Xix Asyryň I Ýarymynda Türkmenlerde Ýere-Suwa Eýeçiligiň Görnüşleri

Tema: XIX asyryň I ýarymynda türkmenlerde Ýere-suwa eýeçiligiň görnüşleri


Taryh ylmynda türkmenlerde asyrlaryň dowamynda (tä Orsýediň türkmen ýerlerini basyp alan döwrüne çenli) patriarhal-feodal gatnaşyklary agalyk edipdir. Şu patriarhal-feodal gatnaşyklar XIX asyryň I ýarymynda türkmenleriň ykdysadyýetinde aýratyn hem ýere-suwa eýeçiligiň dürli görnüşleriniň halkyň jemgyýetçilik-ykdysady durmuşyna aralaşmagynda has aýdyň ýüze çykypdyr. Elbetde suwarymly ekerançylygy alyp barmak (haşar gazmak, ýap arassal. suw desgalarynda- bent, gatla, emem kanallar) döretmek aýry-aýry adamlarynyň däl-de, jebisleşen kollektiwiň işi hasaplanýar.

Türkmen durmuşynda merkezleşdirilen döwletiň ýok şertlerinde suwaryş sistemasyny kadalaşdyrýan gurama oba jemagaty bolupdyr.

Ýeri – suwy paýlamak han-begler, ruhanylar däl-de, oba jemagaty tarapyndan amala aşyrylypdyr. Günorta, Günorta-Gündogar, günbatar Türkmenistanyň ekerançylyk oasizlerinde ýere-suwa bolan eýeçiligiň we ondan peýdalanmagyň sanaşyk, mülk, kärende, wakyf ýaly görnüşleri bolupdyr. hywa hem-de Lebap türkmenlerinde ýerden suwdan peýdalanmak ýerli döwletlere baglylykda çözülipdir.

Türkmen obalarynda her oba hojalyk ýylynyň başynda bir gezek (awgust aýynda). Ahlyň käbir ýerinde ýylda 2 gezek (ýaz hem gyş ekişiň önüşýrasynda) ýere-suwa hakyky hukugy bar adamlaryň sanawy geçirlipdir. Şolaryň sanyna laýyklykda, jemagatda ýeri-suwy bir ýyllyk ýa-da alty aýlyk möhlet bilen paýlapdyr. Bellenen möhlet gutaranda, her bir adam öňki ýerine suwuna bolan hukugyny ýitiripdir. Täze ýyl bu proses ýaňadandan başlanypdyr. Bu düžgüne “sanaşyk” (sanamak sözünden) diýip beripdirler.

XIX asyrda sanaşyk ýerleriň mekany iň köp ýaýran ýeri Mary oazisi hasap edipdir. Ähli ýerler we suw bije atmak arkaly oba jemgyýetleriniň arasynda paýlanypdyr.

Adatyň kanuny boýunça ilki başda sanaşyk ýerlerden paý almaga hemme kimiň haky bolupdyr. emma bu düzgün jemagat tarapyndan üýtgedilipdir. Patriarhal-feodal gatnaşyklaryň güýçlenmegi, sosial deňsizligiň ýitileşip, adata “nikah-suw” diýilýän hukuk girizilýär. Munuň özi bolsa baý adamlaryň ähli ogluna şeýle hem sallançakdakysyna-da adaglap 5-10 ýer-suw paýlaryny almaklyga, garyp-gassarlaryň bolsa öýlenip hem bilmän ýerden-suwdan ýeke paýsyz mätäçlik çekmegine alyp barypdyr. Üstesine-de ýer-suw paýlaşyk meselesinde baýlar, hanlar, serdarlar, işanlar, miraplar artykmaç hukuklardan peýdalanypdyrlar. Şeýlelikde “baýam baýa” berer, hudaýam baýa berer diýlen nakyla” eýerip, jemagatyň içinde deňligiň bolmanlygy, sossial gatlaklara bölünmek prosesiniň dowam edendigini görkezýär.

Jemagatyň ýer eýeçilik düzgüni Mary Pendinden başga Ahal, Etek, Tejen, Sarahs, Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde hem ýörgünli bolupdyr.

Mülk ýer eýeçiligi: Jemagatyň doly hukukly agzasy sanaşyk paýyny alanda, oňa ýurt ýeri hökmünde mülk paýy-da berlipdir. XIX asyryň ortalaryndan mülk ýerler hususy eýeçilige geçip ugrapdyr.

Ahal etraplarynda mülk ýerler irden ýaýrapdyr we mülk ýerler nesilden-nesle geçipdir.

Mary oazisinde hem mülk ýerler ilkibada jemagat ýeriniň bir bölegi hökmünde wagtlaýyn paýlanypdyr. Emma wagtyň geçmegi, haryt-pul gatnaşyklarynyň ösmegi bilen ol ýerler ömürlik bolýar, soň bolsa nesilden-nesle geçip, müdimilik husysy mülk ýere öwrülýär. Mülkdaryň wagtyň geçmegi bilen mirasdary bolmasa onuň ýeri ýakyn garyndaşyna mük edilip bermek düzgüni saklanypdyr.

Mülk ýerlerinde ýokary girdeji berýän tehniki önümler (pagta, temmäki, kşir, şugundyr, bag-üzüm) ekilip ösdürilip ýetişdirilipdir.

Etrek-gürgen sebitlerinde hem mülk ýerler giňden ýaýrapdyr. Mülk ýere eýeçilik etmäge diňe erkek adamlaryň hukugy bardy, ol ony islese satyn ýa-da birine wesýet (zaweş) berip bilýär.

Kärende ýerleri – XIX asyrda Lebapda, Ahalda, Etekde kärende ýerleri (ýagny) kişiniň ýerini kärendesine alyp ekmek düzgüni hem gnden ýaýrapdyr. Kärende ýerlerine ýer, suw, tohum we ol güýji, zähmet guraly gerekdi. Ýer, suw, tohum ýer eýesiniňki bolmalydy. Kärendeçi diňe ýerde zähmet çekip hasylyň 4/1 bölegini alýardy. Buhara emirliginde bu düzgüne “çärýekkärlik” diýilýärdi, ýagny 4/1 –ni aňladýan düzgün.

Lebap boýlarynda kärendeçi daýhana käbir halat-da hasylyň 3/1 hem berlipdir.

Kärendesine ýer alýanlar köplenç ýagdaýlarda kembogal adamlar bolupdyr, ýagny garyp-daýhanlar. Olar ömür boý, gurply hanlaryň öňünde bergili bolup, olaryň gapysyndaky guluna öwrülipdirler. Mundan başga-da baýyň gapysynda hyzmatkärler hem bolupdyr. Olara “ýetimler” hem diýipdirler.

Käreneçileriň arasynda azrajyk ýerli, ýek-tük maly barlar hem bolupdyr, olar 2 owara birleşip kärendesine ýer alyp hasylyň 3/1-ni özlerine alyp güzaranyny görýänler hem bar eken. Olara goşak diýip atlandyrypdyrlar.

Maryda kärendeçilik düzgüni bolmandyr. Bu düzgüniň ýagny ýörgünli ýerleri Lebap, Ahal we Etek bolupdyr.

Wakyf – Wakyf Türkmenistanyň dürli ýerlerinde mazmuny tapawutlanýar. Hywa we Buhara hanlygynda ýagny oňa degişli türkmen raýonlarynda ol ruhanylaryň peýdasyna bagyş edilen eýeçilikdir. Zakaspiý territoriýasynda Wakyf öz irki gelip çykyş mazmunyna golaýdy. Bu ýerde oba jemagaty mollalara, işanlara dini işleri berjaý edýändigi diýip belli bir ýer-suw paýyny (sylag suwy) wagtlaýyn berýär eken. Wakyf ýerler cärjew we Kerki begliklerinde hem köp bolupdyr. elbetde bu ýerler aýry-aýry mülkdarlar, oba jemagaty tarapyndan ile ady ýaýran belli ruhanylara, mollalara medresesi üçin berlen peşgeş ýerlerdir.

Kolonial döwürde Maryda hem “Wakyf” ýerler köpelipdir.

Wakyfdan başga-da ýer eýeçiliginiň ýene-de birnäçe ownuk görnüşleri: “ hasse”, “ynam”, “emläk”, ýerleri, “ijara ýerleri” ýörgünli bolupdyr.

Hasse – patyşalyk ýerde oturyp kärendeçilik edýän ýerler (Hywada Buharada).

Ynam – bu ýörite han tarapyndan sylag hökmünde wagtlaýyn berilýän ýerler (Hywa hanlygynda)

Emläk ýerleri-

patyşalyk ýerler

Ijara ýerleri –

Atlyk ýer eýeçiligi - Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda ýerden-suwdan peýdalanmagyň atlyk formasy bolupdyr.

Horezm türkmenleriniň içinde Hywa hanynyň harby gullugyny berjaý edýän her atly nökere paýlanyp berilýän ýere-suwa “atlyk ýerler” diýilipdir. Bu ýerler suwarymly ekin meýdanlar bolupdyr.

XIX asyryň ortalaryndan atlyk ýerler hem nesilden-nesle geçilýän miras ýerlere öwrülipdir. Entäk Orsýede Hywa birikdirilmänkä türkmenleriň Hywada 2,5 golaý ýagny 70 müň tanapa barabar atlyk ýerleri bolupdyr.

Käbir taryhy arhiw maglumatlaryna görä Hywa türkmenleriniň umumy sany 23 müň öýli bolup olaryň 3 müňden gowragy atlyk ýer alypdyr.

Hywa türkmenlerine nöker gullarda böküp, atlyk ýer almak, amatly bolupdyr. sebäbi harby gullugy üçin aýratyn hak şeýle hem nökerler salgytdan, dürli hili haşar işlerinden boşadylypdyr. Emma türkmenleriň aglamasy ýerleri kärendesine alyp peýdalanypdyrlar:

Maldarçylyk hojalygy:

XIX asyryň I ýarymynda türkmen ykdysadyýetiniň esasyny ekerançylyk bilen bilelikde maldarçylyk düzüpdir.

Entek irräkden bäri has adaty formada saklanyp galan çarwa hojalyklar günbatar Türkmenistanda, Balkandag töwerekde Merkezi Garagumda, Maňgyşlakda şeýle hem günorta –günbatar we günorta –gündogar Türkmenistanyň sähra giňişliklerinde ýerleşipdir.

Garagumda türkmeniň ata-babalarynyň nesli bolan abdallar (däli, burunjuk, gurban meňlipoja tireleri bolupdyr) we igdirler.

XIX asyryň I ýarymynda žasy maldarçylyk bilen meşgul bolup, olar döwer (goýun-geçi) düýe, at-ýaby idedipdirler.

Olary köplenç Balkan sebitlerinde ýaşaýan ýomutlar idedipdirler. Ahal we Tejen etraplarynda bakylýan harçy goýny tekeler ýetişdiripdirler.

XIX asyryň I ýarymynda maldarçylykda sürüli gyl ýallar idedilmek hem dowam edipdir. Emma türkmenleriň ata bolan söýgüsi, oňa siňdirýän yhlasy, sarp edýän zähmeti (aty seýislemek üçin) dogrudan hem Ata-babalarymyzyň “Etir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen nakyla asyrlaryň dowamynda eýerip gelendigi bilen düşündirilýär.

Ahal-teke atlarynyň kellesi kiçi boýny inçeden uzyn aýaklary syrdam, örän inçelik bili synlaň derisi ýuka guýrugyň gyllary seýrek bolýar. Atlaryň esasy reňkleri – dor, mele we al (bularyň üçüsiniňde tüýleri lowurdap durýar) hem-de gyr gara bolýar. Ahal-teke atlary gujurlylygy, güýçliligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar, suwsuzlyga çydamly bolýar, sähelçe iým bilen oňýar.

Professor W.O Wittiň ýazyşy ýaly “türkmen atlary özleriniň nepisligi bilen we aýratyn özüne çekiji owadan synasy bilen hemmeleri haýran galdyrypdyr, atlary elin ösdürip ýetişdirmediň köp ýyllyk taryhy şunda mälim bolupdyr: owadanlyk boýunça köp wagtlap hat-da arap atlary-da türkmen atlaryna taý gelip bilmändirler.

Türkmen atlary dünýäniň münülýän atçylygyna ägirt uly täsir etdi, olar arap, iňlis, münülýän orýol, garabag, Eýran trakenen, garabaýyr atlary we atlaryň başga tohumlary emele getirilen wagtynda peýdalanyldy.

1836-njy ýylda Eýran şasy Muhammet Etrek-Gürgen türkmenleriniň üstüne çozup 60 müň sygyr, 10 müň gylýal 500 müň goýun, 20 müň düýe, alyp gidipdir. Elbetde şeýle talaňçylyklar türkmenleriň ykdysady hojalygyny gowşadypdyr, hojalygyň esasy pudaklary goýun, maldarçylyga we ekerançylyga uly zarba urupdyr.

Balykçylyk we awçylyk - XIX asyryň I ýarymynda türkmenleriň balykçylyk hojalygy Türkmen – rus, türkmen-Eýran gatnaşyklaryny ykdysady babatda hem sazlaşdyrýan hem ýitileşdirýän obýekt bolupdyr.

XIX asyryň başyndan başlap tä 40 ýyllaryna çenli balykçylygyň ösmegi Kyýat han we onuň ogullarynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem bu döwürde awçylyk bilen meşgul bolmak däbi hem bolupdyr. Türkmenistanyň tebigy geografiki ýerleşişi awçylyk bilen meşgullanmagada uly mümkinçilik döredipdir. Türkmenistanyň tebigaty, daglyk, tokaýlyk, çöllük jeňňellik ýerlerinde keýik, towşan, dag goçy, dag tekesi, tilki, garsak, ýaly ýabany haýwanlar giňden ýaýrapdyr.

Hünärmentçilik we senetçilik – XIX asyryň I ýarymynda ata-babalarymyzyň köp pudakly hojalygynda hünärmentçilik we senetçilik ýaly ugurlarda uly ähmiýete eýe bolupdyr. bu pudak ekerançylyk we maldarçylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenlerde dürli hili hünärmenler ýagny zergärler, demirçi, kümüşçi, juwazçy, sandykçy, ýonaçy, jykyrçy, küýzegärler bolupdyr.

Senetçilikde zergärçilik, atlaryň şaýyny ýasamak, öý ýasamak, öýüň gurallaryny taýýarlamak, o/h-da gerek bolan enjamlar öndürmek işleri ep-esli derejede ösüpdir.

Halyçylyk sungaty - Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem rowaçlanypdyr.

“Turanyň iň gözel önümi” hökmünde suratlandyrylýan nepis türkmen halylarynyň dürli-dürli gölleri bu döwürde hem dokalypdyr. Teke gölli, salyr gölli, saryk gölli, ýomut gölli (kepse göl, dyrnak göl) ärsary gölli (gülli göl, beşir göl) çowdur gölli diýip atlandyrylypdyr her tiräniň özüniň öz boluşly nagyşlary, gölleri bolupdyr. Türkmen halylary Gündogaryň ýurtlarynda we Ýewropanyň, Amerikanyň ýurtlarynda gadyr-gymmaty çäksiz bolup dünýä bazarynda XIX asyrda “Buhara halysy” ady bilen meşhurlyk gazanypdyr.

Şeýlelikde türkmen gelin-gyzlarynyň el işi bilen döreden ajaýyp çeper eserleri etnografiki we taryh muzeýlerinde nusga bolup galypdyr. Olaryň dakynýan şaý-sepleri (geçen asyrlarda ýasalan) Leningradyň, Moskwanyň, Aşgabadyň etnografiýa, taryh, ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanyp galypdyr we türkmen halkynyň hünärmentçiligiň we senetçiligiň nusgasy hökmünde geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýär.

Söwdanyň ösmegi - Iň gadymy döwürlerden gaýdýan “Beýik ýüpek ýolunyň” ýurdumyzyň üstünden geçmegi (XV-XIX asyrlarda gowşady) ýerli ilatyň söwda işlerine gatnaşmagyna uly şert döredipdir.

Kerwen söwdasynyň esasy düşelgeleri Mary we Ýolöten bolupdyr. şol düşelgeleriň üsti bilen söwda kerwenleri Eýrandan Hywa we Buhara hem-de yzyna gidýär eken. Şu ýagdaý Murgap oazisi üstüňde Eýran şalary bilen Hywa we Buhara hökümdarynyň arasyndaky uzaga çeken, erjellikli göreşiň esasy sebäplerinden biri bolupdyr.

Söwda Saragt salyrlarynyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolupdyr. olaryň söwda operasiýalaryna gatnaşmaklaryndan başga-da, Salyr han –begleriniň söwda kerwenleriniň öz ýerlerinden geçendigi üçin paç almak we ş.m. görnüşinde kerwen söwdasyndan gelýän ençeme gytaklaýyn girdejileri hem bolupdyr. gul söwdasy hem olara köp girdeji beripdir. 1838-nji ýylda Eýran goşunlary Saragty eýelerinden soň şol ýerde 3 müňe çenli ýesir gul satylypdyr. Saragtda gul söwdasyny edýän 600-e çenli türkmeniň (diňe salyrlar däl bolsa gerek) ýaşandygy Eýran ýazgylaryndan mälimdir.

Şu ýerde 5-7-nji Garaşsyzlyk aýynda elhenç gurluşyk bolup, basmaçylaryň esasay güýçleri ýer bilen ýegsan edildi. Jüneýit hanyň kiçi olgy Igdir han wepat boldy, beýleki otrýad baştutanlarynda Ahmet beg, Annababa, Janabarmak agyr jaralandy. Temiralynyň toparam Jüneýit handan bölünip Goňrat tarapa gitdi. Şol ýerde-de ýaragyny taşlady. Jüneýit han galan güýçleri bilen orta guýa çekildi. Sanjar aýynyň 5-de bu ýerde bolan söweşde basmaçylar ýene-de howadan edilýän hüjüme alaçsyz bolup galdylar. 1928-nji ýylyň Türkmenbaşy (ýanwar) aýynda birinji türkmen atly polky we beýleki goşun bölümleri Hywada, Daşoguz, Çärjew welaýatlarynda basmaçy toparlarynyň rehimsiz yzarlanyp derbi dagyn etdiler.

Şeýlelikde ilkinji Garagum urşy diýip atlandyrylýän aldym berdimli söweşlerem basmaçylaryň ýeňilmegi bilen gutardy. Ýagny uzaga çeken basmaçylyk hereketi bir bada gowşady.

Türkmen esgerleriniň basmaçylara garşy ellidenem köpräk ýörişleri gatnaşdyrmak başartdy. Söweşlerde görkezen edermenlikleri üçin türkmen ofiserlerinden we esgerlerinden ýüzlerçe hökümet sylaglaryna mynasyp boldular. Gysgaça aýdylanda Türkmenistanda bolşewikleriň synpy göreş maksadyna ýetdi. Türkmen biri-biri bilen gyrlyşdy, halkyň milli ruhy bitewiligi gat açdy.

Jüneýit hanyň 16 ýyldan bäri ilki ors patyşasyna şoňa arka baglap öz ilatyny aýratynam türkmenleri elhenç ezip gelen Hywa hanyna soňra bolsa bolşewiklere garşy alyp baran söweşi ýeňiş bilen gutardy. Ýyl-ýyldan güýçlenýän bolşewik wagyz-nesihat wadyhowa wadalar daýhanlar köpçüligini aldawa saldy. Jüneýit han oňa düşündi, ol täleýiň ters gelmeginiň ähli yzasyny gerdeminde çekip 1928-nji ýylyň Sanjar aýynda serhetden hemişelik geçmäge mejbur boldy.

Üçünji Garagum urşy

1929-njy ýylda zorluk astynda geçirilýän uçdan tutma kollektiwizasiýasynyň başlanmagy bilen ýene-de ýaraga ýapyşanlaryň sany köpeldi.

Basmaçy toparlarynyň uly birikmesine indi Şaltaý batyr ýolbaşçylyk edýärdi. Asla il arasynda aýdylyşyna görä Jüneýit han serhetden geçjek bolanda Şaltaý batyr gara kelläni togalaýmasalar atdan düşmejekdigine oňa kasam edipdir. Şonuň üçinem onuň goşunyna beýleki okurukdakylardan basmaçy toparlarynyň wekili-de gelip gidýärler.

1929-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 5-7 de Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerli feodal- klerikal hereketiniň baştutany Bäçe Sakannyň Jüneýit hanyň özara Buhara emini Seýitaly hanyň hem-de Iňlis ofiserleriniň gatnaşmaklarynda maslahat bolup geçdi. Maslahatda şura hökümetine garşy göreşýän basmaçylara kömek bermek üçin üç sany topar döredildi. Şolaryň ikisi Türkmenistana ýagny, Lebaply döwlet serdaryň 75- atlysy Kerki Çärjewe Eşihanyň Mametaly hanyň 130 atlysy Tejene soňra Daşoguza iberildi. Emele gelen toparlar birnäçe gezek serhetden geçip tanbşyrygy berjaý etdiler.

1930-njy ýylda Şaltaý batyr Ýylanly etrabynyň Gökleňňer obasynda eden gyzgynçylygynda agyr ýaraglanýar we aradan çyýar.

Şaltaý batyr ölenden basmaçylardan soň Ahmet beg ýolbaşçylyk edýär. 1931-nji ýylda Türkmenistanda birleşen uly basmaçy toparlary emele geldi. Olar öz aralarynda Garagumyň merkezi guýulary arkaly gatnaşyk saklaýardylar. Ol toparlar raýon merkezlerine, obalara dökülip dürli sowet edaralaryny otlaýarladylar, kolhozyň mallaryny sürüp, “Kapyrlardan” öç alýardylar. Çarwa ilatyň arasynda ýykgynçylyk hasam güýçli boldy.

TK (b) PMK-sy we TSSR HKS garaguma ýagny basmaçlara garşy harby syýasy ekspidisiýa ibermegi karar etdi, ştab döwlet boýunça bäş müňe golaý atlyny özünde jemleýän basmacy toparlaryny gyryp, soňuna çykmagynyň planyny düzdi.

1931-nji ýylyň Ruhnama aýynyň (sentýabr) başynda garagumda ýene-de uruş başlandy. Gyzyl Goşun bölümini bir wagtyň özünde Türkmenbaşydan, Bereket, Tejen, Mary, Hywa we Daşoguzdan basmaçlara garşy hüjüme gecdiler. 8-nji aýratyn türkmen atly brigadsasynyň beýleki goşun bölümleriniň esgerleri harby uçarlaryň kömegi bilen bary ýogy on güniň içinde basmaçy toparlarynyň derbi dagyn etdiler. Öňunde soňunda bolmadyk gyrgynçylyk boldy. Diňe basmaçylar däl eýsem olary penalan hökmünde gumly edaralarda gan ýutdylar. Şeýle keç ykbally obalarynyňam biir Keltegoňur bolmaly.

Keltegoňur gyrgynçylygynda 56 adam sehit boldy.

1031-nji ýylda garagumda gopan kyýamatdan soň basamçylar doly amala gelmedi. Eýýam 1932-nji ýylyň ahyrlarynda Türkmenistanda hersinde ortaça 20-25 atylysy bolan 28 sany basmacy toparlary herket edyärdi. 1933-nji ýylyň ortalaryna çenli olaram dargadyldy. Ýöňe şonda-da iň soňky basmaça çenli “Gyryp gutarmakly” bolşewikere başartmady. Olaryň käbir galyndylary soň – soňlaram tä 1935-1936 ýyllara çenli göreşi dowam etdirdi. Çünki halkkyň bir böleginde kapyrlaryň zulum zynjyryny gyrmaga, erkin howadan dem almaga ymtyluşy çäksiz güýçlidi.

Şeýlelikde üçinji Garagum urşy hem basmaçylaryň ýeňilişi bilen gutardy. Ýagny şunuň bilen Türkmenistanda uzaga çeken basmaçylyk hereketi rayatlyk urşuň has takyky, milli azat edijilik hereketi gutardy. Elhenç gyrgynçylyklarda iki tarapdanam türkmeniň müňlerçe, men – men diýen ärleri (Magtymguly) gerçek ýigitlerim guma garyldy.

Bu elhenç näletli hadysa külli türkmen üçin öwezini dolup bolmadyk Nähak pidady.

Ine şu ýokarky wakalar hem türkmen halkynyň topragy, ar – namysy, özbaşdak milli döwlet gurmak ugrundaky göreşi, onuň näderejedäki halk bolanlygyny yenede bir gezek görkezyär. Şu maglumatlara esaslansa türkmen dogrudanam beýik millet. Bu barada älem serweri Beýik Saparmyrat Türkmenbasy Mukaddes Ruhnamasynda şeýle diýýär: “Türkmen halkynyň beýiok halkdygyna durkym bilen ynanýaryn. Türkmen halky beyik halk, emma ol ikinji bir halkdan beyik däl. Türkmeniň zandynda onuň ýaly peslik ýok. Şu pendi her bir türkmen ömür ýadynda saklasyn” (71 sah).

Şu agzalýan döwür barada bolsa Mukaddes kitapda şeýle diýilýär: “20-30-njy ýyllarda munuň özi bolşewikleriň we menşewikleriň arasyndaky sosializm ugrunda görkezmeler we ona garşy çykýanlaryň baýlar we gulaklar diýlip atlandyrylýanlaryň arasyndaky göreşdi” (270sah).

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Günorta Afrika RespublikasyFerdöwsiMuhammedMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriPolşaGaramyk (kesel)ProstatitTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyPlanetaÇiliKöýtendag goraghanasyBelokMollanepesBeýik Saparmurat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň durmuş – ykdysady we medeni ösüşiEziz hanAbdyrahman Al-HaziniDunaýImran HanBeýik ösüşlere barýan eziz WatanymyzNedir şaZynaGuşçulykTürk diliAl-HorezmiTürkmenistandaky etraplar we şäherlerYsly çomuçTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyDöwletlerDünýä bölekleriTalakTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyDünýäniň 7 täsinligiBeýik Ýüpek ýolyTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiGadyr gijesiKüştUkyÖküz soguljanyGadymy Gresiýa taryhyMalaziýaGowşut HanGerodotMatallarGyzylödegiň düwnük keseliUkrainaKuranTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiBabasylMineral baylyklarSportTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriTürkmenistan howa ýollaryMarketingIddäMerkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründeÝapon diliGangMatematikaFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarItaliýaEtrek derýasyAIWBagyrXVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY- BILIMLERIŇ ÖSÜŞIMurgap derýasyGyzyljaRussiýa XIX asyrdaGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyTürkmenistanyň geografiýasyDemirgazyk Buzly okeanSeýitjemaleddin metjidiGoşa ýyldyzlar🡆 More