1907 Babaýew Çary: Sossialistik Zähmetiň Gahrymany

Babaýew Çary (1907-1966) — Sossialistik Zähmetiňh Gahrymany.

1932 ýyldan SSKP çleni. TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (I çagyrylyş). Sakarçäge r-nynyň Akýap obasynda dogulýar. Babaýew ýaşlygyndan başlap daýhançylyk bilen meşgullanýar, batrakçylyk edýär. Ol 1928 ýylynyň sentýabrynda Garybata demir ýol stansiýasynda işläp başlaýar. 1929—33 ýyllarda Ilknji Türküstan atly polkunyň starşinasy bolup, basmaçylara garşy göreşe gatnaşýar. 1932 ýylynyň ahyrlarynda öz obalaryna gaýdyp gelýär we ilki oba sowetiniň sekretary (1933—34), soňra oba sowetiniň başlygy (1934—38) bolup, obada täze medeniýeti ýaýratmakda, kolhoz gurluşygyny berkitmekde uly işler geçirýär. 1938 ýylynyň sentýabrynda Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy bolýar. Soňra ol dürli wezipelerde işleýär. Inçe süýümli gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda we oba hojalygynyň beýleki pudaklarynyň önümliligini artdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin, 1949 ýylda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Babaýew «Hormat Nyşany» ordeni we TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hormat hatlary bilen sylaglanýar.

Çeşme

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

RussiýaAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryMerkezi AziýaAutizmSahaba guburhanalaryBaýramalyHanefi mezhebiTizlikOňurga ýiligiGaragumMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty1066NamazDessanlarKolumbiýaAta SalyhWi-fi tehnologiýasyLinkin ParkDegişmelerBiologiýaGüljemal han2020ýýMerw söweşiÝomut tiresiMalinaSudanNurmuhammet AndalypKosta-RikaMolekulaFilosofiýanyň taryhyGylyjow Çary BaýramowyçDüzmeli goşma sözlemTürkmenistanyň welaýatlaryTürkmen bagşyçylyk sungatyTäçmämmet JürdekowTürkmen gelin toýyIndoneziýaGadymy ÜrgençParižMary welaýatyTürkmen - Türk paýdarlar täjirçilik bankyAllo7 maýTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyJelaleddin MeňburunAkmaýanyň ýolyGürgenTürkmen tahýasyÇärjew etrabyJumaAta GowşudowBagyrMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekGarrygala söweşiPars aýlagyGadymy NusaýOrhan ITürkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.HttpOsman türkmenleriniň döwletiPuluň gelip çykyşynyň taryhyXX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegiGörogly etrabyAhal welaýatyAşgabatGyzylödegiň düwnük keseliMuhammet Jelaletdin RumyItaliýaGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriGaplaň🡆 More