Oguzhan Etraby: Salam

Oguzhan etraby Mary welaýatynyň Howuzhan düzlüginde ýerleşýän hojalyklaryň esasynda 1988-nji ýylda döredildi.

Hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary pagtaçylyk, däneçilik we gaz senagaty bolup durýar. Etrabyň çägini Garagum derýasy, Tejen–Sarahs–Maşat demir ýoly, Aşgabat–Mary awtomobil ýoly kesip geçýär. Günortada etraba Oguzhan suw howdany ýanaşýar. Etrabyň düzümine 1 şäher, 3 şäherçe, 9 geňeşlik we 12 oba girýär.
Şatlyk şäheri 1991-nji ýylda şäher statusyny aldy. Ol etrabyň demirgazygynda, Mary şäherinden 25 km. günbatarda ýerleşýär. Bu şäher Şatlyk gaz käniniň esasy hojalyk-guramaçylyk merkezi hökmünde döredildi. Şäherde gaz çykaryş, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk edaralary we kärhanalary, durmuş-medeni edaralary ýerleşýär.
Oguzhan (öňki Gulanly) şäherçesi etrap merkezidir. Bu ýerde etrabyň dolandyryş edaralary we guramalary bar. Şäherçede pagta arassalaýjy zawod, demir ýol stansiýasy, kerpiç zawody, gurluşyk edaralary, durmuş-medeni ähmiýetli edaralar ýerleşýär.
Deňizhan (öňki Hanhowuz) 1962-nji ýylda esaslandyrylyp, suw gurluşykçylarynyň şäherçesi hasaplanýar. Şäherçäniň zähmet bilen meşgullanýan ilatynyň esasy bölegi Deňizhan kanalyna we Oguzhan suw howdanyna gözegçilik – hyzmat işlerini amala aşyrýarlar. Şäherçede gurluşyk edaralary, söwda, medeni, durmuş hyzmaty kärhanalary bar. Şäherçäniň üstünden Aşgabat–Mary awtomobil ýoly geçýär. Bu etrabyñ ilatynyñ aglabasy,Tajigistan dowletinden gocup gelen turkmenlerdir.

Tags:

Garagum derýasyMary welaýaty

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

MätäjiGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriOkaraly çomuçÄrsary taýpasySefewi döwletiPenisHytaý diliÝunus EmreSüýjülik (kesel)Türkmenistanyň emeli hemrasyTürkmen Tagamlery, PalowXX ASYRYŇ AÝAGYNDA TÜRKIÝEMaşgala kanuny (Yslam)17 aprelÝatgynyň miomasyHimiki elementleriň periodik ulgamyIII. Jahan urşyDäliden dogry habar (çeper eser)Sanlar teoriýasyAntiwirusAlbert EýnşteýnTürkmenistanyň ''Senagat'' paýdarlar täjirçilik bankyGuragyry keseliŞweýsariýaMongoliýaBelgiýaTürkmenistanyň prezidentiMährem çynarKöýtendag etrabyHalkara Matematiki adalgalarTäçmämmet JürdekowRadikulitAdamyň iýmit siňdiriş ulgamyAt güý­jiMoskwaGurbannazar EzizowDöwletjan ÝagşymyradowEkwadorDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyDandanakan söweşiMolla Töre ahunNurmyrat SaryhanowEýranDubaýKöneürgenç türkmen döwletiTürkmen milli oýunlaryDeňlemeBerdi KerbabaýewKöneürgençMusaXVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY- BILIMLERIŇ ÖSÜŞIGaraşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşiGoşma sözlem we ýönekeý sözlemBäherden etrabyGadymy Gresiýa taryhyZekatÝapon diliGaragum derýasyAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryÖwlatSuwQatarYrakBalkan welaýatyAnnaberdi AtdanowNury MeredowGoçmyrat ahunTürkmenistanyň ykdysadyýetiHaýzVK.comGökdepe urşyMaldarçylykGünorta ÝewropaOmar HaýýamKuranIsgender Zülkarneýn🡆 More