Durdy Gylyç

Durdy Gylyç (1886-1950 ýý.)

Türkmenistanyň ilkinji halk şahyrlarynyň (1938) biri, ökde dessançy, ertekiçi şahyr Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hojakümmet obasynda eneden dogulýar. Ol ýaşlykda iki gözünden mahrum batyl bolýar. Durdy Gylyç ýaşlyk zehini, yhlasy, ýatkeşligi bilen beýleki çagalardan tapawutlanypdyr. Ol eşiden, diňlän gürrüňlerini, rowaýatlaryny, ertekidir dessanlaryny ýat tutupdyr. Soňra bolsa olary halka ýatdan aýdyp beripdir. Şonuň üçin özi-de goşgy düzmäge başlapdyr. Durdy Gylyç halkyň içinden ýetişen zehinli şahyrlaryň biri. Şagyryň „Ömrüň ýanan, zaýa gelin“, „Jykyr“, „Emekli“, „Çatma“, „Zalymlar“, „Zamanaň geldi“, „Ylym okalyň“, „Biziň Türkmenistanda“, „Ýöriň“, „Iberiň urşa“, „Gurban Durdy“, „Ataýew“ we ş.m. goşgulary bardyr. Onuň eserleri zamanasynyň şahyrana ýazgylary bolup, edebiýat taryhynda yz galdyrdy.

1927-nji ýylda Durdy Gylyç Türkmenistan Sowetleriniň ikinji gurultaýyna Daşoguz welaýatyndan delegat bolup gatnaşýar.Ol gurultaýda çykyş edip, halkyň arzuw-isleglerini şygyr bile beýan edýär. Şahyryň bu çykyşy «Sýezdden» ady bilen şol ýylyň 7-nji aprelinde «Türkmenistan» gazetinde çap edilýär.Munuň özi onuň metbugatda çykan ilkinji şygyry bolýar.Durdy Gylyç 30-njy ýyllaryň başynda Türkmenistan radiosynda bagşyçylyk edýär.Şol döwürden başlap "Zamanyň geldi","Ylym okalyň","Şat boluň,aýal gyzlar","Halkym","Biziň Türkmenistanda","Ýaranlar" ýaly wagyz- nesihat häsiýetli şygyrlary döredýär. 


Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

527Trinidad we TobagoByzawGorkut AtaAwar diliÖzbegistanŞyh Attaryñ mawzoleýiSuw ýetmezçiligiNatural sanlarIşanTäjigistanÄrsary babaMineral baylyklar30 aprelDerwezeÝarym adaAbdyýewa Bahargül GurbanmyradownaGylýalçylykYlym we bilimKöneürgençYsly çomuçWiagra (viagra)Disney kanal (Rus kanaly)KataloniýaSapargeldi AnnasähedowaOsman imperiýasyÝer20 aprel1191GermaniýaAntiwirusFilistin DöwletiMedineWatikanGubadag şäheri1999Gurbansoltan Eje ad. etrapKerkiGyzyl kitapFutbolTermosferaTaryhy tapyndyly JeýtunGaraşsyz döwletleriň baýdaklaryBirleşen Arap EmirlikleriÝaşaýyşOsman IDagTürkmen halkynyň kemala gelmegiMuhammetguly AtabaýewSurinamSöýgiNigeriýaBeki SeýtäkowUşuKunutBaýramaly şypahanasyŞaja BatyrowKiçi Ýedigen (ýyldyz toplumy)MaldarçylykTürkmenistanÝagtylykGutlug Timuryň minarasyBaýmuhammet DüýejiGadymy Hytaý2089Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapOWGANYSTAN MESELESINIŇ DÖREMEGI WE ONUŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNA TÄSIRINasyraly IsaKoreýa Halk-Demokratik RespublikasyGünorta Afrika RespublikasyMary welaýatyndaky etraplarÖsümliklerAba serdar6-njy asyrTeke taýpasy🡆 More