Lebap Fk

Lebap Futbol Topary, Türkmenabatda yerleşyar.

Hazirki wagtda Ýokary Ligada basleşige dowam edyar. Olar 10,000 orunlyk Türkmenabat Stadionynda oyunlaryny geçiryar. Web sahypasy [1] Klubyň Täze Taryhy

2008-nji ýylda topar „Bagtyýarlyk“ ady bilen ýokary liga gaýdyp gelýär. Futbol kluby täzeden döredilip, ýaş oýunçylardan düzülýär. Tejribesi kän bolmadyk oýuçylar bilen bu ýyl şowly çykyş edip bilmeýär we 7 sany resmi duşuşygyny käbir sebäplere görä oýnamady. Türkmenistanyň ýokary ligasynda 4 utuk bilen 11-nji ýerde tamamlandy. 2009-njy ýylda hem 5 utuk bilen turnir tablisany 9-njy ýerde tamamlaýar. 2010-njy ýylda komanda-da kän özgerişikler geçirilýär. Şol ýyl komandanyň adyny “Lebap” futbol kluby diýip üýtgedilýär. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň 18-nji Milli Çempionatynda Ýokary Liganyň 10 sany toparynyň gatnaşmagynda ýaz-güýz tertibi boýunça 2 aýlaw geçirildi. “Fk Lebap” kluby geçirilen 18 duşuşykda 10 ýeňiş, 4 deňlik we 4 utulyş bilen 34 utuk gazanyp turnir tablisada hormatly 3-nji ýere mynasyp boldy.

Gazanan Sepgitleri

Türkmenistanyň 18-nji Milli çempionatynyň (2010-njy ýyl) jemleýji sanawy. Klublar: 1.“Lebap” 44 utuk 2.“Altyn asyr” 35 utuk 3."Balkan" 34 utuk 4.“Merw” 33 utuk 5.HTTU 28 utuk 6.“Aşgabat” 26 utuk 7.“Şagadam” 23 utuk 8.“Ahal” 16 utuk 9.“Daşoguz” 9 utuk “Talyp sporty” 4 utuk 2011-nji ýylda Türkmenistanyň 19-njy milli çempionatynyň Ýokary Liganyň 10 sany toparyň gatnaşmagynda ýaz-güýz tertibi boýunça 4 aýlaw geçirildi. “Lebap” futbol topary 36 oýun oýnap, 12 ýeňiş, 6 deňlik we 18 utulyş bilen 42 utuk gazanyp turnir tablisany 7-nji orunda tamamlaýar. 2011-nji ýylyň Türkmenistanyň kubogyny eýelemek boýunça ýaryşda ýarym finala çenli ýetýär. Gazanan sepgitleri: Türkmenistanyň ýokary ligasynyň bürünç medaly: (3-nji ýer) 2010-njy ýyl. Türkmenistanyň kubogy: 2011-nji ýyl, ýarym final.

Tags:

TürkmenabatÝokary Liga

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyAbşeron ýarymadasyBalkan heýlantesiDöwletjan ÝagşymyradowGünorta AmerikaGerodotFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylar1006Serdar BerdimuhamedowŞaja BatyrowAriel WinterKiçi görnüşPersepolis FKMarguş - MargianaBirleşen Milletler GuramasyTupak ŞakurIsgender Zülkarneýn1170Tebigy gurşawyň hapalanmagyDöwletlerBrýusselMäne baba aramgähiDöwletara awiasiýa komitetiMalaziýaSamsungErtekilerMätäjiRonaldinýoLuiz SuarezDehistanBerdinazar HudaýnazarowMeksikaAhal welaýatyndaky taryhy ýadygärlikler2024Orhan IMährem çynarZeytin1048Bronhit1475Günorta-Gündogar AziýaNurmuhammed AndalypBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerHajjAIWMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriBrusellýoz1 dekabrGurbansoltan Eje ad. etrapOtitNurberdi hanBabasylGökdepe urşyGaplaňgyr goraghanasyTürkmen filmWirusly gepatitlerEser WestOwulýasiýaHeo Jong-sukTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeTejenTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniIslämArwahlarParfiýa (Nusaý)GünäIPhone🡆 More