Konfusiý

Kon­fu­siý (hy­taý di­lin­de Kon-Fu-Si, la­tyn li­lin­de Con­fucius) mi­la­dy­dan öň­ki 551-479-njy ýyl­lar­da ýa­şap geç­ýär.

Konfusiý
Konfusiý

Ça­ga­ka ýe­tim ga­lan gel­jek­ki meş­hur fi­lo­sof eje­si­niň elin­de ter­bi­ýe­len­ýär we ata­syn­dan ylym öw­ren­ýär. Öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li Lu (hä­zir­ki Şan Dong we­la­ýa­ty) şa­ly­gyn­da ýa­şap geç­ýär. Ýaş­ly­gyn­da emel­dar bo­lup iş­län Kon­fu­siý, gel­jek­de Hy­ta­ýyň yl­my taý­dan ös­mek­li­gi üçin öz sal­dam­ly go­şan­dy­ny goş­ýar. Kon­fu­si­niň dü­şün­je­le­ri “Söh­bet­ler we ga­ra­ýyş­lar” di­ýen ki­tap­da be­ýan edil­ýär. Ki­tap akyl­da­ryň şä­girt­le­ri we onuň yzy­ny eýe­ri­ji­ler bi­len eden söh­bet­le­ri­ni we aý­dan gür­rüň­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar we bu ki­tap hy­taý nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň iň meş­hur 13 ese­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Kon­fu­si­niň tag­ly­ma­tyn­da yn­san­per­wer­lik mö­hüm dü­şün­je bo­lup, ol adam­la­ryň öz ata-ba­ba­la­ry­na, ýaş we de­re­je ta­ýyn­dan özün­den ulu­la­ra hor­mat goý­mak, hö­küm­da­ra we­pa­dar­lyk ýa­ly ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan eti­ki­le­riň we so­si­al ga­ra­ýyş­la­ryň je­mi­dir.

Kon­fu­si­an­çy­lyk aga­lyk edi­ji tag­ly­mat hök­mün­de yk­rar edi­len ma­ha­ly fi­lo­so­fyň özi hem “10 müň nes­liň” mu­gal­ly­my diý­lip yg­lan edil­ýär. Akyl­da­ryň tag­ly­ma­ty hy­taý ýa­şa­ýyş ter­zi­niň esa­sy­na öw­rül­mek­lik bi­len hy­taý si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň köp ba­bat­da ösen keş­be eýe bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Kon­fu­si­niň pä­him­le­ri

  • Nä­me göz­le­ýän­di­gi­ni bil­me­ýän adam, ta­pa­nyn­da-da, onuň nä­me­di­gi­ne dü­şün­mez.
  • Äh­li za­dyň gö­zel­li­gi bar­dyr, ýö­ne, mu­ny her kim gö­rüp bil­ýän däl­dir.
  • Ga­raň­ka nä­gi­le bol­ma-da, bir­je şem ýak!
  • Ga­py­ňy­zyň öňü­ni aras­sa­la­man, goň­şy­ňy­zyň üçe­gin­dä­ki ga­ra şi­ka­ýat et­mäň!
  • Oý­lan­man öw­ren­mek peý­da­syz­dyr, öw­ren­män oý­lan­mak howp­lu­dyr.
  • Al­ky­şy ses­siz-üýn­süz ka­bul eden adam, al­ky­şa la­ýyk adam­dyr.
  • Bir adam ýal­ňyş­lyk­la­ry­ny bi­li­bem dü­zet­me­ýän bol­sa, diý­mek, ola­ra öw­re­ni­şen­dir.
  • Be­ýik adam özü­ne akyl ýe­tir­jek bo­lar, pes adam öz­ge­le­re.
  • Bil­mek ada­my şüb­he­den, ýag­şy­lyk yza­dan, kes­git­li­lik gor­ku­dan ha­las eder.
  • Syp­jy­ry­lan al­maz syp­jy­ryl­ma­dyk daş­dan has go­wu­dyr.
  • Go­wy adam owa­dan gür­le­ýän adam däl-de, aýd­ýa­ny­ny amal ed­ýän ýa-da amal edip bil­je­gi­ni aýd­ýan adam­dyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Rene DekartGuşFutbol taryhynda iň köp gol çoklu uran oýunçylarFäjrAtçylyk sporty döwrüň batly gadamlaryndaHajy YsmaýylowMarsTürkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleriMöýler otrýadyParagwaýSeýdi etrabyImran HanIl Arslanyň aramgähiAhal-teke bedewleriHimiki elementleriň periodik ulgamyGüljemal hanIrlandiýaBeýik Ýüpek ýolyWengriýaÝüpekçilikPortugaliýaAngliýa XVII-XVIII asyrlardaKongo derýasyÄnew metjidiniň ansamblyAnnaberdi AtdanowIslami NakylTürkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamyPakistanBXX ASYRYŇ AÝAGYNDA TÜRKIÝEImanKabul welaýatyDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyAbortXX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegiKompýuter grafikasyAndlarRussiýa XIX asyrdaAbdyrahman Al-HaziniKöneürgenç türkmen döwletiGaýyAhal-teke atyRAk bugdaý etraby17 aprelOňurga ýiligiHazar goraghanasyBeýik ösüşlere barýan eziz WatanymyzHalkara atçylyk sport toplumyKel bagşySerhetabatDurdy GylyçAdam we biosfera20061-nji asyrBaskin-RobbinsFutbol boýunça klub dünýä çempionaty-2025Mihail Ýurýewiç LermontowMatallarAmyderýaEllinçilik döwletlerSerhetabat etrabyTejen derýasyDandanakan söweşiRussiýa-Türkmenistan gatnaşyklaryTäze ZelandiýaOmanGutlug Timuryň minarasyBilimLatyn AmerikasyBelokKuranInçekeselSalyrSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaTejenAhal welaýaty🡆 More