Metatrader 4

MT4 ady bilen meşhur MetaTrader 4 onlaýn-treýderler tarapyndan giňden ulanylýan elektron söwda meýdançasydyr.

Elektron söwda meýdançasyny “MetaQuotes Software” kompaniýasy işläp düzdi.

Programma üpjünçiligi müşderi, şeýle hem serwer böleklerinden ybaratdyr. Serwer bölegi broker tarapyndan dolandyrylýar, müşderi programma üpjünçiligi bölegi bolsa brokeriň müşderilerine berilýär, olar ony bahalary we tertipnamalary hakyky wagtda görmek, buýurmalary ýerleşdirmek we öz hasaplaryny dolandyrmak üçin ulanýarlar.

Müşderi Microsoft Windows binýadyndaky priloženiýe bolup durýar. Mac OS üçin MetaTrader 4-iň resmi görnüşiniň ýokdugyna garamazdan, käbir brokerler Mac OS üçin özleriniň işläp düzen MT4 görnüşlerini berýärler.

MetaTrader 4 maržinal söwda üçin niýetlenilendir. Käbir iri broker kompaniýalary CFD söwdasy üçin MetaTrader 4-i ulanýarlar, ýöne şeýle-de bolsa, ol gazna bazaryndaky hemişelik iş üçin niýetlenilendir:

  • beýleki söwdagärler görer ýaly öz arzaňy bazara çykarmak mümkinçiligi ýok;
  • bazardaky bar bolan arzalaryň sanawyny görmek mümkinçiligi ýok;
  • opsionlar bilen iş mehanizmleri ýok;
  • bahalandyrmalaryň (kotirowkalaryň) we täzelikleriň goşmaça çeşmesini birikdirmek mümkinçiligi ýok;
  • milli puldaky iş mehanizmleri ýok (müşderi terminalyndaky hasabat hemişe iňlis dilinde düzülip, onda USD walýuta hökmünde görkezilýär).

Ulanyjynyň hususy söwda skriptlerini ýazmak mümkinçiligi we söwdany awtomatlaşdyryp biljek robotlar arkaly MetaTrader 4 meşhur boldy.

Söwdany awtomatlaşdyrmak üçin MetaTrader 4 ulanyjy indikatorlaryny we söwda programmalaryny ulanyp bilýär.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen barlaga görä, MetaTrader 4 dünýä boýunça Foreksiň iň meşhur söwda meýdançasydyr.

Bellikler

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Mihail Ýurýewiç LermontowGadymy Gresiýa taryhyAtabaý ÇargulyýewFIFA Dünýä kubogyWilýam ŞekspirDunaýBagyr keseliKöriçegeIlkidurmuş adam toparlaryTürkmen bagşyçylyk sungatyPifagoryň teoremasyGüljemal hanGünäTürkmenistanyň baýdagyŞükür bagşyReformasiýaEkwadorKoreýa Halk-Demokratik RespublikasyBeýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllardaGazawat gyrgynçylygySeýitjemaleddin metjidiABŞ düzümindäki ştatlarFutbol boýunça dünýä çempionaty-1958Namaz kitabyMatallarGatykHalkara türkmen-türk uniwersitetiBabasylKiçi Balkan dagyWatikanHytaý Halk RespublikasyFutbol boýunça dünýä çempionaty-1950Günorta AmerikaJemi içerki önüm boýunça döwletleriň hasabatyFutbol taryhynda köp kömek edýärLionel MessiÝaňyltmaçlarGyzylödegiň düwnük keseliImanFutbol boýunça dünýä çempionaty-1954Süýjülik (kesel)XIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriPars diliWirusly gepatitlerÇekimli harplarGaýgysyz AtabaýewSünt-Hasardag goraghanasyZekatFI­FASüýümHlamidiozSefewi döwletiMerwBeýik Seljuk Türkmen döwletiBaýdakAbadan HalmedowaPenisAýratyn goralýan tebigy ýerler (AGTÝ) barada düşünjeJenaýat we jezaSingapurAkmaýanyň ýolyGoşma sözlem we ýönekeý sözlemFilistin DöwletiTürkmenistanyň gerbiGadymy HytaýGün ulgamyTürkmençeBathyz goraghanasyChic (aýdym-saz topary)Ýer eýeçiliginiñ görnüşleriHajjDurdy DurdyyevTürkmen tahýasy🡆 More