Merkezi Aziýa

Merkezi Aziýa: Aziýanyň merkezi sebiti.

Ol günbatarda Hazar deňzinden gündogarda günbatar Hytaýyň serhetlerine çenli uzaýar. Ol demirgazykda Russiýa bilen we günortada Eýran, Owganystan we Hytaý bilen serhetleşýär. Merkezi Aziýa öňki Sowet respublikalary bolan Gazagystany, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany we Täjigistany öz içine alýar.

Merkezi Aziýa
Merkezi Aziýa

Sebit demirgazykdan günorta 4,2 müň km, günbatardan gündogara çenli bolsa 5,6 müň km-e ýaýylyp gidýär.

Merkezi Aziýa taryhy taýdan çarwa adamlar we Ýüpek Ýoly bilen baglanyşdyrylýardy. Ol Ýewropanyň, Günbatar Aziýanyň, Günorta Aziýanyň we Gündogar Aziýanyň arasynda adamlary, harytlary we pikirleri ýöredýän çatryk hökmünde gulluk edip geldi. Ýüpek Ýoly musulman ýerlerini Ýewropaly, Günorta Aziýaly we Gündogar Aziýaly adamlary birleşdirdi. Bu çatrygyň ýerleşen pozisiýasy tireçilik bilen däp-dessurçylygyň we modernizasiýanyň arasyndaky konflikti güýçlendirdi.

Yslamdan öňki we yslamyň irki döwürlerinde Merkezi Aziýa Eýrana degişlidi we ilaty Gündogar eýran dilli Baktriýalylar, Sogdianlar, Horezmlilerdi. Türkileriň ýaýramasy bilen Merkezi Aziýa gazaklar, özbekler, tatarlar, türkmenler we uýgurlar üçin hem mekana öwrüldi; sebitiň aglaba böleginde türki diller eýran dilleriniň ýerini tutdy.

XIX asyryň ortalaryndan XX asyryň soňlaryna çenli Merkezi Aziýanyň uly bölegi Rus Imperiýasynyň, soňam Sowet Bileleşiginiň, bölegidi.

Merkezi Aziýanyň (2019) 72 milliona golaý ilaty bar we ol öz içine bäş ýurdy alýar: Gazagystan (ilaty 18 million), Gyrgyzystan (6 million), Täjigistan (9 million), Türkmenistan (6 million) we Özbegistan (33 million).

Esasy şäherler

Çeşmeler

Tags:

GazagystanGyrgyzystanTäjigistanTürkmenistanÖzbegistan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

PedikulýozAwestaKöriçegeAýalCSSMozahizm21 aprelTürkmençeTürkmen gelin toýyAgahan DurdyýewOrazaSudanUrugwaýAIDSTürkmençe WikipediýaÖküz soguljanyGurbandurdy GurbansähedowKubaTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyNurmuhammet AndalypMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiKompýuterBuluçlarGökleňPsihologiýa düzgünleri we gurluşyIII. Jahan urşyImran HanAlgebraMähramNatural sanlarÄrsary taýpasyEne süýdiKuweýtDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerMineral baylyklarMadagaskarIslam kalendaryIgdirGaraşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşiGozleÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçNedir şaWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiOňurga ýiligiYsly çomuçGoşa ýyldyzlarBalkan DaglaryBeýik Seljuk Türkmen döwleti Mälik şa döwründe19-njy asyrSeýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyDöwletmämmet AzadyAltymyrat OrazdurdyýewMollagara şypahanasyGünorta-Gündogar AziýaTürkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyHalkara Matematiki adalgalarNury BaýramowTürkmen halysyGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyÄnew medeniýeti - ak bugdaýyň WatanyPnewmoniýaGerodotBaba AnnanowKüştdepdiBalkan welaýatyWikipediýaJenaýat we jezaJelaleddin MeňburunIňlis diliAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarMuhammet BazumTürkmenistanyň gözel tebigatyOguz han🡆 More