Suw

Suw (hidrogen oksidi) — binar organiki däl birleşme, himiki formulasy Н2O.

Suwuň molekulasy öz aralarynda kowalent baglanyşyk bilen birleşýän iki sany hidrogen we bir sany kislorod atomyndan ybaratdyr. Ol adaty şertlerde dury suwuklyk bolup durýar, onuň reňki (kiçi göwrümde), ysy we tagamy bolmaýar. Onuň gaty ýagdaýy buz, gar ýa-da gyraw diýlip, gaz görnüşli ýagdaýy bolsa, suw bugy diýlip atlandyrylýar. Suw suwuk kristal görnüşinde hem bolup bilýär (gidrofil ýerlerde) Ýer ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km2) suw (okeanlar, deňizler, köller, derýalar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 %-ini Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we batgalyklardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol oba hojalygy we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. Süýji suwuň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.

Suw
Suw
Ýer ýüzüniň 71 %-i suw bilen örtülendir

Ol oňat güýçli polýar erediji bolup durýar. Tebigy şertlerde hemişe özünde erän maddalary (duzlar, gazlar) saklaýar.

Suw Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň döremeginde we dowam etdirilmeginde, janly organizmleriň himiki gurluşynda, klimatyň we howanyň formirlenmeginde uly ähmiýete eýedir. Ol Ýer planetasynda ähli janly jandarlar üçin iň möhüm madda bolup durýar.

Suw tebigy ýagdaýda

Suw – ýaşaýan palanetamyzda iň köp ýaýran organiki däl birleşme bolup, tebigatda suwuk, gaty, gaz halynda saklanýar. Suw ähli ýaşaýyş hadysalarynyň esasydyr, fotosintez hadysasynda kislorodyň ýeke-täk çeşmesidir. Suw diňe bir suw toplumlarynda däl-de, howanyň we topragyň, ähli janly-jandarlaryň düzüminde, umuman, biosferanyň ähli çäklerinde saklanýar. Janly organizmler özleriniň biomassasynda 80-90%-e çenli suwy saklaýar we onuň 10-20%-iniň ýitirilmegi ölüm howpuny abandyrýar.

Tebigy ýagdaýda suw hiç haçan goşyndysyz bolmaýar. Onda ergin halynda dürli gazlar we duzlar, gaýmalaşýan gaty bölejikler saklanýar. 1 litr süýji suwuň düzüminde 1 grama çenli duzlar bolýar.

Goşmaça okamak üçin

Salgylanmalar

Salgylanmak üçin materiallar

Makalalar

name of the bot
{{{bot}}}
Programming language
[[{{{programming language}}}]]
name of operator
[[{{{operater}}}]]
activities
{{{activities}}}
contact page
{{{contact}}}
Emergency bot shutoff button
Administrators:
Use the button if the bot is not working properly.

Tags:

Suw tebigy ýagdaýdaSuw Goşmaça okamak üçinSuw SalgylanmalarSuwAntarktidaAtmosferaDerýaDeňizGrenlandiýaMolekulaOba hojalygyOkeanÝer

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Şabat etrabyÝagtylyk ýylyEneolit döwriÄnew medeniýetiAlbert EýnşteýnMongoliýaKiçi Balkan dagyWenesuelaTürkmenistanyň adalat ministrligiSportTürkmençe WikipediýaDeňizMähramOksford uniwersitetiAl-FarabyMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekMekgeSüýjülik (kesel)Filosofiýanyň taryhyMerjenlerÇekimsiz harplarMurgap derýasyMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDERaketaEdebiýatDümewMarguş - MargianaGajarlar döwletiTagtabazar etrabyIspaniýaKerim GurbannepesowGyzyl kitapMaýa KulyýewaSeýitnazar SeýdiTürkmen halkynyň kemala gelmegiFutbol boýunça dünýä çempionaty-1950Jemi içerki önümPolşaTürkmen alabaýy19-njy asyr633KüştdepdiGwatemalaGadymy Merw - müňýyllygyň şaýadyGurbandurdy GurbansähedowGünorta AziýaBrusellýozRejep BazarowÇernogoriýaKömekçi sözlerMerkuriýWilýam ŞekspirAwstraliýaNikaIňlis diliSarahs söweşiBalkanabatÝuwaş gelin (film)BaýkalPagtaSowuk uruşBeýik Seljuk Türkmen döwletiTürkmenistanyň gerbiAlmaZehin synagyMöýler otrýadyBeýik Ýüpek ýolyKompýuterNurmuhammed AndalypGollandiýaTrapesiýa🡆 More