Wegetatiw Nerw Ulgamy

Çetki nerw ulgamynyň esasy bölegi, nerw oýanyşlary skelet myşsalaryna geçirip, olaryň ýygrylmagyny döredýär.

Gurluşy

Ola ryň kömegi bilen dürli gyjyndyryjylara jogap edip, bedenin täsirleşmesi amala aşyrylýar. Onurga ýilik refleksleri şunun ýalydyr. Emma bedende baş ga häsiýetli refleksler hem, mysal üçin, tüýkülik bölüp cykaryş refleksi ýüregiň we dürli mäzleriň işleriniň nerw. sazlanyşygy. deriň bölünip cykmagy, gan damarlarynyň ginelip-daralmagy we s.m duş gelýärler. Bu hadysalaryn hemmesi nerw ulgamynyň wegetatiw nerw ulgamy diýlip atlandyrylýan bölüminiň üsti bilen ýerine ýetirilýär (125-nji surat). Wegetatiw nerw ulgamy köp synalaryň we synalar ulgamynyň işlerini sazlaşdyrýar, ol işleri bedeniň talabyna we daşky gurşawyň şertlerine görä uýgunlaşdyrýar. Gurluşy boýunça wegetatiw nerw ulgamy hereket ediş işlerini ýerine ýetirýän nerwlerden birneme tapa wutlanýar. Mysal üçin, skelet myşsalarynyň ýygrylmagyny emele getirýän oýanyş myşsalary bedenleri merkezi nerw ulgamynyň çal maddasynda ýerleşen nerw öyjükleriniň uzyn ösüntgileri boýunça geçirilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň merkezden daşlaşyan nerw öyjüklerinin ýerleşişleri baş gaçadyr. Merkezi nerw ulgamyndan wegetatiw nerwleriň üsti bilen synalara yetirilýän oýanyş bir-biriniň yzynda ýerleşen iki sany nerw öyjükleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar (126-njy surat). Birinji nerw öýjüginiň (neýronyň) bedeni onurga ýiliginde, ikinjiniňki bolsa nerw düwnünde ýerleşyär. Oýanyşyň birinji nerwden ikinji nerwe geçirilişi hem şol nerw düwünlerinde bolup geçýär. Şol wegetatiw merkezi nerw ulgamynyn çäginden daşda, nerw süyüm- lerinin synalara gidýän ýolunda ýerleşýärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem oýanyşy beýleki çetki nerwler bilen deňeşdirilende haýal geçiryar.

Bölümleri

Wegetatiw nerw ulgamy - simpatik we parasimpatik diýen bölümlerden durýar. Olaryň her birinin hem merkezi we periferik bölümleri bar. Merkezi bölümini oňurga ýiliginde we kelle beýnisinde ýerleşen goşmaça nerwler we birinji nerw öýjüklerinin bedenleri emele getirýärler. Nerw öýjükleriniň şular yaly toplumyna wegetatiw ýadrolary diýip at berilýär. Şol ýadrolardan aýrylyp gidýän nerw süýümleri, nerwleriň wegetatiw düwünleri, içki synalaryň diwarlaryndaky nerw birikmeler (utgaşmalar) çetki bölümine degişlidirler. Wegetatiw nerw ulgamynyň iki bölegi bir-birinden ana tomik gurluşlary boýunça-da, fiziologik işjeňlikleri boýunça- -da tapawutlanýarlar. Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik bölümi onurga ýiliginiň döş we bil bölekleri bilen baglanysyklydyr. Ol ýerde birinji nerw öýjüklerinin bedenleri ýerleşýärler. Bu nerw öýjükleriniň merkezi nerw ulgamyndan gaýdýan ösüntgileri oňurga ýiliginiň öndäki kökjagazlaryndan cykýarlar. Olar onurga ýiliginin iki gapdalynda zynjyrjyk görnüşinde ýerleşen simpatik düwünlerde şahalanyp gu- tarýarlar. Şol düwünlerde synalar bilen baglanysykly bolan ikinji simpatik nerw öýjüklerin bedenleri ýerleşyärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň parasimpatik bölümi kelle beýnisiniñ ortaky we süýri beýnilerinden, şeýle hem onurga catalba (guýmaç) ýiliginin bölüminden gaýdýan birnäçe nerwlerden emele gelendir. Ortaky beýnidäki wegetatiw ýadrolardan çykýan nerw süýümleri görüş synalaryna barýar. Parasimpatik wegetatiw nerwleriniň arasynda kelle sünk beýni nerwlerinin onunjy jübüti aýratyn ähmiýete eyedir. Ol süýri beýniden aýrylyp gaýdýar. Muña azaşan nerwler diýilýär, Ol dös we garyn boşlugynyň köp synalaryny parasimpatik süyümler bilen üpjün edýär. Onun osüntgileri köp synalara, yagny ýürege, aşgazana, içegä, köp sanly gan damarlaryna barýarlar. Şonun üçin hem olara azaşan nerwler diýilýär. Guýmaç onurga ýiliginin bölümindäki ýadrodan cykýan parasimpatik nerwler yogyn içegä, peşew haltajygyna, jyns synalaryna barýarlar. Simpatik nerwlerden tapawutlylykda, parasimpatik nerwler wegetatiw düwünleri merkezi nerw ulgamynyň ýanynda döretmän, synalaryň golaýynda ýa-da olaryň diwarlarynda emele getirýärler. Şeýlelikde, wegetatiw nerw ulgamynyn täsir edýän synalaryna çenli yol elmydama iki nerwöyüklerinin üs. tünden geçyär. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýerine ýetirýän işleri. Bedende geçýän käbir hadysalar adamyn islegine görä ýerine ýetirilmeýär. Olary adam özüçe üýtgedip bilmeýär. Şeyle hadysalara tüýküligin ýa-da derin bölünip çykmagy, ýüregiň işleýşi, iýmitiň sindirilişi, gan damarlarynyň daralyp- giñelmegi we ş.m. degişlidirler. Şular yaly hadysalary bedenin talabyna görä sazlaşdyrmaklyk wegetatiw nerw ulgamynyň esasy wezipesidir. Içki synalaryň köpüsi şu nerwler bilen üpjün edilendir. Wegetatiw nerw ulgamyna awtonom (grekçe öz-özüni dolandyrýan) nerwler hem diýilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümlerinin gatnaşmagynda, bedende gapma-garşylykly işler amala aşyrylýar. Mysal üçin, simpatik nerw tarapyndan geçirilyän oýanys ýüregin işini güýçlendiryär, parasimpatik nerw bolsa ýüregin ýygrylyp-ýa- zylmagyny gowşadýar. Gan damarlarynyň daralmagy, simpa tik nerwlerin, giñelmegi bolsa parasimpatik nerwleriň täsir etmekleri netijesinde bolup geçýär. Wegetatiw nerw ulgamy basga-da birnäçe synalaryň işine täsir edýär.

Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik nerwleriniň ösüntgilerinin sünk myşsalaryna-da barýandygyny bar laglar görkezdi. Emma olaryň üsti bilen barýan oýanyşlar myşsalaryň işine gatnaşmaýarlar. Olar sünk myşsalarynda geçýän madda çalşygyny sazlaşdyrýarlar.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamyAlp ArslanMuhammedHaramGermaniýaAmerikanyň Birleşen Ştatlary taryhyDünýäniň 7 täsinligiXVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY- BILIMLERIŇ ÖSÜŞIMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerWitaminlerŞaja BatyrowMerezýelAndlarHazar goraghanasyBirleşen PatyşalykABŞ düzümindäki ştatlarXX ASYRYŇ AÝAGYNDA TÜRKIÝETeke taýpasyBelokÇekimsiz harplarIslami NakylKolumbiýaGüljemal hanNurmuhammed AndalypAristotelIlkidurmuş jemgyýetiniň taryhyErtekilerTürkmenistandaky etraplar we şäherlerOrta AziýaGurbanguly BerdimuhamedowÖýjükBeýik ösüşlere barýan eziz WatanymyzNasyraly IsaÝaňyltmaçlarGaraşsyzlyk binasyBraziliýaTürk diliNurmuhammet AndalypAlžirTaryhy tapyndyly JeýtunMähri PirgulyýewaÝaponiýa 1918-1939 ýyllardaTäze ZelandiýaTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriMurgap derýasyAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryZehin synagySportAgsak sereTürkmenistan howa ýollaryLondonPifagoryň teoremasyPsihologiýa düzgünleri we gurluşyHydyr DerýaýewLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerEser WestKopernigiň Älem baradaky taglymatyAtmosferaNamaz kitabyAraplar VI-XI asyrlardaMaşgala kanuny (Yslam)OtitOňurga ýiligiMerkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründeTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyHazar deňziSüleýman pygamberSerhetabatOba hojalyk inženerligiTürkmenistanyň geografiýasyDäliden dogry habar (çeper eser)🡆 More