dumasynda Zakaspi türkmenleriniň adyndan wekilçilik edipdir. Patyşa hökümeti Magtymguly hanyň bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, oňa polkownik çinini berýär, ömürlik uly pensiýa belleýär hem-de ony ordendir medallaryň ençemesi bilen sylaglaýar. Türkmenistanyň geçmişini öwrenýän taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Magtymguly hanyň ömrüniň soňky döwrüne degişli ýazgy maglumatlary galmandyr. Diňe Raýatlyk urşy wagtynda, ýagny 1918-nji ýylyň tomsunda Zakaspide kontrrewolýusion agdarylyşyk geçiren akgwardiýaçylaryň we pitneçileriň Magtymguly hany öz taraplaryna çekmek üçin eden synanyşyklarynyň hemmesiniň netijesiz bolandygy taryhy çeşmelerde bellenilýär.

Magtymguly Han
Magtymguly han 1907-nji ýylda

Çeşme: Türkmen hanlary we serdarlary. A.:Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy “Ensiklopediýa” neşirýaty, 1992.

Tags:

Ahal welaýatyGökdepeMaryNurberdi hanOrazmämmet hanTejenTürkmenistan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

DegişmelerImanGurbandurdy ZeliliAnnaberdi AtdanowNurmuhammed AndalypProgramistGünäMozahizmRejep BazarowTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarNikäh2024Türkmenistanyň baýdagyAbdyrahman JamySöýgiPenisAlp ArslanIgdirAba serdaryň gozgalaňyBitaraplyk binasyTäçmämmet Jürdekow1399Raşit MeredowMerwAl-HorezmiTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutyBäherden etrabyTürkmenistanyň gözel tebigatySüýtAbaý KunanbaýewMedeniýet ŞahberdiýewaTatarystanGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiNurmyrat SaryhanowParagwaýTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutySoltan Sanjar mowzeleýiFutbol taryhynda iň köp oýun uran oýunçylarBöwürslenTogrul begErnest HemigueýFutbolAziýa BaýdaklaryAlabaýAllaItaliýaMuhammedMollanepesLebap welaýatyChicagoGawun25 iýunMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerInjir ýaprakly çaýGoşma sözlem we ýönekeý sözlemRussiýanyň Ukraina basgynyTürkmenistan Magtymguly eýýamynyň ahyryndaÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçOrhan IGökleňJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)PalawWagzy-azatAwstraliýaMitridat IMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekTekeNedir şaBalkanabatNaýrobi🡆 More