Zergärçilik

Türkmenleriň zergärçilik däpleri gadymy wagtlardan başlanypdyr.

Matalaryň ýüzüne keşde çekmek we altyn çaýylan, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, zikgelenen kümüşden taýýarlanylan zergärçilik önümleri şu däbiň ýüze çykmasy bolup durýar.

Zergärçilik
Şaý-sepler

Aýal-gyzlaryň egin-eşikleri, ozaly bilen-de gelinleriň egin-eşikleri ýokary çeperçilik bilen bezelýär. Börüge dakylýan şaý-sepler, saçbagylar, gulakhalkalar, boýna we döşe, bilege dakylýan şaý-sepler taýýarlanypdyr: depesinden dabanyna çenli nepis şaý-sepler bilen bezelen gyz, hamala diýersiň, özüniň açyk gyzyl reňkdäki köýneginde kümüşe çolanan ýaly bolup görünýär.

Özboluşly zergärçilik önümleri adamyň we haýwanlaryň, guşlaryň we möjegiň formalaryny gaýtalaýar, bular bolsa ähli türki halklaryň iň gowy görýän nagyşlarydyr.

Estetiki wezipesinden başga-da, şaý-sepler dürli keselleriň öňüni almak ähmiýetine hem eýedir, şaý-sepleriň keramatlylary hem bolup, olar adamlary göz degmeden goraýar. Seýrek bolaýmasa, olaryň Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň şaý-sepleriniň arasynda özüne meňzeşleri ýokdur. Şol bir wagtyň özünde gadymy Parfiýanyň hem-de Margiananyň bezeg sungaty bilen arabaglanyşygynyň bardygy duýulýar, bu bolsa, şübhesiz, çeperçilik däpleriniň güýjüne hem-de üznüksizligine şaýatlyk edýär. Daşlary oýup nagyş salmak, kiçi göwrümli heýkeller kosmetiki gutujyklar ýasamak gadymy adamlara mahsus bolupdyr. Misden, bürünçden, kümüşden, altyndan, oniksden ýasalan bezeg önümleri: güberçekli we dürli görnüşli iňňebagjyklar, gulakhalkalar, monjuklar we beýlekiler bilen birlikde zergärçilik şaý-sepleri: ýüzükler, gulakhalkalar, gülýakalar, gymmat bahaly monjuklar, gadymy zergärçilik sungatynda ýörgünli bolupdyr. Gliptika daşa oýup nagyş salmak sungatynyň bir görnüşi bolup, bu usul arkaly möhürler, tumarlar ýasalypdyr. Şeýle usulda ýasalan möhürler we tumarlar Margianadam köp tapylýar. Sfragistika sungaty gliptikadan tapawutlylykda özüne metal möhürleri we tumarlary hem birleşdirýär.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

ÝerAý (hemra)Türk diliTürkmenistanyň demografiýasy2018Egin-eşik (Yslam)PenisJüneýit hanDaşoguz welaýatyÝazyr2007Nedir şaBaş SahypaEllinçilik döwletler1948Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapFransiýa XX asyryň ikinji ýarymyndaGarrygala söweşiTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiGeografiýaMary welaýatySuratISBNCartoon networkTürkmenistanyň taryhyTeýemmumTürkmen dili grammatikasyTürkmen TaýpalaryNanotehnologiýaSosiologiýaAzatlyk heýkeliÖwlat1945Mähri PirgulyýewaTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriTürkmen Tagamlery, PalowGünbatar ÝewropaMesopotamiýaSeýitnazar SeýdiRussiýanyň Ukraina basgynyAwaza milli syýahatçylyk zolagyHaramMakedoniýa döwletiniň döremegiDurdy DurdyyevTirana2006Häzirki zaman umumyadamzat gymmatlyklarynyň düýpli meseleleri.15-nji asyrBelokPedikulýoz1999PanamaAdaty lakgaKawkazGowşut HanXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiTürkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk InstitutyMerezýelTebigy baýlyklar1935Gyzylödegiň düwnük keseliWenesuelaKüştdepdiGökdepe urşyGoşa ýyldyzlarGozleReal Madrid CFTäze GwineýaSüleýman pygamberÝagyşAntigua we BarbudaEýran Yslam rewolỳusiỳasy🡆 More