Gök Han

Gök Han Oguz hanyň 4-nji oglydyr (Kök, Kükhan görnüşinde-de okalypdyr).

Gysgaça maglumatlar

Gök asman, Gök belentlik, Ýer daşyny gurşap alýan asmana aýdylýar. Gök han Oguz hanyň Üç ok ogullarynyň iň ulusydyr. Gök hanyň Tugynda 3 okuň şekili bolupdyr. Gökhanyň 4 ogly: Baýyndyr, Beçene Çowdur (Çawyldyr), Çepni.

Baýyndyrdan 11 gol: Hydyr beg, Kangaly, Garadaşly, Tarank, Ýazlyk, Gysyr, Akýajy, Garaýajy, Galaýjy, Ýapangy, Akgoýunly.

Beçeneden 1 ogul Ýajytemek. Ýajytemekden Peçenek türkmenleri Ýewropa göçüp ol ýerde oturypdyrlar.

Taryhda Gök han kim?

Gök han

Laoşan (miladydan öňki 174-161ý.ý), Mete handan soňra hökümdarlygy Laoşan (Gök han) eýeledi. Käbir taryhy çeşmelerde ady Kiýuk we Kiok (Gök) görnüşinde ýazga geçirlipdir. Laoşanyň (Gök hanyň) döwründe Mete hanyň guran imperiýa düzgünleri belli bir şekilde dowam edipdir. Hun imperiýasynyň meýdany örän uly bolsa-da ýene-de serhetler giňäpdir we öňki serhetdeş goňşy taýpalara wehim salynmagy dowam edipdir. Laoşan, Mete hanyň taryh sahnasyndan ýok edilmegi ugrynda göreşen we tas ýok bolmagyna çenli howpy abanan Ýüejileri ýok edip, taryh sahnasyndan aýrypdyr. Hun imperiýasy Laoşan döwründe basyp almaklygyny dowam etdirýärkä Hytaý Hunlara garşy bäsleşip ýeňilipdiler we kiçelip galan geografik ýerlerinde gerekli reformalar geçirmäge başlady. Esgerleri strategik düzgünlerini Hun esgerleriniň sistemasyna görä alyp barmaklyklary bu döwürlerde başlady. Şol wagtlarda syýasy we esgerlik refirmalary bilen birlikde Hunlaryň birligini ýykmak we Hun imperiýasynda Türki bolmaýan toparlary öjükdirip Hunlaryň güýjini azaltmak üçin her-hili syýasy işleri geçirmegi, galany içinden basyp almak üçin bäşinji gol hereketlerini dolandyrmaga başlady. Laoşan döwründe bu pirimler başa barmasa-da soňky asyrlarda iş ýüzüne geçip, hytaýa şöhrat getiripdir. Laoşanyň ölüminden soňra hökümdarlygy Kunçin (Gün han) ýöredipdir. Beýik Hun imperiýasy öz güýjüni Kunçin (Gün han) döwürlerinde ýitirmäge başlady. Hytaý (Çyn-maçyn) hanlygynyň öz içinde geçirlen reformalar we Hun döwletinde ýöredilen hökümler amala aşmaga başlapdyr we Hun imperiýasynyň gowşamagyna şol sebäp bolupdyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Russiýa-Türkmenistan gatnaşyklary383DöwletlerÝokançly mollýuskÝagtylyk ýylyEtrek derýasyGaragumTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniUnitar döwletWekilbazar etrabyAşgabat Milli Taryh muzeýiHajathana edepleri (Yslam)Altymyrat OrazdurdyýewArwahlarÄrtogrul GazyMatallarŞanamaWýetnamKüştdepdiAstronomiýaGwatemalaTürkmenistanyň baýdagyIstihäzeGoogle TerjimeBabasylFäjrDurdy GylyçFutbol taryhynda köp kömek edýärNamazBirleşen Milletler GuramasyBaýramaly1067GaradaşlyDöwletmämmet AzadyAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarOmar HaýýamHTML1739Täze ZelandiýaBäbekDöwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleriGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriKompýuter barada düşünjeAşgabat ýertitremesiD.R.R. TolkinGadymy ÜrgençAtabaý ÇargulyýewOdy özüňe bas (çeper eser)Ýatgynyň miomasyTürkmenistanyň Konstitusiýa binasyFilosofiýanyň taryhy1097Baýram han TürkmenMERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDAGyrgyzystan1272KöriçegeWenesuelaOdilon WagnerOtitFransiýaRadikulitTäçmämmet Jürdekow9 dekabrKiril elipbiýiAbu Aly ibn SinaTerekeTowukHalkara Matematiki adalgalar29 ýanwarDümewKelalanyň Magtymguly Pyragy adyndaky medeniýet we sungat jemgiýetçiligiTürkmenbaşy halkara deňiz porty🡆 More