Öndüriji : Microsoft Durnukly goýberiliş: 3.0 (täze wersiýasy meýilleşdirilmeýär)
Görnüşi : Web-programma karkasy
Lisenziýasy : Hususy
==Active Server Pages (ASP)==, başgaça ady bilen Classic ASP ýa-da ASP Classic, dinamiki döredilýän web-sahypalar üçin Microsoft-yň ilkinji serwer skript işleýjisidir. Ol ilkibaşda Windows NT 4.0 Option Pack (1998 ý.) arkaly Internet Information Services (IIS)-e goşmaça hökmünde goýberildi, soňra bolsa, Windows Server-iň mugt komponenti hökmünde goşuldy (Windows 2000 Server-iň ilkinji goýberlişinden başlap). ASP-niň deregini ASP.NET tutýar.
ASP 2.0 alty sany yaýýar obýekti üpjün edýär: Application, ASPError, Request, Response, Server we Session. Meselem, Session üýtgeýänleriň ýagdaýyny sahypadan-sahypa üpjün edýän kuki esasly sessiýany görkezýär. Active Scripting işleýjisiniň Component Object Model (COM)-e bar bolan goldawy ASP websaýtlarynyň DLL-ler ýaly kompilýatiw kitaphanalarda funksionallyga girmegine mümkinçilik berýär. .asp faýl giňeltmeli web-sahypalar ASP ulanýarlar, emma käbir websaýtlar howpsuzlyk maksatlary sebäpli özleriniň skriptleýiş dillerini gizleýärler (mes. has giňden ýaýran .htm ýa-da .html giňeltmelerini ulanýarlar). .aspx giňeltmeli sahypalar kompilýatiw ASP.NET ulanýarlar (Microsoft-yň .NET Framework-iniň esasynda), bu bolsa, olary iş wagtynda interprirlenýän ASP serwer skriptindäkiden has çaltlaşdyrýar we güýçlendirýär; şeýle hem bolsa, ASP.NET sahypalary barybir käbir ASP skriptlerini öz içine alýan bolmagy mümkin. ASP.NET-iň ulanmaga girizilmegi esasy tehnologiýa üçin Classic ASP diýen terminiň ulanylmagyna getirdi. Programmaçylar aglaba ASP sahypalaryny VBScript ulanyp ýazýarlar, emma oňa derek islendik başga bir Active Scripting işleýjisini @Language direktiwasy ýa-da