Dandanakan Söweşi

Dandanakan söweşi Seljuklar bilen Gaznawy imperiýasynyň goşunynyň arasynda bolup geçdi.

Söweş seljuklaryň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy we Horasandaky gaznawy agalygyny ýykdy.

Gaznaly we Seljuly esgerleri
Gaznaly we Seljukly esgerleri

Taýýarlyklar

Seljuk serkerdesi Togrul beg bilen onuň dogany Çagry beg uly goşun ýygnap başlamak bilen, gaznawy territoriýalaryna howp salyp ugradylar. Seljuk atlylary gaznawylaryň serhetýaka şäherlerini çapawullap başlansoň, gaznawy soltany Mesut I (Mahmyt Gaznawynyň ogly) seljuklary öz territoriýasyndan çykyp gitmäge mejbur etmekligi ýüregine düwdi.

Söweş

Soltan Mesudyň goşunynyň Sarahsa ýörişi mahalynda seljuk atlylary onuň otrýadlaryny degdi-gaçdy taktikasy arkaly surnukdurdylar. Üstesine seljuk atlylary gaznawy üpjünçilik liniýalaryna uly zeper ýetirip, olary golaý-goltumdaky guýulardan gyrakladypdyrlar. Gaznawy goşunynyň tertip-düzgüni we ruhy çynlakaý ýagdaýda pese gaçdy. Ahyrsoňy, 23 maý 1040-da 20,000 seljuk urşujysy Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda 50,000 adamlyk gaznawy goşuny bilen garpyşdy.

Netije

Üç güne çeken söweş seljuklaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Mesut özüniň 100 sany atlysy bilen zordan başyny alyp gutardy. Bu ýeňiş seljuklaryň esasy güçý bolup döremgini gaznawylaryň bolsa pese gaçmagyny alamatlandyrýar. Seljuklar Horasany we töwerekdäki şäherleri eýeläp, soňra Beýik Seljuk Imperiýasy diýlip atlandyryljak imperiýany gurdular.

Dandanakan Söweşi 
Beýik Seljuk Imperiýasynyň 1092-däki serhetleri, 1040 - Dandanakan söweşiniň bolan ýeri

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

TürkmenistanTürkmenistanyň ykdysadyýetiAMähramGipotireozGanazlykÇehiýaBalkan welaýatySarymsakGaragum derýasyBagyr keseliAristotel2007RadikulitMähri PirgulyýewaWenaAmyderýaTäze ZelandiýaMoskwaÖküz soguljanyDüzmeli goşma sözlemTrinidad we TobagoSingapurRemezanGaragum1937Bagdat1875Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiDurdymyradow Kerim HajyýewiçAziýaAbdyrahman Jamy2000–2009Gadymy Müsür taryhyBahreýnNikähHalkara Matematiki adalgalarAtamyrat AtabaýewTaharetKoreý diliSankt-Peterburg2018Jüneýit hanLebap welaýatySoltan Sanjar mowzeleýi19 oktýabrGaýgysyz AtabaýewMantykKriştiano Ronaldo26 awgustTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarTogoAşgabat şäherindäki 33-nji mekdepUniwersitetTürkmen alabaýyGündogar AziýaGaznalylar döwletiGünorta AmerikaAta GowşudowTürkmenistandaky etraplar we şäherlerBirinji jahan urşyAlabaýWelosipedRussiýaGaragum etrabyJyns gatnaşyklaryStambulWagtBütindünyä taryhynyň esasy döwürleriTagtabit30Gumdag1966Saud ArabystanHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyDGurbanguly Berdimuhamedow🡆 More