Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950

Ýyl-ýyl­dan tej­ri­be top­la­ýan we has gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge dyr­jaş­ýan FI­FA 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyny gu­ra­mak üçin 12 ýyl ga­raş­ma­ly bol­dy.

1950-nji ýyldaky Dünýä çempionaty Braziliýada bolup geçdi. BU geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatlaryp 4-njisidir.

FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-1950
Bäsleşigiň4-nji
GYSGAÇA
Kabul edýän ýurt:Braziliýa
Senesi:24 iýun - 16 iýul.
Toparlaryň sany:13
Meýydança(lar):6
SOŇKY WEZIPELER
Çempion:Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 Urugwaý
Ikinji orunda:Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 Braziliýa
Üçunji orunda:Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 Şwesiýa
Dördünji orunda:Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 Ispaniýa
STATISTIKA
Oýunlar:22
Maksatlary:88 (4)
Gatnaşmak:1.045.246 (47.511 oýun bilen)
Netijeli hüjümçi:Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 Ademir (9 gol)
ÖňkiIndiki
19381954

TARYHY

2-nji Ja­han ur­şy­nyň tur­ma­gy bi­len 1942-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny so­ňa go­ýan FI­FA bu çä­rä­ni 1946-njy ýyl­da-da ge­çi­rip bil­me­di. Se­bä­bi ur­şuň eme­le ge­ti­ren ýyk­gyn­çy­ly­gy köp wagt­lap do­wam et­di. FI­FA 1964-njy ýyl­da Lük­sem­burg­da ge­çi­ren ýyg­na­gyn­da 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny 1950-nji ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň uruş­dan çy­kan­ly­gy­ny, şol san­da soň­ky 2 bäs­le­şi­giň bu yk­lym­da bo­lan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da gur­a­ma­gy ma­kul gör­di. 1942-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň is­leg bil­dir­me­gi FI­FA-nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny diý­seň be­gen­di­rip­di we hal­ka­ra fut­bol gu­ra­ma­sy ola­ryň tek­lip­le­ri bi­len des­si­ne yla­laş­dy. As­lyn­da uruş baş­la­maz­dan öň 1942-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­ny Ger­ma­ni­ýa gu­ra­mak is­läp­di.

GATNAŞANLAR BARADA

Saý­la­ma tap­gy­ry­na je­mi 34 to­par gat­na­şyp, şo­la­ryň 14-si­ne Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­ýär. Ýer eýe­si Bra­zi­li­ýa bi­len soň­ky çem­pi­on Ita­li­ýa gö­nü­mel gat­naş­ýar. Saý­la­ma oýun­la­ryn­dan soň Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nan Tür­ki­ýe bi­len Şot­lan­di­ýa ýo­luň uzak­ly­gy se­bäp­li ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan bo­ýun tow­la­ýar. Ola­ryň or­nu­na ça­gy­ry­lan Por­tu­ga­li­ýa bi­len Fran­si­ýa hem ýa­ryş­da çy­kyş et­mek­den ýüz öwür­ýär. As­lyn­da Hin­dis­tan bi­len Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­jä gat­naş­ýar. Em­ma hin­dis­tan­ly fut­bol­çy­la­ryň aýak­ýa­la­ňaç oý­na­mak is­le­gi bi­len FI­FA yla­laş­ma­ýar. Soň­lu­gy bi­len olar fut­bol du­şu­şyk­la­ry­na gat­naş­ma­ýar. Fran­si­ýa bol­sa ýo­lag­çy­ly­gyň kyn bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, ahyr­ky pur­sat­da çem­pio­nat­da çy­kyş et­mek­den ýüz öwür­ýär. Wag­tyň az­ly­gy se­bäp­li baş­ga to­par­lar-da ça­gy­ry­lyp ýe­ti­şi­le­nok. Şeý­le­lik­de, Žul Rimeä­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky FI­FA-nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky 2-nji sy­na­ny­şy­gy-da gop­gun­ly baş­la­ýar. Ne­ti­je­de, 13 to­par Bra­zi­li­ýada jem­len­ýär we 4 to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär­ler.

TOPARÇADAKY OÝUNLAR BARADA

===1-NJI TOPARÇA===­

çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Bra­zi­li­ýa Mek­si­ka­ny 4–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Şweý­sa­ri­ýa bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan ýer eýe­le­ri “Ma­ra­ka­na­da” 142 müň jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 2–0 ha­sa­bynda ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär.

2-NJI TOPARÇA

2-nji to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy äh­li oý­nu­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­ýar. Olar ABŞ-y 3–1, Çi­li­ni 2–0 hem-de il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Ang­li­ýa­ny-da 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­ýar.

3-NJI TOPARÇA

3-nji to­par­ça­da gy­zyk­ly ge­çen du­şu­şyk­da Ita­li­ýa bi­len Şwe­si­ýa du­şuş­ýar we soň­ky çem­pi­on 3–2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär. Pa­rag­waý bi­len hem deň­me-deň oý­nan şwed­ler ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar.

4-NJI TOPARÇA

Iki to­par­dan yba­rat 4-nji to­par­ça­da Urug­waý Bo­li­wi­ýa­nyň to­ru­na jo­gap­syz 8 pök­gi gi­riz­ýär. Oýun­da Os­kar Mi­gu­ez 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. 

TOPARDAN SOŇRAKY OÝUNLAR

To­par­ça­da­ky oýun­lar­dan soň 4 ýy­gyn­dy fi­nal tap­gy­ryn­da, has ta­ky­gy, fi­nal to­par­ça­syn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Fi­nal to­par­ça­sy­nyň il­kin­ji oý­ny Urug­waý bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da bo­lup, ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­ýar (2–2). Bra­zil­ler üçin 1–2-nji du­şu­şyk­lar örän ýe­ňil geç­ýär. “Sam­ba­çy­lar” il­ki Şwe­si­ýa­ny 7–1 (Ade­mir 17, 36, 52, 58, Çi­ko 39, 88, Ma­ne­ka 85 – An­ders­son 67 p), soň­ra Is­pa­ni­ýa­ny 6–1 (Par­ra 15, ö.d., Ja­ir 21,Çi­ko 31, 55, Ade­mir 57, Zi­zi­nio 67 – Igoa 71) ha­sa­byn­da ut­ýar. Urug­waý Şwe­si­ýa­ny-da gar­şy­da­şy­nyň 2 ge­zek öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, kyn­lyk bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Şeý­le­lik­de, soň­ky du­şu­şyk­lar­dan öň Bra­zi­li­ýa­nyň 4, Urug­wa­ýyň 3, Is­pa­ni­ýa­nyň-da 1 oç­ko­sy bar, Şwe­si­ýa­nyň we­lin oç­ko­sy ýok. Ýer eýe­le­ri­ne çem­pi­on bol­mak üçin 1 oç­ko ýe­ter­lik.

FINAL

16-njy iýul­da ýer­li sa­gat bi­len 15:00-da baş­la­nan Urug­waý bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oý­na ang­li­ýa­ly Jorj Ri­der emin­lik ed­ýär. Bu aý­gyt­laý­jy du­şu­şy­ga to­ma­şa et­mä­ge we­lin 200 müň (kä­bir çeş­me­ler­de 216 müň) jan­kö­ýer ýyg­nan­ýar. Şol wag­ta çen­li äh­li du­şu­şy­gy­ny şow­ly ge­çi­ren bra­zilleriň ýygyndy­nyň çem­pi­on bol­jak­dy­gy­na ynam­la­ry diý­seň uly. Şu gün olar üçin uly baý­ram­çy­lyk bol­ma­ly­dy. Ýö­ne bol­ma­dy. Oý­na se­re­de­niň­de, bra­zil­le­riň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­ýar. Du­şu­şy­gyň 47-nji mi­nu­tyn­da Fria­ça ýer eýe­le­ri­ni ahy­ry be­gen­di­ren pök­gi­ni to­ra gi­riz­me­gi ba­şar­ýar. Şon­dan soň hem hü­jüm­le­ri­ni ýyg­jam­laş­dy­ran bra­zil­ler 66-njy mi­nut­da gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­le­riň bi­rin­de Hu­an Al­ber­to Şi­af­fi­no­nyň ta­kyk ur­gu­sy­na çä­re ta­pyp bil­me­ýär. Şol pur­sat­da sta­dio­ny gum-guk­luk gur­şap al­ýar. Bu pök­gü­den 13 mi­nut soň, has ta­ky­gy 79-njy mi­nut­da Al­si­des Gig­gia sta­dio­nyň at­mos­fe­ra­sy­ny has hem üýt­ged­ýär. Dy­myş­ly­ga bü­re­nen sta­di­on­da di­ňe myh­man­la­ryň be­genç­li ses­le­ri eşi­dil­ýär. Oý­nuň ga­lan­ja 11 mi­nu­dyn­da-da bra­zil­ler Urug­wa­ýyň der­we­ze­çi­si­ni ge­çip bil­me­ýär. Şeý­le­lik­de, uly baý­ram­çy­lyk or­nu­ny ýat­dan çyk­ma­jak gussa goý­ýar. Şol gün fut­bo­lyň hä­zir­ki iň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy üçin iň pa­jy­ga­ly gün­le­riň bi­ri bol­ýar.

GYZYKLY MAGLUMATLAR

Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da­ky 22 oýun­çy di­ňe 4 klub­dan (“S. Zwez­da”, “Par­ti­zan”, “Haý­duk”, “Di­na­mo Z.”) dü­zül­di. ABŞ bilen Iňlisleriň arasyndaky duşuşygyň netijesi Angliýada ýalňyş eşidilýär. 1–0 ha­sa­byn­da utan amerikanlaryň 10–1 hasabynda utulandygy habar berilýär. Munuň şeýle bolmagyna te­le­fo­nyň nä­saz iş­le­me­gi sebäp bolýar.

  • Hin­dis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy aýak­ýa­la­ňaç oý­na­mak is­le­ýär ýö­ne, FI­FA bu tek­li­bi ka­bul et­me­ýär. Şunlukda hin­di­ler ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan bo­ýun tow­la­ýar.
  • Du­şu­şyk­lar ýur­duň 6 şä­he­rin­de (Be­lo Ho­ri­zon­te, Ku­ri­ti­ba, Por­to Aleg­re, Re­si­fe, Rio de Ža­neý­ro, Sao Pau­lo) ge­çi­ril­di. Bra­zi­li­ýa­nyň “Ma­ra­ka­na­da­ky” oýun­la­ry­na 142 müň (Ýu­gos­la­wi­ýa), 138 müň (Şwe­si­ýa), 152 müň (Is­pa­ni­ýa) we fi­nal oý­nu­na 200 müň­den gow­rak (Urug­waý) jan­kö­ýer gat­naş­dy.
  • 1949-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň “To­ri­no” klu­bu­nyň oýun­çy­la­ry­ny gat­nad­ýan uçar he­läk­çi­li­ge uç­ra­ýar we klu­buň äh­li oýun­çy­la­ry ara­dan çyk­ýar. Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry hem şol to­par­dan bo­lup, soň­ky 2 ýa­ry­şyň çem­pio­ny bu bäs­le­şik­de şow­ly çy­kyş edip bil­me­ýär. Italýanlar Bra­zi­li­ýa uçar däl-de gä­mi bi­len ge­lýär.
  • Fi­nal tap­gy­ry­nyň oýun­la­ry Rio de Ža­nei­ro we Sao Pau­lo şä­her­le­rin­de oý­nal­dy.
  • 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty üçin gur­lan “Ma­ra­ka­na” sta­dio­ny çem­pio­nat­dan 8 gün öň 16-njy iýun­da açyl­ýar.
  • Fut­bo­lyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa il­kin­ji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy. * Bu çem­pio­nat­dan soň Dün­ýä ku­bo­gy­na res­mi ýag­daý­da Žul Ri­me ku­bo­gy di­ýil­ýär.
  • Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry sy­ýa­sy me­se­le­ler se­bäp­li gat­na­şyp bil­me­ýär. Final oýny toparça esasynda oýnalan ilkinji we iň soňky

Tags:

Futbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 TARYHYFutbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 GATNAŞANLAR BARADAFutbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 TOPARÇADAKY OÝUNLAR BARADAFutbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 TOPARDAN SOŇRAKY OÝUNLARFutbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950 GYZYKLY MAGLUMATLARFutbol Boýunça Dünýä Çempionaty-1950BraziliýaFI­FAFutbolFutbol boýunça Dünýä çempionaty

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Taryhy tapyndyly JeýtunKüştdepdiAşgabat şäherindäki 33-nji mekdepMukaddes Rim imperiýasyDünýä bölekleriDaşoguz welaýatyParagwaýSefewi döwletiNedir şaFerdöwsiHoja Ahmed ÝasawyGimalaýlarGök hanBiologik görnüşSaady ŞirazyDemirgazyk ada (Täze Zelandiýa)Beýik ösüşlere barýan eziz WatanymyzTowukGalaktikaTürk diliInwersiýaAwaza milli syýahatçylyk zolagyABŞ düzümindäki ştatlarSidneýFacebookHaramÇowdurMertebe mirasy—türkmen şaý—sepleri.PortugaliýaEziz hanIslami NakylParfiýa (Nusaý)Dünýäniň 7 täsinligiMongoliýa17-nji asyrHäzirki zaman dünỳäsinde Türkmenistanyň ornyAngliýaInformatikaFaustGökdepe urşyTürkmen Tagamlery, PalowOwganystanHimiki reaksiýaTürkmen elipbiýiAltyn Asyr GSMEýran Yslam rewolỳusiỳasyWekilbazar etrabyTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriJüneýit hanToponimikaGutlug Timuryň minarasyKongo derýasyMozahizmTürkmen edebiýatyÝupiterUnitar döwletTürkmençeMatallarOba hojalyk inženerligiÝertudanaBilly EilişLebap welaýatyAlp ArslanGün ulgamyGyrgyzystanYrakÇekimli harplarTürkmenistandaky etraplar we şäherlerJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)GarajaoglanMuhammet Jelaletdin RumyGökbogmaWi-fi tehnologiýasyOrhan I🡆 More