Gyzylarbat

Gyzylarbat (SSSR wagtynda rusça Kizyl-Arbat, ýagny Кизыл-Арбат diýip ýazylýardy) bu Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherinden soň üçünji uly şäheri.

Ilaty 50000 töweregi. Bu şäher Aşgabat we Balkanabat şäherleriniň arasynda, olardan takmynan deň aralykda ýerleşýär. Gyzylarbat şeýle hem etrap bolup, ol Janahyr, Purnuwar, Hojagala, Goç, Zaw, Paraw, Çukur diýen ýaly birnäçe obalary we daýhan birleşiklerini öz içine alýar.

[takyklamasyz]
Gyzylarbat
Gyzylarbat
Ýurt
Türkmenistan
Sebit
Balkan welaýaty
Koordinatlar
38°58′00″ dg. g. 56°16′00″ gd. u. / 38.96667° dg. g. 56.26667° gd. u. / 38.96667; 56.26667 (G) (O) (Я) 56°16′00″ gd. u. / 38.96667° dg. g. 56.26667° gd. u. / 38.96667; 56.26667 (G) (O) (Я)
Resmi dil
Ilat
50 000 adam
Sagat guşaklygy
UTC+05:00[d]
Telefon kody
+993 246
Karta
Gyzylarbat
Gyzylarbat
Gyzylarbat şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi (Günbatar tarapdan)

Gyzylarbat şäheriniň iri ykdysady zawod fabrikleri

Wagon remont ediş zawody

Bu zawodyň düýbi 1882-nji ýylda esasy demir ýol ussahanasy hökmünde tutulýar. 1992-nji ýylda ussahanany rekonstruksiýa edýärler. 1928-nji ýylda onuň ady "Parawoz remont ediş zawodyna" üýtgedilýär. 1947-nji ýylda bolsa häzirki adyna eýe bolýar. Beýik Watançylyk urşy döwründe bu zawodda broneotlylar bejerlipdir we goranyş önümleri ýasalypdyr. 1947-nji ýyldan bäri sisternalary bejermek bilen meşgullanýar. 1992-nji ýylyň başynda 4 we 8 osly sisternalary remont edýärdi, wagon tekerlerini bejerýärdi we şaý-seplerini ýasaýardy.

Gurbansoltan eje adyndaky tekstil toplumy

Bu zawod Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň başlangyjy bilen guruldy we häzirki wagtda ýüplik çykarmak bilen meşgullanýar. Zawod öz önümlerini esasan daşary ýurtlara eksport edýär. Häzirki wagtda, Gurbansoltan eje adyndaky tekstil toplumynyň ady "Balkandokma" ÝGPJ - Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde atlandyrylýar.

Haly fabrigi

Gyzylarbadyñ aýal-gyzlary uzak wagtlardan bäri halyçylyk ussatlyklary bilen meşhurdyr. Bu ýeriň halyçylary 20-nji asyryň birinji ýarymynda dünýäde iň uly ölçegli teke gölli halysyny dokadylar we ol haly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda ol haly Aşgabat şäheriniň haly muzeýinde saklanýar.

Gyzylarbat ýod zawody

Gyzylarbat 
Gyzylarbat şäherindäki esasy metjid

Bu zawod SSSR döwri gurulyp, häzirki wagtda hem önüm bermegini dowam edýär. Zawodyň çykarýan önümi esasan daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ösümlik ýag kärhanasy

Gyzylarbat şäheriniň ösümlik ýag kärhanasy pagta çigidinden nahar ýagyny çykarmak boýunça ýöriteleşýär. Zawodyň önümi içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýedir.

Gyzylarbadyñ belli şahsyýetleri

Han Ahmet (Türkmenistanyň premýer ministri bolan)

Gyzylarbat 
Serdar şäheriniň baş meýdançasy

Röwşen Hallyýew (Türkmenistanyň belli halk aýdymçysy bolan)


Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän meşhur medeni taryhy ýerler

Paraw bibi

Türkmenistanda belli zyýarat edilýän ýerleriň biri.

Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Rus patyşa döwründe gurulan, öň serkow (церковь) bolan.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezi

Öň Kaçkowskiý ýa-da Orlýonok diýip atlandyrylýardy. 2016-njy ýylyň tomsunda bu ýerde täze çagalar sagaldyş merkezi guruldy we işläp başlady.

Seret

Tags:

Gyzylarbat şäheriniň iri ykdysady zawod fabrikleriGyzylarbat Gyzylarbadyñ belli şahsyýetleriGyzylarbat etrabynda ýerleşýän meşhur medeni taryhy ýerlerGyzylarbat SeretGyzylarbat

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Garaşsyzlygyň gadamlaryNowak JokowiçSoltan SanjarOrta asyrlarÝagtylyk ýylyÇohpetdeGadymy Merw - müňýyllygyň şaýadyMilan futbol toparyTürkmenlerTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyMeksikaAhal welaýatyPifagorPoliomiýelitSeýitnazar SeýdiEkwadorDrobAdamFizikaAl-FarabyAnton ÇehowPagtaBaskin-RobbinsNeptunOkaraly çomuçTürkmensähraÄs-sälämu aleýkumGadymy HytaýBalkan welaýatyNedir şaIgdirOksford uniwersitetiBaýyndyrGowşut hanŞükür bagşyJüneýit hanJyns gatnaşyklaryAzarbeýjanTürkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslaryPalawEllinçilik döwletler20 aprelGörogly etrabyÝunanystanJynaza namazyNury MeredowAbdysetdar KazyAlžirWitrWarikozÄnew metjidiniň ansamblyTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyBitaraplyk binasyIndeýlerGarynjaElektrik generatoryAziýada Ikinji Jahan UrşyKitapBürgütTähranTürkmençeFilippinlerÄrsary taýpasyBlogTürkmenistan XV – XVI asyrlardaSeýitjemaleddin metjidi🡆 More