Mertebe Mirasy—Türkmen Şaý—Sepleri.

Şaý—sepler daşky sypatlary, milli häsiýetleri bilen utgaşyp, şol halkyň milli derejesini kemala getirýär.

Şonyň netijesinde her bir halkyň milli ýörelgelerinden ugur alýan egin—eşiklerinde, şaý—seplerinde özboluşly aýratynlyklar saklanýar. Şaý—sepleriň öz gözbaşyny ýönekeý nusgalarda, ilki durmuş döwründen alyp gaýdýandygy barada taryhy çeşmelerde bellenilýär. Goňurdepeden, Änewden, Altyndepeden, Dehistandan tapylan bezeg şaýlarynda birmeňzeşlik saklansada, olar gitdigiçe dürli görnüşli nusgalarda sungat derejesine ýetirilipdir. Türkmen şaý—sepleri özboluşlylygy we deňsiz—taýsyzlygy bilen tapawutlanýar, şeýle şaý—sepler başga hiç bir halkda duş gelmeýär. Her bir şaý—sep başarjaň elleriň we daş ýarýan zehiniň önümi bolup aklyňy haýran edýär. Şaý—sepleriň gelin—gyzlara bagyşlanmagy, ozaly bilen türkmeniň zenan maşgalasyna goýýan sarpasydyr. Türkmen şaý—sepleri gelin—gyzlarymyzyň mertebesidir. Sebäbi öz göwün diýen lybasyny geýip, şaý—sepini dakynyp çykan her ber türkmen zenanynyň başy buýsançlydyr, kalby joşgunlydyr. Şeýle mertebä eýe bolan türkmen maşgalasy bolsa, özüne bagyş edilen bu gözellikleri sarpalap edepli—ekramly geýinmegi, dakynmagy başarmalydyr. Gadymyýetden gözbaş alýan milli şaý—seplerimize bolan isleg we talap örän uly bolupdyr. Şoňa görä—de, türkmen topragynda şaý—sepleri ýasamak üçin näçe mukdarda altyn—kümşüň sarp edilendigini göz öňine getirmek mümkin däl. Üstesine—de zenan şaýsepleriniň görnüşleriniň hiç biri hem biri—birini gaýtalamaýar. Şolaryň hili gyşarnyksyz berjaý edilipdir, bu endik her bir zergäriň ganyna siňipdir. Edilýän talaba görä, orta asyrlarda Merwde 14 müňe golaý zergär şaý—sep ýasamak bilen meşgullanypdyr. Ýöne olaryň hiç biri hem özboluşly çeperçilik geňeşi bolup durýan ýörite topar tassyklamasa, öz ýasan önümlerini asla satuwa çykaryp bilmändir. Şonyň üçin—de zergärleriň köçesi bolupdyr, şol köçäniň ugrunda olar öz önümlerini hatarlap goýupdyr. Çeperçilik geňeşiniň talaby doly berjaý edilenden soň, zergärler öz önümlerini satuwa çykarypdyr. Çeperçilik geňeşiniň talabyna laýyklykda, ýasalan şaý—sepler türkmeniň edep kadasy bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Türkmen öz maşgalasyna näme bagyşlan bolsa, gelin gyzlaryň hem şol mertebä laýyk bolmagyny, olaryň ýaşaýyş ajaýyplygy, gözelligi bilen sazlaşykda bolmagyny isläpdir. Ata—babalarymyzda gelin—gyza goýulýan bu sarpanyň şöhlelenmesi bolan şaý—seplerimizi ýasamak üçin irginsizlik, sabyr—takatlylyk zerur bolupdyr. Bu bolsa türkmen zergärçilik däpleriniň täsin we özboluşly taraplarydyr. Zergäriň esasy iş gurallary süýnmek, bir ujy çüň sandal, çekiç, atagzy bolupdyr. Şeýle ujypsyz we ýönekeý guraldyr esbaplar bilen bütin ýylyň dowamynda zergärçilik genji—hazynasynyň döredilmegi henize—bu güne çenli açylmadyk syr bolmagynda galýar. Türkmen halkynyň zergärçilik diňe hünar bolmak bilen çäklenmän, eýsem durmuş zerurlygydyr, onuň öz pelsepesi we dünýä garaýşy, çeperçilik hem—de ynsanperwerlik ýörelgeleri bar. Mysal üçin, zergärler şeýle ajaýyp genji—hazynalary döretse—de, öz atlaryny goýmandyr. Olar bu meselä akylly—başly çemeleşipdir, şaý—sepiň tutuşlygyna olary dakynjak zenana degişli bolmagy üçin zergärler özleriniň tanalman galanlaryny kem görmändir. Hut başyny başlaýjy hökmünde özüne hormat goýmaga mynasyp zenan tagallasy bilen dörän bu hünäriň aýratyn edim—gylymy hem şundan ybaratdyr. Her bir halkyň şaý—sepleri umumy bir düşünjäni aňlatsalarda, bezelişinde, dakynylyşynda özboluşly aýratynlyklar saklanypdyr. Şeýle aýratynlyklara esaslanyp, Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde ulanylýan şaý—sepler babatda aýtsak, olar hem birnäçe özboluşly aýratynlyklaryň bardygyny görmek kyn däl. Bu sebitde gelin—gyzlaryň dakynýan şaý—sepleriniň ýasalyşy, keşbi, gaşlary boýunça tapawutly taraplary bar. Balkan welaýatynyň maňlaýlyk (alynlyk), saçlyk, egilik, açarbag, gülýaka, gulak halka (gulak ysyrga), tumar, bilezik, ýüzük, gupba, çagalar üçin burma, ok—ýaý, bazbent ýaly şaýlar ulanylýar. Bularyň ýasalyşy, esasan, ýençme, ismil görnüşlerinde, gaşlary köplenç gök, ýaşyl, gyzyl reňklerde, göwrümi ownuk bolýar. Şaýlarda, şelpelere däl—de, esasan, işme zynjyrlar arkaly berkidilen sesli düwmelere köp üns berilýär. Zynjyrly we düwmeli şaýlar ýaş gyz—gelinlere niýetlenendir. Şaýlar ýasalanda altyn bilen kümşi garyşdyryp, kän ulanmandyrlar. Köplenç arassa kümşi we altyny aýratynlykda ulanypdyrlar. Ol şaýlaryň agyr bolmazlygyna täsir edipdir. Şaýlary dakynmaklykda gyz—gelinleriň, uly ýaşly aýallaryň arasynda aýratynlyklar saklanypdyr. Maňlaýlyk, asyk, saçlyk, eginlik, açarbag, tumar, bukaw bular durmuş guran zenanlara degişlidir. Bu şaýlary gyz maşgalalara dakynmak bolmaýar. Gülýaka, bilezik, ýüzük, gulak—halka ähli zenan maşgalalara degişli şaýlardyr. Şaýlara goýulýan gaşlar gymmatbaha daşlardan bolup, köplenç tegelek şekilde ýasalypdyr. Şaýlaryň bir, iki, hatda üç gat görnüşde edilýän pursatlary hem gabat gelýär. Muňa günbatar türkmenleriň dakynýan tomarçakly gülýakasy mysal bolup biler. Bu gülýakany diňe aýal maşgalanyň dakynmaklary talaba laýykdyr. Sebäbi gülýakanyň döreýiş taryhy nesil öndürýän zenan maşgala bilen baglanyşyklydyr. Şoňa laýyklykda, oňa gabarçakly gülýaka hem diýilýär.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar hünäriniň 2—nji ýyl talyby Aganýazow Allanur.

Türkmenistan

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Garrygala söweşiGadymy Merwiň galalaryMagtymguly Pyragynyň guburyAlžirRejep BazarowTürkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleriTogrul begHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyStatistikaTäze ZelandiýaMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDEMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriKömekçi sözlerSomaliNurmyrat SaryhanowArçaýew Myrat GurbandurdyýewiçTebigy baýlyklarAhal welaýatySöz toparlaryIsgender ZülkarneýnBirinji jahan urşunyň netijeleriPerdeganatlylar otrýadyÄnew medeniýeti - ak bugdaýyň WatanyOsman IGadymy şäher.IspaniýaBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda türkmen halkynyň medeni mirasynyň we sungatynyň täzeden dikeldilmegiDeňizAgahan DurdyýewGadymy ÜrgençSportBronhial astmaOrhan IOwganystanMarguş - MargianaAlplarLukmançylyk ylmynyň kanunlaryKawkazMadagaskarAziýada Ikinji Jahan UrşyÝomut tiresiAdam we biosferaMaryAlgebraZenan bagtynyň syryMerkuriýGökbogmaMüsürPnewmoniýaKiçi Amyderýa Pilburny balykHalkara türkmen-türk uniwersitetiNiderland buržuaz rewolýusiýasyTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiTürkiýeFutbolC++ programmirlemeHapgyrtmaŽenşenSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaGoogle ChromeDandanakan söweşiWoleýbolAmerikanyň Birleşen Ştatlary taryhyGünorta KoreýaMaýa KulyýewaMeksikaMuhammet Jelaletdin Rumy🡆 More