Pele

Edson Arantes do Nassimento (Şablon:IPA-pt; 23/10/1940), Pelé hökmünde tanalýar (), hüjümçi hökmünde çykyş eden pensioner professional brazil futbolçysy.

Bu sportdaky ýazyjylar, oýunçylar we janköýerler bilen bir hatarda köpler tarapyndan adamzat taryhynyň iň beýik futbolçysy hasaplanýar. Ol 1999-njy ýylda Halkara futbol taryhy we statistikalary federasiýasy (IFFHS) tarapyndan asyryň oýunçysy saýlandy we FIFA asyryň oýunçysy baýragynyň şärikdeş ýeňijisi. Şol bir ýylda Pele Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan asyryň atletikaçysy saýlandy. IFFHS-a görä Pele dünýäniň iň öndümli liga bombardiridir, ol gaýryresmi ýoldaşlyk duşuşyklary we sapar oýunlaryny hem öz içine alýan 1363 oýunda 1281 gol urdy. Karýerasy dowam edýän wagtlary Pele iň köp gazanýan atletikaçydy.

Pele
Pele, 2008-nji ýyl

Pele 15 ýaşynda Santos futbol klubynda çykyş etmäge başlady we 16 ýaşynda Braziliýa milli ýygyndysynda çykyş etmäge başlady. Halkara karýerasy dowamynda ol 3 FIFA dünýä kubogynda ýeňiji boldy: 1958, 1962 we 1970. Ol bu sepgide ýeten ýeke-täk futbolçydyr. Pele Braziliýa milli ýygyndysy bilen 92 duşuşykda 77 gol urdy we Braziliýa milli ýygyndysy bilen iň köp gol uran futbolçydyr. Ol klub karýerasynda Santosyň iň öndümli golçysydyr we Santosyň 1962 we 1963 Kopa Libertadores-i gazanmagyna öňbaşçylyk etdi. 1977-nji ýylda pensiýa çykmagyndan soňra futbolyň bütindünýä ilçisi boldy we birnäçe dabarada ýer aldy. 2010-njy ýylda Nýu-Ýork Kozmos futbol klubynyň mertebeli prezidenti ykrar edildi.

Irki durmuşy

Pele 
1940-njy ýylda Tres Korakwes şäherinde doglan Peleniň adyna  bu şäherde köçe bar – Rua Edson Arantes do Nascimento. Şäherçede Peleniň heýkeli hem dikilen

Pele 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Três Corações, Minas Gerais şäherinde doguldy. Ol Fluminense futbolçysy Dondinhonyň ogludyr. Ol 2 doganyň ulusydyr. Ol Amerikan alymy Tomas Edison hormatyna atlandyrylan. Onuň ene-atasy "i" harpyny aýryp oňa "Edson" diýip at berse-de ony "Edison" diýip ýalňyş atlandyrýan resminamalar köpdür. Ol aslynda maşgalasy tarapyndan "Diko" diýlen lakam bilen çagyrylýardy. "Pele" lakamyny ol çagaka öz söýgüli Wasko Da Gama derwezebany Bileniň adyny Pele hökmünde ýalňyş tutmagy sebäpli aldy. Öz biografiýasynda Pele "Pele" sözüniň manysyny özüniň hem dostlarynyň hem bilmeýändigini aýtdy. Pele sözüniň Portugal dilinde manysy ýokdur.

Pele Sao Paolo ştatynyň Bauru şäherinde ýoksullykda önüp-ösdi.

Ýetginjeklikdäki futbol karýerasy

Pele ýetginjeklik ýyllarynda Sete de Setembro, Kanto do Rio, Sao Paulinýo we Amerkuinýa ýaly birnäçe öwrenje klublarda çykyş etdi. Pele Bauru ýetginjekler toparyny 2 gezek Sao Paolo ştaty ýetginjekler çempionatynda çempionlyga ýetmegine öňbaşçylyk etdi. 15 ýaşlary töweregi ol Radium atly futzal klubynda hem çykyş etdi.

Professional futbol karýerasy

Klub karýerasy

1956-njy ýylda Pele 15 ýaşyndaka Waldemar de Brito Peleni Santos futbol klubyna synaga eltdi we klub ýolbaşçylaryna "bu 15 ýaşly oglanjyk dünýäniň iň beýik futbolçysy bolar" diýdi. Pele Santos kluby bilen 1956-njy ýylyň Sentýabr aýynda şertnama baglaşdy. Pele Santos futbol kluby bilen 1974-nji ýyla çenli çykyş etdi, 19 möwsüm. Ondan soňra ABŞ-nyň Nýu-Ýork kozmos futbol kluby bilen şertnama baglaşdy we o ýerde 1977-nji ýyla çenli çykyş etdi.

Sepgitleri

Santos FK
  • Campeonato Brasileiro Série A (6): 1961, 1962, 1963, 1964, 1965, 1968
  • Kopa Libertadores (2): 1962, 1963
  • Intercontinental kubok (2): 1962, 1963
  • Intercontinental Superkubok: 1968
  • Campeonato Paulista (10): 1958, 1960, 1961, 1962, 1964, 1965, 1967, 1968, 1969, 1973
  • Torneio Rio-São Paulo (4): 1959, 1963, 1964
Nýu-Ýork kozmos
  • North American Soccer League, Soccer Bowl 1977
  • North American Soccer League, Atlantic Conference Championship: 1977
Milli ýygyndy

FIFA dünýä kubogy: 1958, 1962 we 1970.

Indiwidual
Santos
  • Kopa Libertadores bombardiri: 1965.
  • Paulisto çempionaty bombardiri (11 gezek): 1957, 1958, 1959, 1960, 1961, 1962, 1963, 1964, 1965, 1969, 1973.
  • Torneio Rio-São Paulo bombardiri: 1963.
  • Bola de Prata: 1970
Braziliýa
  • FIFA Dünýä kubogy iň gowy ýaş oýunçy: 1958.
  • FIFA Dünýä kubogy altyn topy (iň gowy oýunçy): 1970.
  • Kopa Amerika iň gowy oýunçysy: 1959.
  • Kopa Amerika bombardiri: 1959
Beýlekiler
  • FIFA Ballon d'Or Prix d'Honneur: 2013
  • Ballon d'or (7 gezek): 1958, 1959, 1960, 1961, 1963, 1964, 1970.
  • FIFA asyryň oýunçysy: 2000.
  • FIFA order of merit: 1984.
  • FIFA Centennial Award: 2004
  • FIFA 100 Greatest Living Footballers: 2004.
  • Günorta Amerika ýylyň oýunçysy: 1973.
  • France Football asyryň oýunçysy: 1999.

Rekortlary

  • Braziliýa milli ýygyndysy ähli wagtlaryň bombardiri: 92 oýunda 77 gol.
  • Santos FK ähli wagtlaryň bombardiri: 656 oýunda 643 gol.
  • Interkontinental kubogy ähli wagtlaryň bombardiri: 7 gol.
  • Iň köp hettrik: 92 gezek.
  • Guinnes rekortlary iň köp gol: 1281.
  • Iň köp FIFA Dünýä kubogy ýeňijisi: 3 gezek.
  • FIFA Dünýä kubogynda iň ýaş çempion: 17 ýyl 249 gün.
  • FIFA Dünýä kubogynda iň ýaş hettrik: 17 ýyl 244 gün.
  • FIFA Dünýä kubogynda gol uran iň ýaş futbolçy: 17 ýyl 239 gün.
  • FIFA Dünýä kubogy finalynda gol uran iň ýaş oýunçy: 17 ýyl 249 gün.

Futboldan soňrasy

Pele 
Pele, ABŞ prezidenti Ronald Reagan we Braziliýa prezidenti José Sarney
  • Pele 1994-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan ýagşy niýet ilçisi hökmünde wezipä bellenildi.
  • 1995-nji ýylda Braziliýanyň adatdan daşary sport ministri hökmünde wezipä bellendi. Futbolda korrupsiýany azaltmak maksatly "Pele kanuny" atly kanun hödürledi ministrlik möwritinde. Pele bu wezipesinden 2001-nji ýylda özi barada öňe çykan parahorlyk spekulýasiýalaryndan soňra boşadyldy bu spekulýasiýalar subut edilmedik we UNICEF tarapyndan inkär edilen hem bolsa.
  • 1997-nji ýylda Birleşen Şalyk şazenany tarapynda rysarlyk tituly bilen sylaglandyryldy.
  • Pele birnäçe eserler ýazdy, käbir filmlerde rol aldy.

References

Tags:

Pele Irki durmuşyPele Ýetginjeklikdäki futbol karýerasyPele Professional futbol karýerasyPele RekortlaryPele Futboldan soňrasyPeleAsyryň iň gowy futbolçysy baýraklaryIFFHS

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Oguz hanSuwAman KekilowGaragoýunly döwletiTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryMerezýelPitrer ŞiltonVK.comDawut pygamberKosta-RikaTürkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutySeýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyGyzyljaBeýni ýarym şarlaryBirleşen Milletler GuramasyTamdyrlamalarÄdäbBabadaýhan etrabyTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriEziz hanGörogly etrabyMaşatFilosofiýanyň taryhyGipotireozTäjigistanJomolungmaAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarNeptunGowşut hanBagtHäzirki zaman nanotehnologiýalaryAzerbaýjanMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyMarsGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriAkmaýanyň ýolyGadymy ÜrgençKöpetdagPi­ra­mi­da­ (binagärlik)TermosferaGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiNifäsTürkmenistan birinji jahan urşy ýylaryndaErmenistanmaldarçylykMicrosoft WindowsReý BredberiVajinismusTürkmen filmTürkmenistanyň Milli Sport we Syýahatçylyk InstitutyMaldarçylykAfrikaBereketli Garagum goraghanasyMälik şaÝarym adaLondonSaparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapOWGANYSTAN MESELESINIŇ DÖREMEGI WE ONUŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNA TÄSIRIJemi içerki önümBarbadosMurgap etraby1191Debbi RaýanJyns gatnaşyklaryGerodotАк öýKüştdepdiMaşgala kanuny (Yslam)🡆 More