Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç

Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.

Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç
Doglan wagty we ýeri1973
Aşgabat şäheri, Ruhabat etraby, Gypjak ýaşaýyş toplumy
KäriTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
MilletiTürkmen

Doglan senesi we ýeri

1973-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda doguldy. Milleti turkmen.

Bilimi we hünäri

Ýokary bilimli. 1995-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlady. Hünäri boyunça ykdysatçy.

Zähmet ýoly

Zähmet ýoluna 1995-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň pul dolanyşygy we karz kafedrasynyň mugallymy bolup başlady. 1996-2003-nji ýyllarda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Abadan şäher şahamçasynyň hünärmeni, baş buhgalteriň orunbasary, baş buhgalteri wezipelerinde işledi. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buhgalter hasaby we hasabatlar müdirliginiň iş usulyny öwrediş bölüminiň başlygy, baş buhgalteriň amallar boýunça orunbasary boldy. 2003-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2006-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-amallar müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi. 2006-njy ýylyň maýyndan 2012-nji ýylyň mart aýyna çenli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýyetiniň başlygynyň birinji orunbasary bolup işledi. 2012-2014-nji ýyllarda «Türkmenistan» döwlet tajirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işledi. 2014-njiýylyň ýanwar aýyndan 2015-nji ýyla çenii Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy boldy. 2015-2017-njiýyllarda Maliýe ministrliginiň senagatyň, ulaglaryň we aragatnaşygyň maliýesi müdirliginiň başlygy bolup işledi. 2017-nji ýylyň iýun aýyndan iýul aýyna çenli maliýe ministriniň orunbasary wezipesinde işledi. 07.2017-05.10.2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministri wezipesinde işledi. 05.10.2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Döwlet sylaglary we atlary

  • «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.

Çeşmeler

Edebiýat

  • "Türkmenistan" gazeti, №271 (28855) 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-sy, S.1.

Tags:

Myradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Doglan senesi we ýeriMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Bilimi we hünäriMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Zähmet ýolyMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Döwlet sylaglary we atlaryMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç ÇeşmelerMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç EdebiýatMyradow Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

BabasylTürkmen diliMämmetweli KemineAlyşir NowaýyÝapon diliAntiwirusAbu Aly ibn SinaErtekilerTransformatorRumyniýaABŞ-daky Raýatlyk urşyYouTubeAşgabat ýertitremesiKelle beýnisi1096KunutZuhr1485InduizmOguz hanLälelerGurban BerdiýewÄl-Fätihä1081NamibiýaBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerBangladeşTürkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.Ärsary taýpasyRomário28 martBagtyýarlyk etrabyPuluň gelip çykyşynyň taryhyDawut pygamberBelgiýaGökleňHydyr DerýaýewXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiGuslTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiAzarbeýjan diliSaparmyrat NyýazowOrhan IDeňiz han681Rimiň taryhyKuranKim Joň YnVMagtymguly etrabyIndoneziýaMarakana stadiony1066MekgeGaraguş (Akguýruk)SiriýaGadymy EýranNurmuhammet AndalypAhal-teke aty365GarkynPlowdiw1998Wiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişi.cfJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)🡆 More