Google Play

Google Play (ozal Android Market) – Google tarapyndan işlenip taýýarlanan we ulanylýan goşundylardan, oýunlardan, filmlerden, telewizion programmalaryndan sanly dellalçylyk hyzmaty bolup durýan Android platformasy üçin goşundylaryň resmi dükany.

Taryhy

2012-nji ýylyň 6-njy martynda Google Play Android Market portalynyň rebrendinginiň netijesi boldy we Android Market, Google Music we Google eBooks ýaly brendleri özünde jemleýär. Şeýle hem, 2012-nji ýylyň martynda goşundynyň iň ýokary elýeter bolan ölçegi ýokarlandyryldy, bu hem, goşundyny işläp düzüjilere umumy agyrlykda 4 gigabaýt berdi.

2013-nji ýylyň martynda Play Store-dan mahabatlandyrmany bekleýän goşundy bilen göreş başlandy.

2014-nji ýylyň maýynda PayPal kömegi bilen tölemek mümkin boldy.

2015-nji ýylda Google zyýan göteriji goşundylaryna degişlilikde her günde 6 milliard sargytlary skanerläp başlady.

2016-njy ýylyň martynda Google Play Games bölüminde oýun bilen tanyşmak funksiýasy elýeter boldy. Islendik ulanyjy goşundyny goýberip we brauzeriň üsti bilen 10 minut oýnap bilýär. Synag nusgasyny ýüklemek we gurnamak talap edilmeýär.

2017-nji ýylyň iýulynda Google Play Protect antiwirusy döredildi.

2018-nji ýylyň iýulynda Google Play maýning kriptowalýuta üçin goşundylary ýerleşdirmegi gadagan etdi. Bu ýagdaýda kriptogapjyklaryna rugsat berildi.

2020-nji ýylda Google Play “Mugallymlara rugsat berildi” atly täze çagalar üçin bölümi goşdy. Bu ýere has ýokary standartlara laýyk gelýän we mugallymlar tarapyndan makullanylan goşundylar girýär.

Goşundylar

2020-nji ýylyň oktýabrynda Google Play 3,026,104 goşundylary, şol sanda oýunlar ýerleşdirildi. Google Plaý-de goşundylaryň jemi 34 topary bar. Google TV heniz diňe ABŞ elýeter.

Türkmenistanda Google Play Movies topary elýeter.

Android üçin goşundylar gurluşa bolan kesgitli rugsatlary, şol sanda beden datçigine, senenama, kamera, aragatnaşyklara, ýerleşýän ýerine, mikrofona, telefona, SMS habarlaryna, maglumat binýadyna, WI-FI bolan ygtyýarlygy we Google hasaba alyş ýazgylaryna bolan ygtyýarlygy sorap we talap edip bilýär.

Salgylanmalar

Daşary çykgytlar

Tags:

Google Play TaryhyGoogle Play GoşundylarGoogle Play SalgylanmalarGoogle Play Daşary çykgytlarGoogle PlayGoogle

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Çingiz hanJemi içerki önümSankt-PeterburgTürkmen TaýpalaryDemirgazyk AmerikaHaramAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryFutbol boýunça dünýä çempionaty-2006Abadan HalmedowaMähri PirgulyýewaGadymy ÜrgençKöneürgençNanotehnologiýaTürkmensähraWayback MachineHaumeaEgin-eşik (Yslam)Onore de BalzakIşanBaýramaly etrabyAmerikanyň Birleşen Ştatlary taryhyFilosofiýanyň taryhyBolgariýaBabasylÄrtogrul GazyÄdäbReformasiýaLüksemburgDemokratiýaÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçAdamyň iýmit siňdiriş ulgamyKopernigiň Älem baradaky taglymatyGadymy NusaýBäbekHaýzGökleňAkmaýanyň ýolyMurgap derýasyBalkan welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerAtabaý ÇargulyýewMerwKosta-RikaHalyçylyk sungatyAtamyrat AtabaýewAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryKoreýa Halk-Demokratik RespublikasyProstatitAşgabatda ýer titremegi (1948ý)Islam kalendaryIddäHalkara Matematiki adalgalarWladimir PutinGünbatar ÝewropaMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDEMämmetweli KemineMakaoPifagorÄnew medeniýetiGünorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleriTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarLebap welaýatySudanLatyn AmerikasySoltan Sanjar mowzeleýiÇiliUrugwaýIspaniýaGüýzTürkmen - Türk paýdarlar täjirçilik bankyNikaNaryman JumaýewKöriçege🡆 More