Telewizor:

1884-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Paul Nipkow mehaniki telewideniýäniň esasyndaky ýeňil­räk enjamy - Nipkowyň diskini oýlap tapypdyr.

Taryhy

1907-nji ýylda Dikman ölçegi 3х3 sm, ýigrimi setir ekranly we ýygylygy towlap ulaldylýan 10 kadr/s telepriýomnigi görkezipdir.

1911-nji ýylyň maý aýynda Rus tehniki jemgyýetiniň maslahatynda Rozing ýönekeý geomet­rik şekilleriň telewizion şekillerine geçişini we olaryň elektron şöhle trubkaly ekranda alnyp görkezilişininiň usullaryny görkezipdir. Geçirilen şekiller gymyldysyz, ýagny hereketsiz bolup­dyr.

1908-nji ýylda ermeni oýlap tapyjysy Owanes Adamýan signallary geçirmek maksady bilen oýlap tapan enjamy üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol “Geýsleriň trubkasynyň ýagtylyk yrgyldy­synda ossilograf aýnasynda şöhlenenen ýagtylyk toplumjygynyň çäkli yrgyldylaryny üýtget­mek üçin ulanyşa taýýarlanmagy” barada bolup, ygtyýarnama almak üçin arza 1907-nji ýylda berlipdir. Soňra ol şonuň ýaly ygtyýarnamalary Beýik Britaniýada, Fransiýada we Russiýada alypdyr.(“Aralykdan elektrik arkaly geçirilen şekiller üçin priýomnik” 1910). 1918-nji ýylda Adamýan Russiýada ilkinji bolup, telewideniýäniň ösüşinde uly ädim bolan gymyldamaýan ga­ra-ak şekilleri görkezmäge ukyply enjamy ýygnapdyr.

1925-nji ýylda şotland oýlap tapyjysy Jon Loji Berd ilkinji gezek Nipkowyň diskini ulanyp, here­ket edýän şekilli telewizion geçirilişi görkezipdir. 1920-nji ýylyň ahyrynda onuň esaslandyran “Baird Corporation” şereketi dünýäde ýeke-täk telewizor öndüriji bolupdyr.

B. Rozingiň şägirdi W.K. Zworykin elektron telewideniýesiniň tehnikasynda hakyky öňe gidiş­lik gazanypdyr. Ol rewolýusiýadan soňra Amerika göçýär we bu ugurda işleýär. Ol 1923-nji ýylda bütinleý elektron esaslardan ugur alýan telewideniýäniň üstünde işläp başlapdyr. Ol 1931-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek “Ikonoskop” atlandyrylýan mozaiko fotokatodly geçiriji elektron turbany döredip, elektron telewideniýäniň ösüşiniň esasyny goýupdyr.

Şekilleri optiki – mehaniki ulgamda ýaýlyma bermek bilen yzygiderli telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elektron esaslarda ilkinji yzy­giderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýa­da, Italiýada we Fransiýada başlapdyr. Gepleşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çykmak 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada başlapdyr.

Eger-de 1947-nji ýylda ABŞ-da 180 müň töweregi telewizor bolan bolsa, 1953-nji ýyla çenli onuň sany 28 milliona çenli artdy. (ýagny her ikinji maşgalada telewizor bardy). Bazar 6 ýylyň içinde gara-ak telewizorlardan dolupdy we amerikanyň radiosenagaty halk köpçüligi üçin ni­ýetlenen täze haryt döretmek maksady bilen reňkli telewizorlaryň üstünde çynlakaý işläp baş­lady.

NTSC ulgamy işläp bejerilenden we döredilenden soňra, 1953-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli reňkli telewizion gepleşikler berlip ugrady. Şonda hem reňkli telewizorlar peýda boldy. Şol dö­würde onuň ortaça müň dollar töweregi bahasy bardy, (awtoulagyň bahasynyň ýary), oňa hyzmat etmek bolsa, bir ýylda çen bilen ýene-de şonça baha baryp ýetýärdi. Mysal üçin, hep­dede diýen ýaly hünärmenleriň gelip, sazlap gitmegini talap edýärdi .

Şonuň üçin, ABŞ-da reňkli telewizorlar diňe 12–15 ýyldan soň, giň halk köpçüligi üçin öndüri­lip başlanypdyr. (diňe 1966-njy ýyla çenli ilkinji 10 million reňkli telewizor satyldy). Şonuň ýaly hem ýapon radiosenagaty ABŞ-yň bazary üçin arzan reňkli telewizorlaryň önümçiligini tiz ýola goýdy.

Öňki SSSR-de yzygiderli telegepleşikler 1939-njy ýylyň 10-njy martynda başlapdyr. Bu ýurt­da telewizor önümçiligi 1932-nji ýylda ýola goýlan hem bolsa, ilkinji sowet telewizory 1940-njy ýylda öndürilip, “KWN–49” atlandyrylypdyr. Eýýäm 1957-nji ýylda öňki Soýuzda telewizorlaryň sany bir milliondan geçýärdi. Reňkli telewizorlar 1958-nji ýylda öndürilmäge girişilse-de açyk satuwda bolmandyr. Netijede, 1958-nji ýylda ozalky SSSR bilen Fransiýanyň arasynda reňkli telewideniýe babatda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilýär we giň halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji reňkli gepleşik 1967-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýaýlyma berlip başlanýar. Il­kinji reňkli telewizorlar hem Fransiýadan satyn alnypdyr.

“Rubin – 401” SSSR-de ilkinji reňkli telewizordyr. (1967). Onuň has köpçülikleýin öndürilen görnüşi “Rubin – 714” 1976-njy ýylda çykarylypdyr. 70 – 80-nji ýyllardan soň gara-ak reňkli telewizorlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan reňkli telewizorlar eýeläp başlaýar. 1980-nji ýylyň ahy­rynda öňki SSSR-iň ilatynda eýýäm 50 milliondan gowrak reňkli telewizor bardy. Çen bilen 1990-njy ýyllara çenli telewizorlar başdan-aýak kinoskopyň esasynda (elektron şöhle trubka­sy) ulanyldy. Ýöne şu döwürde kinoskoplar hem bütinleý kämilleşip, tekiz ekranly telewizorlar öndürilip başlanypdy.

XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekranly telewizorlar köpçülikle­ýin öndürilip ugrady. Häzirki zaman telewizorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çykdy. 2010-njy ýyl­dan soň, telewizion priýomnikleriň mundan buýanky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewi­zorlar has ileri tutulyp başlandy.

Salgylanmalar

Çeşme: zaman gazeti

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Durdymyradow Kerim HajyýewiçNamazAdam we biosferaTäze ZelandiýaMähri PirgulyýewaKompýuterKongo Demokratik RespublikasyÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerProgramistWolgaAltyn Asyr gündogar bazary25 iýunMain PageElektrik generatoryFTSE 100Muhammet Jelaletdin RumyDurdy BaýramowDagAhunBagşyJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)1957Maýa KulyýewaI.M. Gubkin adyndaky Russiýa Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki ŞahamçasyMeksikaTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryGaraşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmelerYsly çomuçDöwletlerAsman jisimleriSoltan Sanjar mowzeleýiGün (ýyldyz)SportAlp ArslanMitridat IEkwadorBelarus döwlet uniwersitetiAta SalyhGoraghanalarBagyr keseliGobi çöli1399Türkmen bedewleriniñ şaý-sepleriTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriSyýahatçylykAppleTürkmenistanyň ''Daýhanbank'' döwlet täjirçilik bankySöz toparlaryAfrikaGazawat gyrgynçylygyJeren HalnazarowaHalyl KulyýewWenesuelaMurgap etrabyParfiýa (Nusaý)Ata GowşudowMarguş - MargianaAlyşir NowaýyGyzyl kitapÖwlatEýrandaky 1905-1911-nji ýyllaryň wakalaryBägül güllüler maşgalasy17-nji asyrMary welaýatyKanadaTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriMont-rasTel AwiwGarynjaAlmaBahreýn🡆 More