Abdylkerim As-Samany

Ebu Sad Abdylkerim ibn Muhammet ibn Mansur As-Samany (1113-1167) - Orta Aziýa taryhçysy.

Ol gelip çykyşy boýunça arap bolup, alym maşgalasynda doglupdyr. Ýaş wagtynda kakasy ölüp, ilki kakasynyň dostutynyň, soňra daýysynyň elinde terbiýelenipdir. Daýysy bilen syýahata gidipdir. Ol Nişapurda, Yspyhanda, Hemedanda, Damaskda, Ýerusalimde, Tusda, Yrakda, Mesopotamiýada, Hijazda we başga ýerlerde bolupdyr. Şol ýerlerde alymlardan rowaýatlar, hekaýalar diňläpdir, Bagdada baryp, 8 ýyl (1136-43/44) ýaşapdyr. Ol 1143 ýylda Merwe gelip öýlenipdir, al-Ahmediniň medresesinde okapdyr. As-Samany 40-dan gowrak eser; şol sanda Bagdat al-Hatybyň taryhynyň dowamy - 15 tom, Marynyň taryhy - 20 tomdan gowrak, geografiýa sözlügi, awtoryň şyh-mugallymlarynyň sözlügi, biografiýalar ýygyndysy, "Genealogik atlar kitaby" ("Kitab al-ansab") we başgalary ýazypdyr. Olaryň köpüsi Orta Aziýa şäherleri mongollar tarapyndan weýran edilende ýok bolupdyr. Şolardan "Genealogik atlar kitaby", "Marynyň taryhy" bize gelip ýetipdir we neşir edilipdir. Olar Orta Aziýa we Horasan barada gymmatly taryhy, biografik we geografik çeşme bolup hyzmat edýär.

Tags:

1113113611431167BagdatDamaskGeografiýaMerwMesopotamiýaMongollarOrta AziýaYrakYspyhan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti1071170ýýKoreýa Halk-Demokratik RespublikasyPişmeUetersenTürkmenistanyň Futbol federasiýasyYsly çomuçAta GowşudowMatallarKanadaDemirgazyk Kipr Türk RespublikasyTrabzonStambulÇiliGyzamykJyns gatnaşyklaryTaharetAman KekilowTürkmen alabaýyTürkmen TaýpalaryRussiýanyň Ukraina basgynyTokaýZekatAleksandr Sergeýewiç PuşkinGaramyk (kesel)YslamMagtymguly etraby1297SalawatClarence Seedorf25 fewralBraziliýanyň ýygyndysyBirleşen Milletler Guramasy1086Örtüji dokumaKriştiano RonaldoGadymy MüsürOtitÝanszyYlahy komediýaProstatitLechHTMLAnkaraMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerPulTransformator377KitapÝewropa BileleşigiBerlinDawut pygamber1795WarikozMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyGadymy Müsür taryhyTürkmenistanyň welaýatlaryXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiFizikaBagyr keseli1066Gökdepe urşyKüştYouTubeThe BeatlesKawkazÝapon diliHapgyrtmaOsman türkmenleriniň döwleti🡆 More