Metatrader 4

MT4 ady bilen meşhur MetaTrader 4 onlaýn-treýderler tarapyndan giňden ulanylýan elektron söwda meýdançasydyr.

Elektron söwda meýdançasyny “MetaQuotes Software” kompaniýasy işläp düzdi.

Programma üpjünçiligi müşderi, şeýle hem serwer böleklerinden ybaratdyr. Serwer bölegi broker tarapyndan dolandyrylýar, müşderi programma üpjünçiligi bölegi bolsa brokeriň müşderilerine berilýär, olar ony bahalary we tertipnamalary hakyky wagtda görmek, buýurmalary ýerleşdirmek we öz hasaplaryny dolandyrmak üçin ulanýarlar.

Müşderi Microsoft Windows binýadyndaky priloženiýe bolup durýar. Mac OS üçin MetaTrader 4-iň resmi görnüşiniň ýokdugyna garamazdan, käbir brokerler Mac OS üçin özleriniň işläp düzen MT4 görnüşlerini berýärler.

MetaTrader 4 maržinal söwda üçin niýetlenilendir. Käbir iri broker kompaniýalary CFD söwdasy üçin MetaTrader 4-i ulanýarlar, ýöne şeýle-de bolsa, ol gazna bazaryndaky hemişelik iş üçin niýetlenilendir:

  • beýleki söwdagärler görer ýaly öz arzaňy bazara çykarmak mümkinçiligi ýok;
  • bazardaky bar bolan arzalaryň sanawyny görmek mümkinçiligi ýok;
  • opsionlar bilen iş mehanizmleri ýok;
  • bahalandyrmalaryň (kotirowkalaryň) we täzelikleriň goşmaça çeşmesini birikdirmek mümkinçiligi ýok;
  • milli puldaky iş mehanizmleri ýok (müşderi terminalyndaky hasabat hemişe iňlis dilinde düzülip, onda USD walýuta hökmünde görkezilýär).

Ulanyjynyň hususy söwda skriptlerini ýazmak mümkinçiligi we söwdany awtomatlaşdyryp biljek robotlar arkaly MetaTrader 4 meşhur boldy.

Söwdany awtomatlaşdyrmak üçin MetaTrader 4 ulanyjy indikatorlaryny we söwda programmalaryny ulanyp bilýär.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen barlaga görä, MetaTrader 4 dünýä boýunça Foreksiň iň meşhur söwda meýdançasydyr.

Bellikler

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

1964Türkmenistanyň taryhyAlbert EýnşteýnTürkmensähraÝehowanyň ŞaýatlaryFK NevėžisAlabaýTürkmenistanyň milli futbol ýygyndysyÝerleriň zaýalanmagyTürkmenistanyň telefon kodlaryInçekeselHazar deňziAriana GrandeTejen derýasyThor (Kino 2011)Amerikanyň Birleşen Ştatlary taryhySerdar BerdimuhamedowTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriTürkmenistanMertebe mirasy—türkmen şaý—sepleri.Namaz kitabyDöwletlerDunaýKriştiano RonaldoAutizmTürkmenistan XV – XVI asyrlardaJelaleddin MeňburunGökje (oba)Gurbannazar EzizowDykma serdarTürkiýe respublikasy 20-30-njy ýyllardaBahreýnMuguthor gurçuklarDandanakan söweşiVGorkut AtaAlp ArslanJeren HalnazarowaBrusellýozFikhGruziýaTürkmen-türk mekdepleriÄrsary babaAfrasiýapKHapgyrtmaDessanlarPomidorMeksikaHalk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyrDänew etrabyAppleProstatitBelarusZDeňlemeOtitŞükür bagşy2TürkiýeAlyşir NowaýyGeografiýaGozleLaosÝapon dili9KöneürgençGyzyljaTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriNurmuhammet Andalyp🡆 More