Jebel

Jebel Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan adamlaryň gonalgasy bolupdyr.

Jebel gowagyň adydyr. Mezolit döwründe Jebel gowagynda ýaşan adamlar üçburçluk görnüşindäki kiçijik gurallary ýasapdyrlar, daşdan ýasalan iri tyglary we peýkam uçly gurallary, ýasydaş owguçlary ulanypdyrlar. Tapyndylaryň käbirleri çöplenen däneleri owmak üçin niýetlenipdir. Jebel gowagyndan sungat önümleri hem tapyldy. Bu ýerde ýaşan gadymy adamlar balykgulaklardan monjuk ýasap, olary dakynypdyrlar. Başga-da bu döwrüň adamlary mallaryň derilerinden haýwanlaryň guradylan damarlaryndan taýýarlanylan sapaklar bilen tikilen geýimleri geýipdirler. Mysal üçin, Gaýly gowagynyň aşaky gatlagyndan, sapak sapmak üçin kiçijik gözli süňkden ýasalan iňňe tapyldy. Bu tapyndylar Türkmenistanyň çäginde ýaşan gadymy adamlaryň eşikleri, olaryň bezeg işleri barada bize maglumat berýär.

Gaýly, Damdamçeşme II we Jebel gowaklaryndan tapylan goýundyr geçiniň, jerendir balygyň süňk galyndylary mezolit döwründe ýaşan adamlaryň awçylyk, ýygnaýjylyk, balyk tutmak bilen bir hatarda maldarçylyk bilen meşgul bolandyklaryny subut edýär. Ilkidurmuş maldarçylygyna geçilmegi oturymly ýaşaýşyň alamatlarynyň ýüze çykmagyna- çatmalaryň gurulmagyna itergi beripdir.

Gazuw-agtaryş işleri wagtynda Gaýly, Damdamçeşme II we Jebel gowaklaryndan bekre, çöke, kepir balyklarynyň süňk galyndylarynyň tapylmagy şol ýaşaýjylaryň balykçylyk bilen meşgul bolandyklaryny, balyklary iýmit hökmünde ulanandyklaryny görkezýär.

Damdamçeşme II-den, Jebelden ýabany haýwanlaryň köp mukdardaky süňk galyndylarynyň tapylmagy hem ilatyň awçylyk bilen meşgul bolandyklaryny tassyklaýat. Uly naýzalar hem-de dürli ölçegli ok-ýaýlar awçylaryň aw we zähmet gurallary bolup hyzmat edipdir.

Tags:

Gaýly

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

TürkmensähraEne süýdiDandanakan söweşiJon AdamsGutulmyşSumerlilerGalaktikaTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyInduktiwlik tegegiIsaak NýutonRonaldinýoGaradepeAriel WinterErnest HemigueýÇagry begÄnew2001PekinÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerErigördekMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriLebap welaýatyYlahy komediýaTürkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.Günorta-Gündogar AziýaTeke taýpasy1048IswiçNury Halmämmedow1077.idGöz degmegiDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerALMA1401Russiýa-Türkmenistan gatnaşyklaryAhal-teke atyAdamyň iýmit siňdiriş ulgamyBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerGeometriýaSöýgi65Togrul begRiwaldoGyzyl kitapSefewi döwletiGurbandurdy ZeliliGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyGoçmyrat ahunItaliýaHalkara Matematiki adalgalarPi­ra­mi­da­ (binagärlik)Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti1052Akmyrat HojanyýazKelle beýnisiBeýik Seljuk Türkmen döwletiNanotehnologiýaIslami NakylGaramyk (kesel)BronhitTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaNisa-Çandybil stadionyA.S. Roma🡆 More